Fransuz zenany Eýfel diñine ýüp bilen dyrmaşyp, gaýa dyrmaşmak boýunça rekord goýdy.
Fransuz 24 habar ýaýlymynyñ habar bermegine görä, 34 ýaşly Fransuz zenany Anuk Garnýe Eýfel diñiniñ ikinji böleginiñ düýbüne çykmak bilen gaýa dyrmaşmak boýunça dünýä rekordyny goýdy.
Türgen 110 metr belentlige bary-ýogy 18 minutda çykdy, Bu üstünlik diñe bir sport görkezijisi bolman, eýsem haýyr-sahawat çäresi boldy. Garnýe rak kesellerine garşy göreşýän guramalara serişdeleri toplamak üçin daga çykdy. Ejesiniñ bu kesele duçar bolmagy bilen bagly waka oña ylham berdi. Öñki dünýä rekordyny 2020-nji ýylda Ýahannesburgda (Günorta Afrika) Soueto diñleriniñ arasyndaky ýüp boýunça 90 metre çykan günorta Afrikaly türgen Tomas Wan Tonder goýupdy. Şeýle-de bolsa, Garnýe ýüpli Daniýanyñ Kopengagen opera teatrna - 26 metr belentlige çykmak bilen rekord goýan Daniýaly zenan Ida Matilda Stinsgaardyñ tejribesiniñ has hem ylham berendigini aýtdy.
Anuk Garnýe tejribeli türgen, öz kategoriýasynda 2 gezek OCR (Päsgelçilik ýaryşy) dünýä çempiony, spartan ýaryşy boýunça Ýewropanyñ çempiony we OCR boýunça 2 gezek Fransiýanyñ çempiony. Indi türgen päsgelçilik ýaryşlaryna gaýdyp barmagy meýilleşdirýär we maý aýynda Parižde geçjek 2024-nji ýylyñ tomusky oýunlarynyñ açylyş dabarasy üçin Afinydan alynjak Olimpiýa alawyny Marsele elter.
Çeşme: tmcars.info (13.04.2024)