tmyigit76
27.10.2023 11:13

Sary aganyň gürrüňlerinden


Meşhur kino ussady Alty Garlyýew «Aýgytly ädim» kinosynyň agramly bölegini Tejen sebitlerinde düşürensoň, onuň köpçülikleýin sahnalaryna şol töweregiň adamlarynyň birnäçesi gatnaşypdyr. Ol adamlar kinoçylaryň durmuşy, iş usullary barada köp gürrüňler bererdiler. Esasan hem, Alty Garlyýew bilen artist Sary Garryýewiň arasyndaky gürrüňleri soň-soňlaram höwes bilen ýatlardylar. Sary Garryýewiň Çyna berimsiz gürrüňleri adamlary gyzyl-gyran eder eken.



«Türkmen Mýunhauzeni»


Bir gezek ol bir topar adamyny daşyna ýygnap, Moskwa okuwa gidende synagdan geçişini gürrüň beripdir.

- Kulikowa meýdanyndaky söweş barada soranlarynda nädendir öýdyäňiz?

«Garymda dürbi bilen töweregi synlap ýatyrkam, arka tarapdan gelen serkerdeler murtumy görüp, meni generallarydyr öýdüp, sazanaklap dursalar nätjek» diýdim welin, mugallym: «Garryýew, Kulikowa söweşi aňyrrakda boldy. Siz ony gördüňizmikäňiz?» diýip, ýüzüme çiňerildi. Men oňa:

«Päheý-de weli, Berlin söweşini gören adama ynanmazçylyk etjek bolýaňmy?» diýdim welin dymdy duruberdi.

Sary aganyň gürrüňlerini gapdalda diňläp duran Alty GarIyýew: «Sary aga hakyky türkmen Mýunhauzenidir, munuň

ýanynda müşgil zat bolmaz» diýip söze goşulypdyr.


⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑


Surata düşürilýän meýdança ýygnanan artistler her gün diýen ýaly özleriniň halys ýadaýandyklary barada zeýrenipdirler. Bir gün ir bilen Alty Garlyýew iki gazan nahar atarmagy buýrup şeýle diýipdir. Şu günem bir gaýrat edip, ýadawlygy

unudyp işläliň. Onsoň Aýnany durmuşa çykaryp, toý etjek. Muny eşiden Sary Garryýew hemmelerden öňürti «ýörüň-yörüň- diýip oglanlary oturtmandyr. Surata düşürmek işi

şol gün gaty şowly bolupdyr. Asyl wagtyň nähili geçeni hem bildirmändir. Gün öýleden agyberende, içi gorlup başlan

Sary aga Alty Garlyýewe ýüzlenipdir:

- Alty jan, nätdiň-aý muny, edil Garry ataň el ýuwduryşy ýaly edäyýdiň-le.

- Sary aga, nahar taýyn, ýöne Aýnany kime berjegimi bilemok diýip, Alty Garly oýunlyga salypdyr.

Şonda Sary Garryýew murtuny sypap:

-Alty jan, Aýnany kim alsa şol alsyn, toýa bir başlalyň - diýipdir.


⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑⭑


- Sarahsda kino surata düşüp ýörkäm «Haýal etmän Aşgabada gelmeli» diýenlerinde nädendir öýdýäňiz?- diýip,

Sary Garry töweregindäkilere gabak astyndan garapdyr. Oturanlar «lndi näme gep taparka?» diýip, gülmäge häzirlenip başlapdyrlar.

-Näme o mahal direnip duran ulag barmy? Girdim onsoň Tejen derýasyna. Suwa çümşüme ýüzüp başladym welin, balyklar agyzlaryny öweldip galyberse nädersiň. Kelläm gaty gyzandyr-da, tas Tejeniň duşundan geçen ekenim. Entegem kelläm derýanyň üstünden geçýän demir köprüniň ütünine degensoň bilip galdym aňry gitmeli däldigini. Soň şo ýerdn ulaga münüp, Aşgabada gaýtdym. Ynanmasaňyz Alty Garlydan soraýyň. Sary Garra belet Alty aga mylaýym ýylgyryp:

- Sary Garry özüne şaýat bolmagy öňýetene ynananok -diýip yylgyrypdyr.

39
163
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.