Atlar we familýalar barada gyzykly maglumatlar
✅ Atlar baradaky ylym «onomastika» diýlip atlandyrylýar.
✅Gadym döwürlerde çaga dünýä inen badyna at goýulmandyr. Her kim öz adyny özİ gazanmaly bolupdyr. Bu ýagdaý orta asyr türkmen edebiýatynynda-da duş gelýär.
✅ Orta asyrlarda Siriýada aýallaryň düýbünden ady bolmandyr. Olara ýöne
kimiňdir yanýoldaşy, kimiňdir biriniň ejesi, aýal dogany, gyzy diýipdirler.
✅ XVIll asyrda Ispaniýada ýönekeý dworýanlar alty sözden ybarat ada eýe bolan bolsalar, köşk emeldarlary bolan grandlar on iki sözden durýan
we iň ýokary gatlak eýeleri bolsa ondan hem köp sözli at bilen atlandyrylypdyr.
✅ Ispaniýada uzyn at dakmak ýörgünlidir. Muňa mysal hökmünde meşhur ispan suratkeşi Pablo Pikassony görkezip bolar. Onuň doly ady : Pablo Diego Jose Fransisko de Paula Juan Nepumuceno Maria de los Remedios Cipriano de la Santisima Trinidad Ruiz y Pikasso.
✅ Hazirki wagtda Ispaniýada iň köp duş gelýän atlar Antonio we Maria Karmeldir
✅ Familiýa-atasynyň ady baradaky düşünje ilkinji gezek gadymy Rimde peýda bolýar. Şol döwürlerde jaýlaryň tertip belgileri familiýa hökmünde kabul edilipdir. Şondan soňky geçen müňýyllyklaryň dowamynda bolsa bu ýörelge tutuş Ýewropa döwletlerine ýoň bolýar.
✅ Hindistanda çaga at dakmakda gadymdan gelýän däplere uýýarlar. Şol güni ata-enelere jedel etmeklige rugsat berilýär. Olaryň hersi bir sany şemi yakýar we ýanyp gutarýança gözegçilik edýär. Kimiň şemi uzak wagtlap ýansa, şol hem çaga at dakmak hukugyna eýe bolýar.
✅ Sibirde Ladžen atly bir gyz bar. Bu at hiç bir döwletde, hiç bir sözlükde duş gelmeýär. Bu adyň manysyny diňe gyzyň ata-enesi we ýakynlary bilýär. Mälim bolmagyna görä, heniz çaga dogulmanka atasy ogula garaşýar. Ýöne gyz dünýä inýär. Şonda onuň kakasy «Ne ždal»
sözüni tersine öwrüp Ladžen diýip, gyzjagaza at goýýar.
✅ Türkiýäniň Barzan obasynyň ýaşaýjylary onçakly kän däl. Bu ýerdäkileriň ählisi diýen ýaly bir-birini tanaýarlar. Emma obadaky Mustapa
Weýşalyň adyna gelen haty hat gatnadyjy
radioeşitdirijiniň üsti bilen okap berip, kime degişlidigini anyklaýar. Çünki bu obadaky adamyň ady Mustapa Weýsal eken.
✅ Türkiýede iň köp dakylýan at Mehmet hasaplanýar. Iň köp duş gelýän familiýa bolsa Ýilmaz hasaplanýar. Resmi habarlara görä bu familiýany 1 mln 580 müň 313 kişi göterýär.
✅ Londonda hatda Taksi diýen familiýa hem bar. Onuň öýünde gije-gündiziň dowamynda telefon sesi ýaňlanyp durýar. «Bayramçylyklarda, aýratyn hem Täze ýyl gününde maňa juda kyn» diýip, jogap berýän bu familiýanyň eýesi sözüni şeýle dowam edýär: «Meniň maşgalam 800 ýyl bäri şu familiýa bilen tanalyp gelyär. Men öz familiýamy üýtgetmek islemeýärin».
✅ ABŞ-daky bir ýaşaýjynyň familiýasy 1069. Birnäçe ýyl mundan ozal oña Mihail Gerbert Dengler diýýärdiler we ol Germaniýada yaşaýardy. Amerikanyň raýatlygyny kabul edeninden soňra
bolsa, ol öz familiýasyny üýtgetmekligi ýüregine düwýär we familiýasy üçin hem sanlary saýlaýar. lIki başda ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan oňa garşylyk görkezilýär. Ikitaraplaýyn uzaga çeken
çekişmeden soňra belli bir karara gelinýär. Netijede onuň islegini kanagatlandyrylýar. Ýöne familiýasyny sanlarda däl-de harp bilen «bir nol
dokuz alty» diýip yazmaly edilýär.
✅ Burkino-Fasoda ol ýa-da başga bir adamyň şahsyýetini anyklamak üçin pasport soramak hökman däl. Bu ülkede anyklanmagy zerur bolan adamy onuň ýüzüne çekilen nagyşlardan bilyärler.
✅ Dünýäde iň köp ulanylýan aýal ady Sofiýa we Anna hasaplanýar.
✅ Dünýäde 150 million adam Muhammet adyny göterýär.
✅ Soňky döwürlerde dünýäde üç harply atlar köp ulanylýar. (Gyzlara: Ana, Eva, Noa, Mar Oglanlara: Pau, Jon, Pol, Leo ,Jek Yan)
Meşhur adamlaryň hakyky atlary:
Jeki Çan - Çan Kunsun
Muhammed Ali- Kassius Marsellus Kleý
Anna Ahmatowa - Anna Gorenka
Pele - Edson Arantis de Nasimentu
Şakira - Izabell Mebarak Ripoll
Tom Kruz - Tom Meypoter
"Bryus Li — Li Yuyen Kam (Lee Yuen Kam)."
Mark Tven — Semyuel Lengxorn Klemens.
(Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy)