seljukly
07.12.2023 23:04
Malazyanyn [ Maybank ] bankynyn musderisi Hafija Abdulla oz hasabynda artykmac 86 million x
dollaryn bardygny anyklanda gozlerine ynanmady diyip, [ Blomberg ] nesirine salgylanyan kun.uz sayty yazyar
Emma zenanyn satlygy uzaga cekmedi ol hasabyndan lomayja puly cekmekci bolanda enjamda ÝALNYŞLYK diyen yazgy peyda boldy
Nesirin habarna gora millioner bolan zenan oz satlygny sosial ulgamda paylasan dessine bank yalnyslygy duzetdi...
cesme; Turkmen Portal.
26
104
seljukly
25.11.2023 10:43
GÜNDELIK
dowamy

Şu gün 199...-njy ýylyň mart aỳynyň otuzy. Ir ertir. Ýaňy oýanan badyma
ejemiň otagyna baryp gaýtdym. Düýn agşam ejem ýatman, jigimiň başujyny saklap
oturypdy. Jigim düýn gije hasam gaty gyzdyryp, tä uklaýançam men onuň
samraýandygyny eşidip ýatypdym. Men bolsa Alla janyň ertir ir bilen jigimi
sagaltjakdygyna ynanandygym zerarly arkaýyn uklapdym...
Näme üçindir boýdan-başa gara geýimli, başy gara ýaglykly, doňan ýaly bolup,
sekiniň üstünde oturan ejem maňa öňküsindenem beter şol garryja daýzamyza meňzäp
barýan ýaly göründi. Men gapynyň agzynda durdym. Hiç zat görmeýäne çalym edýän
gözlerini nirädir bir ýere dikip oturan ejem jan ýazdan soň gelen yssy tomsuň ilkinji
howruna solup barýan güljagaz ýaly, gözümiň alnynda birhili ýuwaşlyk bilen garry
daýza öwrülip, barha we barha salgyma çalym edip barýardy.
Men ejemiň ýanyna bardym-da, sessiz-üýnsüz gapdaljygynda oturdym. Otagda
gyz jigimi görmänimden soň:
-Eje, hany jigim?–diýip soradym. Ejem ukudan açylan ýaly tisginip gitdi-de, maňa
birhili seretdi, soňam özüne zor salyp:
-Jigiňmi? Jigiňi...äkitdiler...Uzaga...-diýip pyşyrdady. Men begenip ýylgyrdym-da,
ejemiň eline ýapyşdym.
-Rehimdar daỳy jan meniň jigijigimi sagaltmaga äkidipdir-dä onda?
Dilegimiň kabul bolandygyna iki bolup bilmän ýylgyrjaklap durşuma, men ejeme
Alla jan atly ýokarymyzdaky rehimdar daỳy hakda bar bilýänjämi aýtdym. Ejem meni
diňledi-diňledi-de, birdenem meni gujagyny gysyp, gulagyma pyşyrdady:
-Sen Allanyň bendesi, oglum. Wah, mön gözlim...Ýöne ynan, oguljygym, ynan!
Seniň gyz jigiňi “Alla jan”alyp gitdi. Ynan, balam, ynan.Şeýle diýip, ejem ýerinden turdy-da, başyndaky gara ýaglygyny sypyryp, gözlerini
süpürdi, ýogsa ejem şol wagt aglamaýardy hem, ýöne ejemiň bar saçy çuw akdy. Men
saklanyp bilmedim:
-Eje, näme üçin sen garryja daýzamyza meňzejek bolýarsyň, onsoňam näme üçin
saçyňy ak reňke boýaýarsyň? Saňa gelişmeýär-ä. Öň owadandyň. Indi kakam gelse, seni
tanamaz. Öňki ýaly bolsana, eje!
Ejem maňa ilki jogap bermedi. Diňe birsalymdan soň owfuldap demini aldy-da,
meniň saçlarymy sypalap, pyşyrdady:
-Ine, sen öýlenersiň, çagalaryň bolar, onsoň kakaň hem geler, menem öňkim ýaly
bolaryn... Hökman şeýle bolar, oglum!
Men ejemiň bu diýenlerine düşünmedim. Ýöne bir zady açyk bilýärin: Uruş
gutarar. Sebäbi urşup ýören uly adamlar uruşmakdan we çilim çekip, gaharjaň
bolmakdan ýadarlar-da, uruşmaklaryny goýarlar. Sebäbi hemme kişi näme etse-de, näme
başlasa-da, ahyr soňy şol zatdan ýadaýar. Onsoňam kakam dolanar. Sebäbi muny maňa
ejem aýtdy. Ỳagşyň ỳene-de öňküsi ýaly mylaýym boljakdygyna bolsa özüm ynanýaryn.
