smiling_
20.04.2024 20:58
Tik Tok-da iñ meşhur aktýor kim? Onuñ 74, 4 mln abunaçysy bar.
Tik Tok-yñ ýyldyzlarynyñ söweşinde "Gaýa" lakamly Dueýn Jonson kärdeşi Uill Smiti birinji ýerden yza süýşürdi. Ginnesiñ rekordlar kitabynyñ saýtyndaky habara görä, "Gaýa häzirki wagtda Tik Tokda 74, 4 million abunaçysy bolan iñ halanýan aktýordyr".
Uill Smit 2022-nji ýyldan bäri öñdebaryjy bolup gelýärdi, ol 74 mln abunaçysy bilen "Moana" ýyldyzyndan yza galmaýar.
Ýañy - ýakynda göreş karýerasyna täzeden başlap, WWE- a gaýdyp gelen Jonson özüniñ Tik Tok kanalynda meşhurlaryñ sahnanyñ añyrsyndaky durmuşyny görkezmek bilen janköýerlerini, yzy giderli begendirip durýar. Mundan başga-da, ol sport zalyndaky türgenleşikleriniñ wideolaryny ýygy - ýygydan ýerleşdirýär, derä serenjam beriji Papatui önümlerini müşderilere hut özi eltip bermek bilen, olary geñ galdyrýar we işini Make - Awish gaznasy (agyr hassa çagalaryñ islegini amala aşyrmaga kömek edýän halkara haýyr - sahawat gaznasy) bilen paýlaşýar.
Bu Jonson bilen Smitiñ rekord üçin ilkinji söweşişi däl. 2015-nji ýylda "Gaýa" 3 minutda jemi 105 sany selfi edip rekord goýupdy. Bu at köp ýyllaryñ dowamynda yzly - yzlyna, iñlis futbolçysy Alan Şerer (134) ýaly, dürli meşhur adamlara geçdi. Soñra Uill Smit bu rekordy 168 selfä çenli artdyrdy. Şeýle-de bolsa, çempionlyk jemi 184 selfi bilen Bolliwudyñ ýyldyzy Akşaý Kumara degişlidir. Aktýor 3 minutda 209 gezek surata düşdi, yöne käbirleriniñ hiliniñ pesligi sebäpli olaryñ köpsüni hasaba almadylar.
Çeşme: tmcars.info (şu gün 16:41)
45
282
smiling_
19.04.2024 21:54
Apple Watch hammamda ýykylyp, huşuny ýitiren Nýu-Ýorkly adamyñ janyny halas etdi.
49 ýaşly Nýu-Ýorkly Erik Zollinger Apple Watch öz janyny halas etdi diýip hasaplaýar. Bu barada ol Nýu-Ýork Post neşirine gürrüñ beripdir, diýip gazeta.ru ýazýar.
Şu ýylyñ mart aýynda gozgalmaýan emläk dellaly bolup işleýän bir adam welosipedli ofisden öýüne dolanyp gelýärkä suwly çukura gaçyp, şikes alýar.
"Men gapdala ýykylyp, betona uruldym. Ýerimden turup, ilki bilen dişlerimi barladym, sebäbi birnäçe ýyl ozal dişlerime winir goýdurypdym. Bagtyma olara hiç zat bolmandyr. Sag dyzym, ýüzümde gözüm bilen burnumyñ arasy hem ýere degdi, dişlerim dodaklarymy çapdy, yöne beýlebir kän gan akmady" - diýip, ejir çeken gürrüñ berdi.
Ol öýüne baryp, hammama girýär, yöne ýene ýykylyp huşuny ýitirýär. Apple Watch- iñ ýykylmany kesgitlemek aýratynlygy işläp başlaýar; sagat awtomatiki usulda halas ediş gullugyny çagyrýar we gyssagly jañ edilmeli adamlara habar berýär.
Zollinger; "Duşda ýykylypdyryn, Apple Watch wannanyñ gyrasyna degmegiñ täsirinden 911- e jañ edipdir we kartada takyk ýerleşýän ýerimi görkezip, dostlaryma habar beripdir" - diýip belleýär. Ol adam özüne gelende 911- iñ operatorynyñ özi bilen gepleşýändigini bilýär we çagyryşy ýatyrýar. Yöne şonda-da ätiýaçdan saglyk barlaglaryndan geçmek üçin hassahana barypdyr.
Zollinger Apple Watch-iñ janyny halas edendigine ynanýar.
