smiling_
25.03.2024 18:42
73 ýaşly Gazagystanly adam Ginnesiñ rekordlar kitabyna girmek isläp, dünýä boýunça pyýada syýahata çykýar.


Gazagystanly syýahatçy, 73 ýaşyndaky Sarsenbay Kotyraşow 2-nji awgustda iki ýyl dowam etjek dünýä syýahatyna ugrady. Dogduk mekany Atyraua 2025-nji ýylyñ awgust aýynda dolanmagy meýilleşdirýär diýip, Kazinform habar berýär.


"Dünýä boýunça syýahatyñ esasy maksady- Ginnes rekordlar kitabyna girip, dünýä rekordyny goýmak. Resmi maglumatlara görä, şu güne çenli 70 ýaşdan uly adam üçin şuña meñzeş ýazgy entek hasaba alynmady.
Men fiziki taýdan gowy. Gazagystan boýunça pyýada marafony şol bir wagtyñ özünde meniñ üçin synag we taýýarlyk boldy. Ýaş hiç zadyñ görkezijisi däl. Men muny başarjagymy duýýaryn, güýjüme ynanýaryn we şonuñ üçin hem şeýle jogapkärli ädim ätmegi makul bildim", - diyip Sarsenbaý Kotyraşow aýdýar.


Ol, Gazagystan- Russia- Gruziýa- Türkiýe- Bolgariýa- Serbiýa- Wengriýa- Awstriýa- Germaniýa- Fransiýa- ABŞ- Hytaý- Mongoliýa, Gazagystan ugry boýunça gitmegi meýilleşdirýär. Amatlylyk üçin aralyk birnäçe tapgyra bölünýär. Birinjisi Gazagystan- Russia- Gruziýa- Türkiýe. Bu bölek- 3000 km bolup, meýilnama boýunça ony Sarsenbaý Kotyraşow 100 günüñ dowamynda geçmekçi. Ikinji tapgyr, iñ uzyn- Türkiýe- Fransiýa- ABŞ- 180 gün we 9000 km-den gowrak ýol. Üçünji - ABŞ- Hytaý- Mongoliýa- Russia- Gazagystan 130 günde 4000 km-den gowrak aralygy geçmegi meýilleşdirýär.


Gazagystanly syýahata iñ zerur zatlary- arassaçylyk serişdelerini, çalşyk eşik, aýakgap we az-kem azyk önümleri ýerleşdirilen arabasyny aldy. Ol günde 30 40 km pyýada ýöremekçi.


Žezkazganyñ ýaşaýjysy, 73 ýaşly Sarsenbay Kotyraşow pyýada gezelenje täze başlamady. Ol bir ýyl ozal 8000 kilometr ýoly geçip, 181 günüñ içinde Gazagystany aýlanypdy.


Ýoluñ birinji tapgyrynda geçen Sarsenbay Kotyraşow Gazagystana gaýdyp geler we indiki ýyl baharyñ başlamagy bilen ýene-de dünýä boýunça syýahatyñ ilkinji tapgyrynyñ gutarjak ýerinden ýola çykar.


Çeşme: orient.tm (03.08.2023)
52
146
wolf
25 Mart 2024
Girdimika onnoñ kitaba?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.