12 sany agtygy bolan 58 ýaşly ene 4,5 sagat plankada durup, dünýä rekordyny täzeledi.
Kanadadan 58 ýaşly bir ene 4,5 sagat plankada durup, aýallaryñ rekordyny täzeledi. Bu barada Ginnes rekordlar kitabynda habar berilyär.
Donna- Jin Waýld adly aýalyñ 12 sany agtygy bar. Olaryñ ählisi rekordyñ hasaba alynýan mahaly ene- atasy we atalary bilen ony goldamak üçin ýygnanyşdylar. Donna- Jin Waýld köp wagtlap mekdep mugallymy bolup işledi, ýakynda bolsa pensiýa çykdy. 12 ýyl mundan ozal ol goşaryny döwüp, sport bilen işjeñ meşgullanyp bilmedi. Yöne ol plankada durup biljekdigine göz ýetirip, bu maşka üns berip başlady. Häzir ol adaty gündelik maşk hökmünde her gün 2-3 sagat planka bilen meşgullanýar.
Netijede ol Ginnesiñ rekordyna dalaş etme kararyna geldi, bu synanyşykda esasy ruhlandyryjy we guramajy onuñ ýoldaşy Rendi boldy.
Rekord eýesi bu synanşygyñ añsat bolmadygyny we soñky 30 minutda "dem almaga, rahatlygy saklamaga we titremezlige" üns jemländigini aýtdy.
"Rekordy üstünlikli goýmak üçin, dalaşgäriñ bilekleri we aýagynyñ barmaklary tutuş wagtyñ dowamynda ýere degmeli. Bedeniñ galan bölegini ýerden galdyrmaly we göni saklamaly" - diýlip, Ginnesiñ kitabynyñ saýtynda aýdylýar.
Donna- Jin Waýld plankada 4 sagat 30 minut 11 sekund durdy, bu 2019- njy ýylda Kanadaly Dana Glowaka tarapyndan goýlan rekorddan 10 minut uzakdyr. Häzirki wagtda erkekleriñ arasynda plankada dünýä rekordy 9 sagat 38 minut 47 sekunda barabar, ony geçen ýyl Çehiýadan Ýozef Şalek goýdy.
Çeşme" tmcars.info (31.03.2024)