Muny maňa hiç kim aỳtmady, ỳöne munuň şeýle bolmagyny meniň özüm Alla jan atly
rehimdar daỳy jandan diläp aldym...”

“Edebiýat we sungat” gazetiniň 2008-nji ýylyň
30-njy maýyndaky sany
awtor; Serdar Atayew
28
77
seljukly
24.11.2023 06:08
GÜNDELIK

Uruş gidýän ýurtlaryň biri...
...Haraba bolup ýatan, ýykyk-ýumruk jaýlar. Diwarlarynyň galyndylary hüýt gara
bolup somalyşyp durlar. Nirä seretseň ýatan gara-köỳük bolup ỳatan kerpiç bölekleri.
Owum-döwüm bolan daş üýşmekleriň biriniň üstünde-de, soňky üç sahypasyndan
galany ýanan depder ýatyr. Şemal ony şapyrdadyp eýläk-beýläk agdarỳar. Ỳagyş-ýagmyra ezilendigi zerarly depderiň sahypalarynyň ýüzündäki ýazgylary zordan aýyl-
saýyl edip bolýar. “Şu gün 199..-nj ..ýylyň mart aỳynyň 28-i, günortadan soň” diýip, üç
sahypanyň ilkinjisinde çaganyň entek ýazuwa gaty bir endik etmedik eli bilen bulaşyg
hatda ýazylypdyr.
“...Ýaňy ejem geldi. Bu günem ýene-de ýartyja gara çörekden başga hiç zat
tapmandyr... Aý, tapan hem bolsa puly ýeten däldir. Zatlar gaty gymmat. Onsoňam indi
iỳmit gözlemek üçin köçä arkaýyn çykar ýaly hem däl. Ýygy-ýygydan şäherimizi
bombalaýarlar we top okuna tutýarlar. Gün-günden top okundan we bombalardan
gizlenilýän gaçybatalga kän gatnamaly bolýar. Her gezek top oky golaýraga düşeninde,
jaýymyz süňňi bilen elenip gidýär...
Barha ysgyndan düşýäris... Ejeme dözemok. Ýöne nädeýin? Özüm bolsa ýaňy
dokuz ýaşymda.. Ine, şu wagt ejem janyň ýanyna baryp, boýnundan gujaklap: ”Eje,
mähribanym, eziz-eziz ejem jan, sen gynanma, bu getiren çöregiň tygşytly tutsak, üç
güne dagy ýeter. Onsoň bolsa kakam dolanar, hemme zadymyz hem köpeler” diýip,
ejemi köşeşdiresim gelýär. Emma ejem ýene-de aglar öýdüp gorkýaryn. Wah, kakam şu
wagt öýde bolan bolsady, ejemi hem köşeşdirerdi, hemme zadymyzam bol bolardy...
Ýöne, arman, kakam uruşda-da...
Ýogsa-da şu kakam ýaly uly adamlar näme üçin uruşýarkalar? Biz-ä, ine, sögüşip
jedelleşip uruşýarys.. Ulular bolsa ýöne gyrlyşyp ýörler. Men bilỳärin! Olar çilim
çekýärler, şonuň üçinem uruşýarlar. Sebäbi çilim çekseň, gaharjaň bolýarsyň, gaharjaň
bolsaň, urşup ugraýarsyň..
Bir gezek kakam aşhananyň penjiresiniň öňünde çilim çekip otyrdy. Şonda ejem
kakamyň ýeňsesinden baryp, boýnundan gujaklapdy-da, eňegini onuň kellesinde goýup:
-Çilim çekseň üsgülewigiň tutýar, onsoňam erbet gaharjaňlygyň artýar. Sähel zada
jynyň atlanyp başlaỳar. Çekmesene!–diýdi. Kakam şonda ýylgyryp, bärsine öwrüldi-de,
çilimini öçürip, ejemi özüne çekdi.
Men aşhananyň gapysyndan jyklap, olaryň ähli hereketlerini synlaýardym. Ejem şol
wagt şeýle bir owadandy, şeýle bir owadandy.. Ejem gülende, kakam ikimiziň daş-
töweregimiz alaýaz bolup, otagyň howasy täzelenene dönýärdi. Kakam bolsa elmydam
oýun edip, ejemiň dyzyna ýetip duran gün çyksa ýaldyraýan şar gara saçlarynyň özüni
tora düşürendigini aýdýardy. Men henizem kakamyň şol sözlerine düşünmeỳärin.
Heýem ejemiň saçlaryndan tor bolarmy?...
