smiling_
07.04.2024 16:05
20 ýaşly Eýranly Afşin Esmail Gaderzade dünýäde iñ gysga adam hökmünde Ginnes rekordlar kitabyna girdi.


Afşin 2002-nji ýylyñ 13-nji iýulynda Eýranda dogulýar. Ol doglanda 700 gram bolup, häzir 6,5 kilograma ýetýär, kürt hem-de pars dillerinde gürleýär. Onuñ boýy bary-ýogy 65,24 santimetrdir. Bu görkeziji mundan öñki rekordy goýan Kolumbiýaly Edward Jones (Nino) Ernandesden 7 sm kiçidir.


"Tom we Jerri" onuñ gowy görýän multifilmi bolup, Afşin Tom bolasy gelse-de, özüni Jerrä meñzedýär. Şeýle-de futbola tomaşa etmegi halaýar, Eýranyñ "Esteghlal" toparyna, oýunçylardan Ali Daeä we Kriştianu Ronalduwa janköýerlik edýär. Adaty adamlar ýaly ýaşamagy, awtomobil sürüp bilmegi arzuw edýär. Ol sport bilen meşgullanyp bilmese-de tans oýnamagy halaýar.


20 ýaşly bu keltejik ýigit degişsede, degişýär welin, öz gysga boýundan kemsinmese-de, hut şol fiziki aýratynlygy sebäpli iş tapmagyñ kyndygyny boýun alýar. Afşin Esmail Gaderzade bu gazanan şöhratynyñ maşgalasyna maddy goldaw bermegine umyt baglaýar.


Onuñ kakasy Afşiniñ saglyk bejergileri hem-de fiziki mümkinçilikleri sebäpli, okuwyny dowam edip bilmändigini, onuñ hiç hili psihiki näsazlygynyñ ýokdugyny aýdýar.


Çeşme: salamnews.tm
47
283
gulia_maksatmyradowna
7 Aprel 2024
Kiçijigim suratdaky sendenem kiçimi🧐
gulia_maksatmyradowna
7 Aprel 2024
Uf pozup bildimlegyyy 😁
gulia_maksatmyradowna
7 Aprel 2024
Pozuşaýyňda😁
gulia_maksatmyradowna
7 Aprel 2024
Sonky postumy pozup bilemooook🤦‍♀️
medik_
7 Aprel 2024
@smiling_, ayaly urup her hili edip pirkol edip cykaryalar.gulkinc bolanson boyjagazy like sanam kan🥴
medik_
7 Aprel 2024
Ayaly bn tiktoker boldy su adamjygam.,😁
Akram_Beshimov
7 Aprel 2024
Ronaldo balet etýän diýipdirmi, Siuuuu
Akram_Beshimov
7 Aprel 2024
Hiçkime ỳetmän ýördi göwnüm. Sen rekordy döwdiñ
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.