Internede baglanmak ýetginjeklerde gündiz ukuly ýagdaýda gezmegine we depressiýa düşmegine sebäp bolup biler.
Ýetginjekleriñ internetden aşa köp peýdalanmagy olaryñ ukusyna we şähdine ýaramaz täsir edýär. Angliýanyñ, Malaýziýanyñ we Awstraliýanyñ alymlary dürli ýurtlaryñ maglumatlary seljerilenden soñ şeýle netijä geldiler. Gözlegiñ netijeleri "Information Technology & People" žurnaly tarapyndan neşir edildi.
Hünärmenler internedi uzak wagtlap ulanmagyñ we smartfonyñ öñünde oturmagyñ ýaşlarda ukysyzlygyñ we depressiýa alamatlarynyñ döremegine sebäp bolýandygyny anykladylar. Munuñ sebäbi, internediñ olary durmuşdaky köp sagdyn çärelerden mysal üçin, sosial gatnaşyklardan we fiziki işjeñlikden binesip goýýandygy bilen baglanyşykly. Gözlegiñ awtorlaryndan biri, internetde sarp edilýän wagt, köplenç çäksiz we tertipsiz bolýar. Käbir adamlar kompýuter oýunlaryny aşa köp oýnamazlyga çalyşýarlar, yöne durmuşyñ beýleki ugurlarynda (okuw, iş, dynç alyşyñ beýleki görnüşleri) internediñ ulanylmagynda hiç hili çäklendirmeler ýok.
Gözlegçiler internet bilen bagly bolmadyk çäreleriñ meşhurlygyny artdyrmaga çagyrýarlar: ukyny dogry guramaklyga höweslendirmek (ýatmazyñ öñýany enjamlardan gaça durmak), çagalary mekdepden soñ sport bilen meşgullanmaga çekmek we biri- biri bilen janly aragatnaşyk saklamaklaryna kömek etmek. Şeýle hem, internetde oturýan wagtyñyzy çäklendirip, ony iş/okuw we dynç alyş bilen sazlaşykly utgaşdyryp paýlamaklyga düşünjeli çemeleşmek möhümdir.
Çeşme: tmcars.info