Şonda meniň ähli zady synlap durandygymy görüp, ejem hasam gyzarypdy. Men
edil şol wagt daşarda goňşymyzyň özüm ýaly ogly bilen urşup, üst-başymy gum edip
öýe gelipdim. Özümem ejemiň geýimimi zaýalanym üçin özüme käýemeginden
çekinýärdim, şonuň üçin hem hiç zat gürlemän, ýüzümi sallap durdum. Emma ejem
maňa käýýemedi. Gaýta bolup durşuma seredip, loh-loh gülýän kakama goşulyp, enaýy
ýylgyrdy-da:
-Haý, bezzat, ýene-de ojakdan çykan gara jynjagaza dönüpsiň-ä. Saňa çäre boljak
däl-ow! –diýip, ýüzümi öňlügi bilen süpüripdi.
Kakam bolsa gülüp:
-Hany bezzat, aỳt bakaly sen näçe ỳaşadyň?-diỳip, her gezek berỳän soragyny
beripdi. Men ol wagt mekdebe gitmeýänligim zerarly san bilmeýärdim. Şonuňejemiň öwredişi ýaly, ilk-ä iki gezek on barmagymy, soňam bir gezek bäş barmagymy
görkezdim. Meniň bolşuma olar hezil edip gülüşipdiler, men bolsa üstümden
gülünýändigine öýkeläpdim. Şondan bir aý geçenden soň bolsa, kakam ikimiz maňa gyz
jigi getirmek üçin, ejemi bäbekhana iberipdik...
Eýýäm gyz jigim dört ýaşady. Hanha, şu wagtam yňňyl-çyňňyl edip ejeme azar
berip oturandyr.
Kakamdan welin hiç hat gelmeýär-dä...
Öňräk bir gün ejem öz otagynda bir haty okap oturan ekeni. Men girdim welin,
näme üçindir, derrew ony gizledi, emma men barybir görmäge ýetişdim we ol hatyň
kakamdan däldigini tanadym. Sebäbi men kakamyň hat ýazyşyny bilýärdim.
-Eje, näme üçin haty okamaýarsyň? Ýa kakama bir zat boldumy?-diýip, men
soranymy duýman galdym.
Şeýle diýen badyma ejem ýaňagyma şarpyldadyp goýberdi-de:
-Beýle pikirlenmäge het etme. Ol diridir. Diri!-diýip, gözümiň alnynda elindäki
haty jyrym-jyrym etdi. Soňam iki eli bilen ýüzüni ýapyp, tutuş süňňi bilen titräp aglap
başlady...Men ejeme näme bolýandygyna hiç düşünip bilmedim..Ertesi gün bolsa men
ejemiň ...düýnjügem şeýlebir owadan, şeýlebir owadan ejemiň, kakamyň garryja
daýzasyna meňzäp galandygyny gördüm.
Ulular çilim çekmeseler, gör nähili oňat boljak! Onda olar uruşmazdylar, ejem hem
garryja daýza daýzasyna meňzemezdi, çöregem, beýleki iýmitlerem bol bolardy, menem
sowuk öýde şeýdip hat ýazyp oturmazdym-da, daşarda özüm ýaly oglanlar bilen hezil
edip oýnardym ýa-da mekdebe giderdim. Emma bu wagt oglanlaryň köpüsi ýok, olar
bosgun bolup gitdiler. Mekdebimize-de top oky degendir ýa-da bomba düşendir...Bu
gaty erbet zat.
Dogrusy, mekdebiň bolmanlyg-a hiç. Meniň kän bir oňa gidesim gelibem baranok.
“... Şu gün 199..-nj..ýylyň mart aỳynyň 29-y. Irden.
Daşarda ýagyş ýagýar. Iri-iri damjalar penjirämize şybyrdap degýärler. Men öň
ýagşy gowy görýärdim, aşagynda heziller edip ylgardym. Häzir bolsa ony halamok,
sebäbi peç ýanmaỳandygy sebäpli sowuk damjalar öýümizi hasam sowadýarlar.
Men mekdebe gatnaýarkam, bir synpdaşym bardy. Onuň atasy her günde birnäçe
gezek ak keçe ýazynyp, şonuň üstünde durşuna günorta-günbataratarap ýüzüni
öwürỳärdi-de, bir zatlar pyşyrdap, birnäçe gezek dyza çöküp, aýak üstüne galýardy. Şol
hem agtygyna özüniň edýän işini düşündiripdir, ol bolsa soň bize atasyndan eşiden
zatlaryny aýdyp beripdi.
