Mulan
Bu multilm 1998-nji ýylyň 19-njy iýunynda ilkinji sapar ekrana çykaryldy. Onuň mazmuny bolsa Watanyny goramak üçin goşun gullugyna giden Hua Mulan atly hytaý gyzy baradaky orta asyrlara degişli bolan balladadan alnypdyr. Emma Walt Disneý ilkibaşda multfilmi düýbünden başgaça düşürmegi meýilleşdiripdir. Disneýiň başdaky maksady, Angliýanyň şazadasy tarapyndan uzak ýurtlara äkidilýän hytaý gyzy barada gysgajyk multfilm düişürmek bolupdyr. Emma onuň maslahatçysy multfilmi aşakdaky ýordum boýunça düşürmegi maslahat beripdir.
Multfilmiň ýordumyna görä, bir
maşgala barmak mümkinçiligini elinden gidiren Mulan lapykeç halda öýüne dolanyp gelýär. Ony garryja kakasy köşeşdirýär. Birdenem oba imperatoryň atlylary gelyärler we ýurtda ýaşaýan her bir maşgaladan bir erkek kişiniň söweşe
gatnaşmalydygy baradaky habary getirýärler. Kakasynyň agyr ýagdaýyna dözmän, Mulan erkek kişiniň geýimlerini geýip, ýaraglaryny dakynyp, Watan goragy ugrundaky söweşe gatnaşmak üçin goşun gullugyna barýar. Bu ýerde,
ýagny, goşuna täze gelen esgerleriň
arasynda ol özüniň zenandygyny
bildirmezlik üçin birnäçe güllkünç
hem-de gyzykly başdangeçirmelere
sezewar bolýar. Şeýle-de ol ýaş esgerleriň türgenleşiklerine gatnaşýar.
Ynha, söweşiň iň gyzyşan wagty hem
ol öz ugurtapyjylygy bilen duşmanyň
goşunyny ýeñlişe sezewar etmegi
başarýar. Emma söweşde onuň özi
ýaralanýar. Şeýdip, lukmanyň otagynda onuň erkek adam däl-de, aýal maşgaladygynyň üsti açylýar. Şol wagtky ýurduň kanunyna laýyklykda, ähli eden gahrymançylyklaryna garamazdan, ony jezalandyrmaly bolupdyr. Emma Mulan iň soňky pursatda hem hut imperatoryň özüni duşmanlardan halas etmegi başarýar. Şeýdibem, onuň günäsi geçilip,
imperatoryň uly sylagyna we kakasynyň guwanjyna mynasyp bolýar.
«Mulan» multfilmi 1994-nji ýylda düşürilip başlanypdyr. Munuň üçin esasy suratkeşler we režissýorlar Hytaýyň medeniýeti bilen tanyş bolmak hem-de milli ýady gärlikleriň suratyny çekmek, olary surata düşürmek üçin bu ýurda iş
saparyna gitmeli bolupdyrlar. Bu multfilm tomaşaçylar tarapyndan gowy garşy alynýar. Esasan-da, baş gahrymanyň namys hem-de abraý ugrundaky göreşi tomaşaçylarda ýakymly täsirleri galdyrýar.