Ginnesiñ rekordlar kitaby dünyäde iñ ir doglan çagany hasaba aldy.
Amerikanyñ birleşen ştatlarynyñ Birmingem Alabama uniwersitetiniñ hassahanasynda dünýä inen bäbejik enesiniñ göwresinde bary-yogy 21 hepde yatdyda, sabry ýetmän ýagty dünýä çykdy. Aslynda bu täsin ýagdaý 2020-nji ýylyñ iýul aýynda ýüze çykdy. Ginnesiñ rekordlar kitaby ýañy-ýakynda ony dünýäniñ iñ ir doglan çagasy hökmünde bellige aldy, diyip "atavatan-turkmenistan.com " yazyar.
Doglan wagtynda bäbejigiñ agramy 420 gramdan kän däldi.Ginnesiñ rekordlar kitabynda berilýän maglumatlara görä, Minsiñ (çaga şeyle at goydular) ýaşamak mümkinçiliginiñ örän ujypsyzdygyna garamazdan, onuñ berilyän bejergilere oñyn jogap beril bilýänligini we ýagdaýynyñ gitdigiçe gowulaşýandygyny gören lukmanlaryñ özi hem bu ahwala haýran galdy. Hepdeler geçdigiçe saýy bäbejik özüne geldi we güýçlendi.
275 günläp hassahanada ýatan bäbejik we onuñ ejesi diñe şu ýylyñ 6-njy aprelinde öýüne goýberildi. Täsin ýagdaý. Dünýä inen wagty ýaşamak mümkinçiligi 1 göterimden hem az bolan bäbejik öýüne sagdyn dolandy.
Çeşme: jeyhun.news (16.11.2021)