smiling_
08.04.2024 21:57
Amerikanyñ raýaty eliniñ barmaklarynyñ dyrnaklarynyñ uzynlygy bilen Ginnesiñ rekordlar kitabyna girdi. Bu zenanyñ dyrnaklarynyñ umumy uzynlygy 42 fut we 10, 4 dýuýmdyr (1300 santimetrden gowrak)


Bu ýerde gürrüñ Minnesota ştatynyñ ýaşaýjysy Diane Armstrong barada barýar. Onuñ ady Ginnesiñ rekordlar kitabyna her iki eliniñ barmaklarynyñ iñ uzyn dyrnaklary hökmünde girizildi. Bu ýagdaý hünärmenler tarapyndan ýörite enjamlar bilen geçirilen ölçeg işlerinden soñ mälim boldy.


Zenanyñ aýtmagyna görä, ol dyrnagyny 25 ýyldan bäri uzaldýar. Onuñ iñ uzyn dyrnagy sag eliniñ baş barmagyndadyr. Şol dyrnak has çalt ösýär. Onuñ uzynlygy 4 fut we 6,7 dýuýmdyr (122 santimetrden gowrak). Iñ gysga dyrnagy bolsa çep elindäki külbike barmagyndakydyr. Onuñ uzynlygy bolsa 3 fut 7 dýuýmdyr (92 santimetrden gowrak).


Amerikaly zenan gyzy Latişa 16 ýaşynda aradan çykandan soñra uzadyp başlapdyr. Onuñ aýtmagyna görä, diñe gyzy onuñ barmagynyñ dyrnaklaryna ideg edýän eken.


Aslynda, olary boýamak şeýle agyr iş welin, her dört-bäş ýylda dyrnaklaryny boýaýar. Bu amal üçin 15- 20 çüýşe dyrnak boýagy gerek bolýar.


Çeşme: atavatan-turkmenistan.com (04.08.2022)
48
299
tmyigit76
9 Aprel 2024
Bizde hä kirlilgiň alamaty Suratdaka aftartet ýaly duýýa
gulshatayewa97
9 Aprel 2024
Dyrnagyň dowülmän galyşyna haýran
💫Umudum
9 Aprel 2024
@smiling_, salam sohbetdeslik name un islemeyarka
wolf
9 Aprel 2024
Dyrnagy döwülip gopmadymykaraý nädip ösýäkä iller saçyny beýdip ösdürip bilenok welin 🤔👍
Tayler
8 Aprel 2024
Meň iň ýigrenýân zadym başga biriniň iň gowy görýän zady bolup biler
flowers_
8 Aprel 2024
Akram_Beshimov
8 Aprel 2024
Gaýtam arza tabşyrylanda 3 aýdan soñ seredilyar, şony öne suysurtmek ucin arza tabşyryanlar (rekorda girjek bolyanlar) 200$ bermeli 1 hepdede seretyarler soñ arza. Garaz ozimizinkilerden olaram
Akram_Beshimov
8 Aprel 2024
@flowers_, berilenok, ýamanlap durşyny muñ gijäñ ýagtysynda
tm_girl
8 Aprel 2024
😳🤢
flowers_
8 Aprel 2024
@smiling_, gyzyklanmadym dogrusy, berilyamika diyyadim öñä🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.