Ýetginjek gyzjagaz 140 dilde aýdym aýdyp Ginnes rekordlar kitabyna girdi.
Bir ýetginjek gyzjagaz Dubaýda geçirilen konsertde 100-den gowrak dilde aýdym aýtmak bilen Ginnesiñ rekordlar kitabyna girdi. Bu barada independent.co.uk internet sahypasy habar berýär.
Hindistanyñ Kerala şäherinde ýaşaýan 18 ýaşly Suçeta Sahiş, 2023-nji ýylyñ 24-nji noýabrynda klimat boýunça çäreleriñ çäklerinde geçirilen konsertinde jemi 140 dilde aýdym aýtmak bilen rekord goýdy.
Ýaş aýdymçy geçen hepde Instagramda tolgundyryjy habary paýlaşdy we şeýle diýdi "2023-nji ýylyñ 24-nji noýabryndaky konsertimde 9 sagatlap 140 dilde aýdym aýdyp, täze Ginnesiñ rekordyny goýdym! Arzuwlaryñyz we goldawyñyz üçin hemmäñize sag bolsyn aýdýaryn".
Resmi Ginnesiñ rekordlar internet sahypasynda munuñ "konsertde aýdylýan iñ köp dil" bolandygy we "140 belginiñ Dubaýda geçiriljek COP 28 sammitine gatnaşýan 140 ýurduñ nyşany görnüşde saýlanandygyny" aýtdy.
Çeşme: turkmentv.gov.tm (09.01.2024)