smiling_
07.04.2024 16:05
20 ýaşly Eýranly Afşin Esmail Gaderzade dünýäde iñ gysga adam hökmünde Ginnes rekordlar kitabyna girdi.
Afşin 2002-nji ýylyñ 13-nji iýulynda Eýranda dogulýar. Ol doglanda 700 gram bolup, häzir 6,5 kilograma ýetýär, kürt hem-de pars dillerinde gürleýär. Onuñ boýy bary-ýogy 65,24 santimetrdir. Bu görkeziji mundan öñki rekordy goýan Kolumbiýaly Edward Jones (Nino) Ernandesden 7 sm kiçidir.
"Tom we Jerri" onuñ gowy görýän multifilmi bolup, Afşin Tom bolasy gelse-de, özüni Jerrä meñzedýär. Şeýle-de futbola tomaşa etmegi halaýar, Eýranyñ "Esteghlal" toparyna, oýunçylardan Ali Daeä we Kriştianu Ronalduwa janköýerlik edýär. Adaty adamlar ýaly ýaşamagy, awtomobil sürüp bilmegi arzuw edýär. Ol sport bilen meşgullanyp bilmese-de tans oýnamagy halaýar.
20 ýaşly bu keltejik ýigit degişsede, degişýär welin, öz gysga boýundan kemsinmese-de, hut şol fiziki aýratynlygy sebäpli iş tapmagyñ kyndygyny boýun alýar. Afşin Esmail Gaderzade bu gazanan şöhratynyñ maşgalasyna maddy goldaw bermegine umyt baglaýar.
Onuñ kakasy Afşiniñ saglyk bejergileri hem-de fiziki mümkinçilikleri sebäpli, okuwyny dowam edip bilmändigini, onuñ hiç hili psihiki näsazlygynyñ ýokdugyny aýdýar.
Çeşme: salamnews.tm
47
283
smiling_
04.04.2024 15:42
Janyña kast etmek kimdir- biriniñ ýaşaýyşa derek ölümi saýlamagydyr. Bu saýlaw onuñ maşgalasy, dostlary we jemgyýet üçin elmydama weýran ediji bolup galýar. Ene-atasy, jigi-doganlary, klasdaşlary, türgenleşdirijileri we goñşylary soñ köp wagtyñ dowamynda özlerine "Näme üçin?" we "Biz onuñ öñüni nädip alyp bilerdik?" ýaly soraglary sorap gezýärler.
Näme üçin ýetginjekler janyna kast etmek barada oýlanýarlar?.
Ýetginjeklik döwri- mümkinçilikleriñ köp wagty, ýaş ýetginjegiñ çagalyk we ýetişgenligiñ arasyndaky wagt, şol sanda stresiñ we biynjalyklygyñ ýokary wagty bolup durýar. Onuñ sosial durmuşa utgaşýan wagty, jogapkärli hereket etmegi öwrenýän wagty.
Şeýle hem onuñ jynsy şahsyýedini we gatnaşyklaryny, garaşsyzlyga bolan hyjuwyny kesgitleýän wagty, ol hereketleri köplenç beýlekileriñ goýan tertibine we tamasyna ters gelip bilýär.
Olaryñ pikirinde iñ añsat ýol bir hereketde ähli zady öçürip goýbermek: gatnaşyklar, ýokary talaplar, saglyk we daş keşpleri bilen bagly meseleler.
Howsala bildirýän alamatlar.
• Janyña kast etmek, ýa-da ölüm barada gürrüñ açmagy.
• Ol elmydama ýanyñyzda bolmajagyny aýtmagy.
• Çykgynsyzlygy ýa-da günäli duýýanlygy barada aýtmagy.
• Dostlaryndan ýa-da maşgalasyndan daşlaşmagy.
• Ölüm, aýralyk we ýitgi barada aýdym, goşgy ýa-da hat ýazmagy.
• Özüne gymmatly bolan zatlary başgalaryna paýlamagy.
• Islendik işe ýa-da güýmenjä gatnaşmakdan boýun gaçyrmagy.
• Konsentrasiýa ýa-da dury pikirlenmek bilen bagly meseleleriñ ýüze çykmagy.
• Töwekgelçilikli hereketlere gatnaşmagy.
• Mekdebe ýa-da sporta bolan gyzygyny ýitirmegi.
Bu sanawa gabat gelmegi ýetginjegiñ özüni öldürmek islegi baradaky 100% subutnamasy däl. Emma gysga wagtyñ içinde gabat geleni üç sanydan köp bolsa, ýetginjek bilen gürleşiñ we ony näme bimaza edýändigi bilen hökman gyzyklanyñ.
Netije.
Ýetginjekler janyna kast etmek barada pikirlenýär. Bu fakt. Ene-atalar öz çagalary bilen elmydama aragatnaşykda bolmaly, olaryñ adaty herekediniñ islendik üýtgeşikligine üns bermeli. Bu zatlary çagalary bilen gürleşmeli.
