Apple Watch hammamda ýykylyp, huşuny ýitiren Nýu-Ýorkly adamyñ janyny halas etdi.
49 ýaşly Nýu-Ýorkly Erik Zollinger Apple Watch öz janyny halas etdi diýip hasaplaýar. Bu barada ol Nýu-Ýork Post neşirine gürrüñ beripdir, diýip gazeta.ru ýazýar.
Şu ýylyñ mart aýynda gozgalmaýan emläk dellaly bolup işleýän bir adam welosipedli ofisden öýüne dolanyp gelýärkä suwly çukura gaçyp, şikes alýar.
"Men gapdala ýykylyp, betona uruldym. Ýerimden turup, ilki bilen dişlerimi barladym, sebäbi birnäçe ýyl ozal dişlerime winir goýdurypdym. Bagtyma olara hiç zat bolmandyr. Sag dyzym, ýüzümde gözüm bilen burnumyñ arasy hem ýere degdi, dişlerim dodaklarymy çapdy, yöne beýlebir kän gan akmady" - diýip, ejir çeken gürrüñ berdi.
Ol öýüne baryp, hammama girýär, yöne ýene ýykylyp huşuny ýitirýär. Apple Watch- iñ ýykylmany kesgitlemek aýratynlygy işläp başlaýar; sagat awtomatiki usulda halas ediş gullugyny çagyrýar we gyssagly jañ edilmeli adamlara habar berýär.
Zollinger; "Duşda ýykylypdyryn, Apple Watch wannanyñ gyrasyna degmegiñ täsirinden 911- e jañ edipdir we kartada takyk ýerleşýän ýerimi görkezip, dostlaryma habar beripdir" - diýip belleýär. Ol adam özüne gelende 911- iñ operatorynyñ özi bilen gepleşýändigini bilýär we çagyryşy ýatyrýar. Yöne şonda-da ätiýaçdan saglyk barlaglaryndan geçmek üçin hassahana barypdyr.
Zollinger Apple Watch-iñ janyny halas edendigine ynanýar.
Çeşme: tmcars.info (şu gün 19:46)