«Rentgeniň» döreýşi
Biz hemmämiz ömrümizde iň bolmanda bir gezek rentgene düşüp görendiris. Emma onuň açylyşy we taryhy barada bilýän az. geliň onuň taryhyna seredeliň.
1895-nji ýylda Wilgelm Konrad Rentgen tebigata belli bolmadyk görünmeýän şöhleleri açdy. Alym oňa «iks şöhleleri» diýip ýönekeýje at dakdy. Bu ajaýyp
açyşy üçin oña 1901-nji ýylyň dekabr aýynyň 10-na ilkinji Nobel baýragyny gowşurýarlar. Rentgene o baýrak fizikada özüniň adyny göterýän şöhläni açanlygy üçin berildi. Geljek onuň dogry ýol saýlandygyny tassyklady: ajaýyp açyşlaryn zynjyry hut Rentgenin işi
bilen başlanýar, ony Rezerford fizikanyň taryhynda «Döwrün gahrymany» diýip atlandyrdy.
Rentgen açyş eden wagty 50 ýaşyndady. Ol dogry pikirliligi, özbaşdak garaýşy bilen beýlekilerden tapawutlanmagy başarýardy. Alym 1845-n ji ýylda Germaniýanyň Lenner şäherinde dogulýar. 1869-njy ýylda Sýurih uniwersitetinde filosofiýanyň doktory diýen ylmy derejäni alýar. Ondan soňra 20 ýylyň dowamynda birnäçe uniwersitetletde işleýär. Rentgen şol wagtdaky 25 uniwersitetiň professorlarynyň arasynda in abraýly
professor diýlip ykrar edilýär.
Ol Rudolf Klauziusyň hem-de belli nemes fizik-teribeçisi Awgust Adolf Kundtyn okuwçysydy. Görükli rus fizigi Pýotr Nikalaýewiç Lebedew we Boris Borisowiç Golis, nemes fizigi Maks Win, akademik Abram Fýodorowiç Ioffe onuň mekdebini geçdiler. Adamzat jemgyýeti ony çuňňur hormatlap, onun «iks
şöhleleri » diýen ajaýyp açyşyny «Rentgeniň şöhleleri » diýip atlandyrdylar. Alym özünin açan șöhleleriniň kömegi bilen lukmançylykda ilkinji gezek kesel anyklamagy hem-de adamyň bedenini fotosurata düşürmegi ýola goýdy.
Rentgen açyş eden wagtynda katod şöhleleriniň tebigatyny bilmeýärdi. Onuň açyşlaryndan iki ýyl geçensoň katod șöhleleri onuň düýbünden şöhle däl-de, elektronlaryn akymydygy iňlis fizigi Žozef Žohn Tomson tarapyndan 1897-nji ýylda subut edilýär we oňa elektrony açanlygy üçin 1906-njy ýylda Nobel baýragy berilýär.
Alym öz laboratoriyasynda gije gündiz işläp, her dürli tejribeleri, barlaglary geçirip görüpdir. Rentgeniň açyş eden
gijesi 1895-ni ýylyň noýabr aýynyň sekizidi. Şondan soňra Rentgen elli gije-gündiziň dowamynda bu hadysany uly güýç sarp edip, täzeden barlag geçirip anyklaýar. Haýran ediji täze görnüşli yokary geçirijilik ukyby bolan şöhläni açanlygyna düşünýär. Alymyň synag geçirmek üçin ulanan
gurallary we enjamlary, uzak yyllaryň dowamynda köp sanly işdeş ýoldaşlarynyň ulanan, olaryň elinden geçen enjamlar. Rentgeniň ýüze çykaran şöhleleri diwaryň içinden geçip, görünmeýän zatlary görmäge mümkinçilik berdi.
Alym açan şöhleleriniň adyny özünin ady bilen atlandyrylmagyna garşy çykypdyr.
Ol örän oñat mugallym bolupdyr. Öz okuwçysy we hormat goýyan işgäri, geljekki akademik A.F.Loffe halypalyk edip, ony belli fiziklerin hataryna goşmagy başardy. Ol hem öz gezeginde tutuş döwürdeş alymlaryny ösdürip, terbiýeläp yetişdirdi.
Rentgen özünin ömrüni nusgawy fizika bagyş etdi. Onun açan täze görnüşli șöhleleri kwant fizikasynyň ösüşinde başlangyç nokat bolup, atom we ýadro
Fizikasynyň ösüşine alyp bardy. Rentgen şöhleleri açylandan ýarym ýyl geçensoň, onun tebigaty anyplanyp ýörkä, radioaktiwlik açyldy. Bir ýyl geçensoň
radioaktiwligin kömegi bilen elektron açyldy. Rentgen şöhleleriniň açylmagy fizikanyň taryhynda ajaýyp hadysa boldy.