smiling_
14.04.2024 17:34
Itiñ uzyn dili bilen Ginnesiñ rekordlar kitabyna girdi.


Illinoýs Amerikan ştatyndan Rokki atly köpek dünýäde iñ uzyn it diliniñ eýesi hökmünde Ginnesiñ dünýä rekordyny goýdy. Bu barada NY post habar berýär diýip, "gazeta.ru" belleýär.


9 ýaşly bokseriñ diliniñ uzynlygy 5.46 dýuýma (13.86 sm) barabar. Rokkiniñ eýeleri Bred we Kristal Uilýamslar öý haýwanlarynyñ adaty bolmadyk uzyn diliniñ bardygyny hemişe bilýärdiler, yöne Ginnesiñ rekordlar kitabyna öñki rekord eýesi, Moçi atly itiñ ölendigini bilenlerinden soñ ýüz tutmak kararyna gelýärler.
Itiñ hojaýyny ýüz tutmak prosesiniñ dowamly we ýadadyjy bolandygyny aýdýar. Ilki Rokki weterinara äkidilýär we onuñ dilini bir näçe gezek ölçeýärler, şondan soñ maglumatlar Ginnesiñ rekordlar kitabyna iberilýär. Birnäçe aýdan soñ itiñ dilini ýene bir gezek üçin guramadan hususy weterinar, lukman Bernard Blim iberilýär.
Rokkiniñ dilini fotograflaryñ we wideooperatorlaryñ gatnaşmagynda ölçediler diýip, Kristal Uilýams aýdýar. Lukman Blim rekordy hasaba alyp, Rokkiniñ öz titulyna hakyky mynasyp it bolandygyny belledi. Ýakyn wagta çenli iñ uzyn it dili üçin dünýä rekordy Zoi atly ite degişlidi. Onuñ diliniñ uzynlygy 5 dýuýma (12.7 sm) barabar.


Çeşme: tmcars.info (01.07.2023)
48
201
Miss_Minnosh❤️
15 Aprel 2024
@smiling_, Gowy bu gunler😊
sh_shamko_
14 Aprel 2024
@smiling_, bolýa🙂
sh_shamko_
14 Aprel 2024
Like🙂
ideallider
14 Aprel 2024
@smiling_, yrjak bolup yzyna düşen gyzym birgezek şeýle bolup çykda. Şoldyr şoldyr. Kim bolsada gaçýan😄 oglan-gyz tapawudy ýok
Relax
14 Aprel 2024
ideallider
14 Aprel 2024
@smiling_, köple.🤦🏻‍♂️
ideallider
14 Aprel 2024
Yzarlasaň ikisi hem şol bir oglan🤦🏻‍♂️
ideallider
14 Aprel 2024
Başgada barlaý, köpüsi oglan. Bir profildenä özi ýazyp, ýene bir başga profil ýasabam ondanam gyz bolan bolup ýene özüniň oglan profiline suwjaran bolup, öz egosyny galdyrmak isleýän jahyllar hem bar😄
ideallider
14 Aprel 2024
@Miss_Minnosh❤️, Salam. Gowuluk. Aha.
Miss_Minnosh❤️
14 Aprel 2024
@smiling_, menem gowy hudaya sukur
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.