Köp ýagdaýda ene-ata kömek edip bilýär. Nädip? Goldaw, ideg, üns we maslahat berip. Çaganyñ aladasy kiçijek ýa wajyp däl ýaly görünsede çaga üçin olar gaty möhüm. Diýmek ony kiçeltmeli ýa-da äsgermezçilik etmeli däl.
Onuñ ýetginjek döwründe siz oña diñe "eje" ýa-da "kaka" däl, eýsem elmydama ýüz tutup biljek dosty bolmaly.
Çeşme: turkmenistan.unfpa.org
48
299
smiling_
25.03.2024 18:42
73 ýaşly Gazagystanly adam Ginnesiñ rekordlar kitabyna girmek isläp, dünýä boýunça pyýada syýahata çykýar.
Gazagystanly syýahatçy, 73 ýaşyndaky Sarsenbay Kotyraşow 2-nji awgustda iki ýyl dowam etjek dünýä syýahatyna ugrady. Dogduk mekany Atyraua 2025-nji ýylyñ awgust aýynda dolanmagy meýilleşdirýär diýip, Kazinform habar berýär.
"Dünýä boýunça syýahatyñ esasy maksady- Ginnes rekordlar kitabyna girip, dünýä rekordyny goýmak. Resmi maglumatlara görä, şu güne çenli 70 ýaşdan uly adam üçin şuña meñzeş ýazgy entek hasaba alynmady.
Men fiziki taýdan gowy. Gazagystan boýunça pyýada marafony şol bir wagtyñ özünde meniñ üçin synag we taýýarlyk boldy. Ýaş hiç zadyñ görkezijisi däl. Men muny başarjagymy duýýaryn, güýjüme ynanýaryn we şonuñ üçin hem şeýle jogapkärli ädim ätmegi makul bildim", - diyip Sarsenbaý Kotyraşow aýdýar.
Ol, Gazagystan- Russia- Gruziýa- Türkiýe- Bolgariýa- Serbiýa- Wengriýa- Awstriýa- Germaniýa- Fransiýa- ABŞ- Hytaý- Mongoliýa, Gazagystan ugry boýunça gitmegi meýilleşdirýär. Amatlylyk üçin aralyk birnäçe tapgyra bölünýär. Birinjisi Gazagystan- Russia- Gruziýa- Türkiýe. Bu bölek- 3000 km bolup, meýilnama boýunça ony Sarsenbaý Kotyraşow 100 günüñ dowamynda geçmekçi. Ikinji tapgyr, iñ uzyn- Türkiýe- Fransiýa- ABŞ- 180 gün we 9000 km-den gowrak ýol. Üçünji - ABŞ- Hytaý- Mongoliýa- Russia- Gazagystan 130 günde 4000 km-den gowrak aralygy geçmegi meýilleşdirýär.
Gazagystanly syýahata iñ zerur zatlary- arassaçylyk serişdelerini, çalşyk eşik, aýakgap we az-kem azyk önümleri ýerleşdirilen arabasyny aldy. Ol günde 30 40 km pyýada ýöremekçi.
Žezkazganyñ ýaşaýjysy, 73 ýaşly Sarsenbay Kotyraşow pyýada gezelenje täze başlamady. Ol bir ýyl ozal 8000 kilometr ýoly geçip, 181 günüñ içinde Gazagystany aýlanypdy.
Ýoluñ birinji tapgyrynda geçen Sarsenbay Kotyraşow Gazagystana gaýdyp geler we indiki ýyl baharyñ başlamagy bilen ýene-de dünýä boýunça syýahatyñ ilkinji tapgyrynyñ gutarjak ýerinden ýola çykar.
Çeşme: orient.tm (03.08.2023)
52
146
smiling_
25.03.2024 14:08
Hindistan 10 sagat 42 minut bilen dünýäde iñ köp kitap okaýan ýurtlaryñ arasynda birinji orny eýeledi. Iñ köp kitap okaýan 10 ýurtdan 6-sy Aziýa, 4-si bolsa Ýewropa ýurtlary boldy.
Merkezi Angliýada ýerleşýän "Global English Editing" guramasy tarapyndan dünýäde iñ köp kitap okaýan ýurtlar baradaky maglumatlar ýaýradyldy.
Hindistan hepde-de 10 sagat 42 minut bilen sanawyñ başynda, Tailand hepde-de 9 sagat 24 minut bilen ikinji ýerde, Hytaý 8 sagat bilen üçünji ýerde.
Kitap okamak indeksi, adamlaryñ hepde-de okamak üçin näçe wagt sarp edýändigine esaslanýar. Çap edilen kitaplardan başga-da, gazetler, žurnallar we onlaýn mazmun ýaly ähli okalýan materiallar gözleglere we ballara girizilýär.
ilkinji onluga giren döwletler: Filippinler (7 sagat 36 minut), Müsür (7 sagat 30 minut), Çehiýa (7 sagat 24 minut), Şwesiýa (7 sagat 6 minut), Fransiýa (6 sagat 54 minut), Wengriýa (6 sagat 48 minut) we Saud Arabystany (6 sagat 48 minut).
Çeşme: atavatan-turkmenistan.com
50
113