Synag: Bilim almaklyk garramagy haýalladýar, ölüm howpuny azaldýar.
Kolumbiýa uniwersitetiniñ alymlary adamyñ bilim derejesi bilen biologiki garramanyñ arasyndaky baglanyşygy ýüze çykardylar. Seljerme bilim almagyñ her iki ýylda garramagy 2-3% haýalladýandygyny we ölüm howpuny takmynan 10% azaldýandygyny görkezdi diýip, Hi- Tech ýazýar.
Gözlegler üçin alymlar DNK- da markerler ulanyp, adamyñ biologiki ýaşyny ölçeýän DunedinPACE algoritmini ulandylar. Olar Framingham Heart study- ä - ýürek - damar kesellerini uzak möhletleýin öwrenmekligiñ 1948 - nji ýyldan bäri geçirilýän gözlegine gatnaşyjy 2437 adamyñ maglumatlaryny seljerdiler.
Netijede, has ýokary bilim derejäniñ haýal depginde garramak we ölüm howpunyñ peselmegi bilen baglanyşyklydygy anyklandy. Bilim bilen biologiki ýaşyñ biri - birine baglylygy dürli nesiller üçin birmeñzeş bolup, garyndaşlar deñeşdirilende saklanyp galypdyr.
Geçmişde garrylyk bilen bilimiñ arasyndaky baglanyşyk, köplenç sosial faktorlar bilen baglanyşykly düşündirilipdir, yöne täze gözlegler biologiki taýdan hem tapawut berýändigini görkezýär. Alymlar bu baglanyşyga jikme- jik düşünmek üçin goşmaça gözlegleriñ zerurdygyny bellediler.
Çeşme: tmcars.info (05.04.2024)