smiling_
04.04.2024 15:42
Janyña kast etmek kimdir- biriniñ ýaşaýyşa derek ölümi saýlamagydyr. Bu saýlaw onuñ maşgalasy, dostlary we jemgyýet üçin elmydama weýran ediji bolup galýar. Ene-atasy, jigi-doganlary, klasdaşlary, türgenleşdirijileri we goñşylary soñ köp wagtyñ dowamynda özlerine "Näme üçin?" we "Biz onuñ öñüni nädip alyp bilerdik?" ýaly soraglary sorap gezýärler.


Näme üçin ýetginjekler janyna kast etmek barada oýlanýarlar?.

Ýetginjeklik döwri- mümkinçilikleriñ köp wagty, ýaş ýetginjegiñ çagalyk we ýetişgenligiñ arasyndaky wagt, şol sanda stresiñ we biynjalyklygyñ ýokary wagty bolup durýar. Onuñ sosial durmuşa utgaşýan wagty, jogapkärli hereket etmegi öwrenýän wagty.

Şeýle hem onuñ jynsy şahsyýedini we gatnaşyklaryny, garaşsyzlyga bolan hyjuwyny kesgitleýän wagty, ol hereketleri köplenç beýlekileriñ goýan tertibine we tamasyna ters gelip bilýär.

Olaryñ pikirinde iñ añsat ýol bir hereketde ähli zady öçürip goýbermek: gatnaşyklar, ýokary talaplar, saglyk we daş keşpleri bilen bagly meseleler.


Howsala bildirýän alamatlar.

• Janyña kast etmek, ýa-da ölüm barada gürrüñ açmagy.

• Ol elmydama ýanyñyzda bolmajagyny aýtmagy.

• Çykgynsyzlygy ýa-da günäli duýýanlygy barada aýtmagy.

• Dostlaryndan ýa-da maşgalasyndan daşlaşmagy.

• Ölüm, aýralyk we ýitgi barada aýdym, goşgy ýa-da hat ýazmagy.

• Özüne gymmatly bolan zatlary başgalaryna paýlamagy.

• Islendik işe ýa-da güýmenjä gatnaşmakdan boýun gaçyrmagy.

• Konsentrasiýa ýa-da dury pikirlenmek bilen bagly meseleleriñ ýüze çykmagy.

• Töwekgelçilikli hereketlere gatnaşmagy.

• Mekdebe ýa-da sporta bolan gyzygyny ýitirmegi.


Bu sanawa gabat gelmegi ýetginjegiñ özüni öldürmek islegi baradaky 100% subutnamasy däl. Emma gysga wagtyñ içinde gabat geleni üç sanydan köp bolsa, ýetginjek bilen gürleşiñ we ony näme bimaza edýändigi bilen hökman gyzyklanyñ.


Netije.
Ýetginjekler janyna kast etmek barada pikirlenýär. Bu fakt. Ene-atalar öz çagalary bilen elmydama aragatnaşykda bolmaly, olaryñ adaty herekediniñ islendik üýtgeşikligine üns bermeli. Bu zatlary çagalary bilen gürleşmeli.

Köp ýagdaýda ene-ata kömek edip bilýär. Nädip? Goldaw, ideg, üns we maslahat berip. Çaganyñ aladasy kiçijek ýa wajyp däl ýaly görünsede çaga üçin olar gaty möhüm. Diýmek ony kiçeltmeli ýa-da äsgermezçilik etmeli däl.

Onuñ ýetginjek döwründe siz oña diñe "eje" ýa-da "kaka" däl, eýsem elmydama ýüz tutup biljek dosty bolmaly.


Çeşme: turkmenistan.unfpa.org
48
299
medik_
5 Aprel 2024
👍🏻
Akram_Beshimov
4 Aprel 2024
kidt
4 Aprel 2024
@Bitter, hakyky
medik_
4 Aprel 2024
@smiling_, 🥴
Akram_Beshimov
4 Aprel 2024
@medik_, äbede-jüýje
medik_
4 Aprel 2024
Bir seretsena àpbede júpbe bir seretsenem it bn pisik yali siz,🤦🏻‍♀️
Akram_Beshimov
4 Aprel 2024
@smiling_, hiçkimede jynym düşenok. Haçan boldy bu zatlar
Akram_Beshimov
4 Aprel 2024
şeýle ýetginjeklere ASMR diñletmeli köpräk, ýaşaýşa höweslendirer yaly
tmyigit76
4 Aprel 2024
@Akram_Beshimov, kast ediň diýenoga postda. Alamtlary, öňüni almagy aýdylýa
Akram_Beshimov
4 Aprel 2024
@smiling_, senem nirdäki zatlary tapýañ gyz, ỳaşlara görelde bolmaga derek
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.