4 ýaşly oglanjyk kitabyny neşir eden iñ ýaş adam hökmünde Ginnes rekordlar kitabyna girdi.
Birleşen Arap Emirliklerinden bir oglanjyk dünýäde kitabyny çap eden iñ ýaş adam boldy. Ol şol wagt 4 ýyl 218 gün ýaşyndady. Bu barada Ginnesiñ rekordlar kitabyna salgylanyp, interfax.ru habar berýär.
Said Raşed Almheýri özüniñ "Pil Said we aýy" atly kitabyny çap eden wagty 4 ýyl 218 gün ýaşyndady.
Kitaby ýagşylyk we dostluk barada gürrüñ berýän Almheýri eseri ýazmaga ony iki dilde ýazylan kitabyny neşir eden iñ ýaş zenan we iki dilde ýazylan kitap seriýasyny neşir eden iñ ýaş zenan hökmünde Ginnesiñ rekordçysy titulyna eýe bolan gyz dogany Aldhabiniñ ruhlandyrandygyny aýdýar.
"Biz bilelikde okaýarys, ýazýarys, surat çekýäris we başga-da köp zatlary edýäris. Men öz kitabymy ýazdym sebäbi men hem öz kitabymyñ bolup biljekdigini duýdum" - diýip, Said belledi.
Çeşme: tmcars.info (04.04.2023)