104 ýaşly zenan iñ garry paraşýutçy hökmünde Ginnes rekordlar kitabyna dalaş edýär.
Çikagoda ýaşaýan 104 ýaşly Doroti Hofner Demirgazyk illinoýsda 4100 metr belentlikde paraşýutly tandem böküş etdi diýip, The Guardian ýazýar. Ol paraşýutly böken iñ garry adam hökmünde şahadatnama almagy umyt edýär.
Eger onuñ böküşi rekord hökmünde ykrar edilse, ol häzirki Ginnes rekordlar kitabynyñ eýesi- 2022- nji ýylyñ maý aýynda paraşýutly böken Şwesiýaly 103 ýaşly Linnea Ingegard Larssony ýeñip biler. Hofneriñ böküşini gurnan Skydive Chicago kompaniýasy, Ginnesiñ rekordlar kitabynyñ onuñ gazananlaryny tassyklamagy üçin işleýär.
Hofneriñ paraşýutly böküşi ýañy başlamady. Ol ilkinji böküşi 100 ýaşyndaka etdi we şondan soñ dünýä rekordyny goýmak kararyna geldi. Ilkinji böküşinden dört ýyl soñ, illinoýsda tälimçi Derek Bakster bilen taryhy paraşýutly böküşi amala aşyrdy.
Ol ýere gonandan soñ, ony görmäge gelen mähellä el bulady.Şeýle hem, ol žurnalistlere interwiýu berdi we ýokarda bolmakdan lezzet alýandygyny we ýaşyñ diñe san bolandygyny aýtdy. Ondan başga-da ol, meýilnamasynda ýene bir böküşiñ we howa şarynda uçmagyñ bardygyny duýdurdy.
Çeşme: orient.tm (08.10.2023)