Çeşme: tmcars.info (şu gün 19:46)
53
300
smiling_
17.04.2024 18:39
12 sany agtygy bolan 58 ýaşly ene 4,5 sagat plankada durup, dünýä rekordyny täzeledi.
Kanadadan 58 ýaşly bir ene 4,5 sagat plankada durup, aýallaryñ rekordyny täzeledi. Bu barada Ginnes rekordlar kitabynda habar berilyär.
Donna- Jin Waýld adly aýalyñ 12 sany agtygy bar. Olaryñ ählisi rekordyñ hasaba alynýan mahaly ene- atasy we atalary bilen ony goldamak üçin ýygnanyşdylar. Donna- Jin Waýld köp wagtlap mekdep mugallymy bolup işledi, ýakynda bolsa pensiýa çykdy. 12 ýyl mundan ozal ol goşaryny döwüp, sport bilen işjeñ meşgullanyp bilmedi. Yöne ol plankada durup biljekdigine göz ýetirip, bu maşka üns berip başlady. Häzir ol adaty gündelik maşk hökmünde her gün 2-3 sagat planka bilen meşgullanýar.
Netijede ol Ginnesiñ rekordyna dalaş etme kararyna geldi, bu synanyşykda esasy ruhlandyryjy we guramajy onuñ ýoldaşy Rendi boldy.
Rekord eýesi bu synanşygyñ añsat bolmadygyny we soñky 30 minutda "dem almaga, rahatlygy saklamaga we titremezlige" üns jemländigini aýtdy.
"Rekordy üstünlikli goýmak üçin, dalaşgäriñ bilekleri we aýagynyñ barmaklary tutuş wagtyñ dowamynda ýere degmeli. Bedeniñ galan bölegini ýerden galdyrmaly we göni saklamaly" - diýlip, Ginnesiñ kitabynyñ saýtynda aýdylýar.
Donna- Jin Waýld plankada 4 sagat 30 minut 11 sekund durdy, bu 2019- njy ýylda Kanadaly Dana Glowaka tarapyndan goýlan rekorddan 10 minut uzakdyr. Häzirki wagtda erkekleriñ arasynda plankada dünýä rekordy 9 sagat 38 minut 47 sekunda barabar, ony geçen ýyl Çehiýadan Ýozef Şalek goýdy.
Çeşme" tmcars.info (31.03.2024)
55
373
smiling_
15.04.2024 16:39
Internede baglanmak ýetginjeklerde gündiz ukuly ýagdaýda gezmegine we depressiýa düşmegine sebäp bolup biler.
Ýetginjekleriñ internetden aşa köp peýdalanmagy olaryñ ukusyna we şähdine ýaramaz täsir edýär. Angliýanyñ, Malaýziýanyñ we Awstraliýanyñ alymlary dürli ýurtlaryñ maglumatlary seljerilenden soñ şeýle netijä geldiler. Gözlegiñ netijeleri "Information Technology & People" žurnaly tarapyndan neşir edildi.
Hünärmenler internedi uzak wagtlap ulanmagyñ we smartfonyñ öñünde oturmagyñ ýaşlarda ukysyzlygyñ we depressiýa alamatlarynyñ döremegine sebäp bolýandygyny anykladylar. Munuñ sebäbi, internediñ olary durmuşdaky köp sagdyn çärelerden mysal üçin, sosial gatnaşyklardan we fiziki işjeñlikden binesip goýýandygy bilen baglanyşykly. Gözlegiñ awtorlaryndan biri, internetde sarp edilýän wagt, köplenç çäksiz we tertipsiz bolýar. Käbir adamlar kompýuter oýunlaryny aşa köp oýnamazlyga çalyşýarlar, yöne durmuşyñ beýleki ugurlarynda (okuw, iş, dynç alyşyñ beýleki görnüşleri) internediñ ulanylmagynda hiç hili çäklendirmeler ýok.
Gözlegçiler internet bilen bagly bolmadyk çäreleriñ meşhurlygyny artdyrmaga çagyrýarlar: ukyny dogry guramaklyga höweslendirmek (ýatmazyñ öñýany enjamlardan gaça durmak), çagalary mekdepden soñ sport bilen meşgullanmaga çekmek we biri- biri bilen janly aragatnaşyk saklamaklaryna kömek etmek. Şeýle hem, internetde oturýan wagtyñyzy çäklendirip, ony iş/okuw we dynç alyş bilen sazlaşykly utgaşdyryp paýlamaklyga düşünjeli çemeleşmek möhümdir.
Çeşme: tmcars.info
46
143