tmyigit76
13.10.2023 09:26

Döwrüň meselesi (Enäniň adyny sögünçlerde ulanýan nadan ýaşlara)




Pikirler ummanynda gulaçlap,

Käte-käte agyr oýa batylýar.

Bize ak süýt beren enäniň ady,

Näme üçindir sögünçlerde tutulýar.


"Emma, welin, ýöne, bilen, hem"... ýaly

Baglaýjy sözleri bir ýere jemläp.

Iki sany ýigit gelýär köçeden,

Iki sözüň biri ejeň-ejeňläp.


Paýyş söz içine sygan enäniň,

Hany keramaty, hany hormaty.

"Eje" diýse göýä söýüljek ýaly,

Gaýta sögünçlerde ykjam ornady.


Şeýle sögünçleriň ýaýbaňlanmagy,

Döwrümizde iň derwaýys mesele.

Bu ýagdaýyň almasak biz öňüni,

Dowam eder ol nesilden - nesile


Geliň doslar, bu gözgyny ýagdaýa,

Jemleşip guralyň biz böwedi.

Göz öňüne gelip dursun enäniň,

Ak süýdi, ekläni hem-de öwüdi


Baky Amanýaz

38
132
futbol
14 Oktýabr 2023
@kowser, ++++👏🏻
tmyigit76
13 Oktýabr 2023
Gaýybana oglanlara gaharlanýasda 😀😏
arazowa
13 Oktýabr 2023
Olan guýji dilinde
ilhano_va
13 Oktýabr 2023
Boş çişen bolup erkekdir oydup ýören erkeksumaklar,iliň ejesine, doganyna güýji yetya 😏😏
dmoo
13 Oktýabr 2023
Dogry köp oglanlar binamyslyk edýäde diýlen ýerinde biraz namys edip agzyna urup dursaň soň gaýtalamazdylar
arazowa
13 Oktýabr 2023
Hakyky dowrun meselesi shu 👏
tmyigit76
13 Oktýabr 2023
@Gülmahrem 07, saol
tmyigit76
13 Oktýabr 2023
@12445, hawa çözmesi kyn mesele
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.