Erkek adam 5 çagasy oturan araba bilen ylgap Ginnesiñ rekordlar kitabyna girdi.
Kaliforniýanyñ ýarym marafonyndaky ylgawçy Çad Kempel Ginnesiñ dünýä rekordyny goýdy, ol özüniñ 4 ýaşly 5 çagasyny arabada itekläp ylgaw ýaryşyny 2 sagat 19 minutda tamamlady. Bu barada UPI agentligi habar berýär diýip, "kaspiy.az" belleýär.
Çad Kempel ýekşenbe güni Oklenddäki Oklend marafonynda ýarym marafony 4 ýaşly 5 çagasy oturan arabany itekläp ylgap geçdi.
"Çagalarym: "Kaka, çaltyrak ylga!" diýip gygyrýardylar, men bolsa derläp, ysgyndan gaçyp barýardym. Men ylgamagy dowam etdirip bilermikäm diýip pikirlenýärdim" - diýip, Kempel interwýuda ýatlaýar.
Kempel 13,1 mil aralygy 2 sagat 19 minutda geçdi. Netijede, ol Ginnesiñ rekordlar kitaby tarapyndan goýlan 2 sagat 30 minut rekordy täzeledi. Ol öñem 10 km aralygy we doly marafony-da 5 çagasyny itekläp geçip dünýä rekordyny goýupdy.
Kempel Ginnesiñ dünýä rekordlaryny goýmaga synanşygyny tamamlandygyny, yöne gelejekde beýleki ýaryşlara gatnaşmagy meýilleşdirýändigini we çagalarynyñ hem özi bilen bilelikde ylgamagyna umyt bildirýändigini aýtdy.
Çeşme: tmcars.info (29.03.2022)