Ýokarymyzda biz ýaly oglanjyklary we gyz jigim ýaly gyzjagazlary aýratyn gowy
görýän “Alla jan” atly rehimdar daỳy barmyş, ol biziň ählimiziň her bir edýän zadymyzy
görýärmiş, diýýän zadymyzy hem eşidýärmiş, bir zat dileseňem berýärmiş. Özi hem
şeýle bir rehimdarmyş, şeýle bir rehimdarmyş, hemme zadam şol edýärmiş, ýagşy hem
ýagdyrýarmyş, gijäni düşürip, asmana ýyldyzlary hem sepýärmiş, jigileri hem şol
berýärmiş, kesellileri sagaldýanam, Güni dogdurýanam şolmuş. Özem hiç kimiň gözüne
görünmän, asmanda otursa-da, biz hakda bar zady bilýärmiş, bize kömek edýärmiş.
Ol oglanyň aýdanyny eşidip, “Alla jan” atly rehimdar daỳydan herimiz bir zat
diläpdik. Kim oýnawaç, kim pul, kim ulalyp, mugallymyň özüniňem gulagyndangörmegi..., emma hiç haýsymyzyň dilegimiz kabul bolmandy. Onsoň ol oglana
hemmämiz: “aldawçy” diýipdik we onuň bilen gepleşmegimizi goýupdyk.
Ýöne men häzir şol Alla jan atly rehimdar daỳynyň asmanda oturandygyna hem
onuň ähli dilegleri eşidip, dilän zadyňy berýändigine çyndan ynanýaryn. Şonuň üçinem:
Asmanda oturan, çagalary gowy görýän, Alla jan atly rehimdar daỳy jan, senden bary-
ýogy üç zat dilejek. Şol zatlary kyn görmän, maňa bersene!
Goý, gyz jigim sagalsyn, men oňa agaçdan oýnawaç gämijik, matadan gurjak ýasap
berdim. Çaltrak sagalyp, oýnasa bolýar.
Onsoňam, goý, kakam öýümize dolansyn we uruş ýatyp, ýagyş öňküsi ýaly
mylaýym bolsun! Ulular hem çilim çekip, gaharjaň bolmasynlar.
Ýene-de ejem, goý, garryja daýza meňzemesin, saçlaryna-da ak reňk çalmasyn!
Eger şu üç dilegimi bitirseň, men hiç haçan çilim çekip, gaharjaň bolmajagyma we
uruş turuzmajagyma söz berýärin.
All jan, gaỳrat et-de şujagaz haỳyşlarymy çaltrak bitirsene! Sebäbi indi meniň hiç
çydara ýagdaýym galmady-da.. Edil ýöne aglaýasym gelýär-dä...Emma sen aglasalar
halaýan dälsiň. Şonuň üçinem tä kakam gelýänçe, men aglamaryn. Kakam geleninden
soň bolsa, men onuň boýnundan gujaklap, azajyk aglanymda-da, seniň maňa gaharyň
gelmez-ä, hä, şeýle dälmi? Gaharyň gelmez-le...
dowamy bar
awtor; Serdar Atayew
31
118
seljukly
22.11.2023 20:44
Sukur bagsynyn gyzy ( hekaya )

Öwezgelen ussa, Ýegendurdy Mürrük, Şükür bagşy üçüsiniň bu gije ýene başy
Olar köpden bäri duşuşmandylar. Gökdepe töweregindäki obalardan
toýdan gaýdyp gelýän sazanda dostunyňkyda düşläp geçmegi makul bildi. Ol ussa
dostuna sözem beripdi ahyryn... Kakada bir agşam ýatyp ertesi daň bilen Duşaga
tarap ýöräbermeli...
***
Ýolboýy özüni ynjalykdan gaçyran bir wakanyň pikirini edip gelen
sazanda syr alyp, syr berýän dostlaryna içini dökmän oňup biljek däldi. Olar näme
diýerkä? Barybir, bu ahwalat sazandanyň – a ýüregine, öýüňem törüne sygjak zat
däl...
Şükür dutaryna kimdir biriniň ogrynça el degirýändigini öňräkden aňypdy. Ol
bir zat syzýardy. Wehimmi, howsalamy, nähilidir bir düşnüksiz duýgy onuň
kebzesini jümşüldedip gidýärdi...
Bu gün onuň göwnüne ýene çiglik gitdi. Tärimden asylgy dutary ýene
gabyndan çykarypdyrlar. Bagyny baglanda gyrnakbaga derek çigin salypdyrlar.
Şükür bilgeşleýin gyrnakbagy salypdy...
Bu gezek welin... Şükür beýle zady asla garaşanokdy... Gara öýden çykýan
şirin owaz ony doňan ýaly etdi – de goýaýdy. Owazdan dolan öý göýä örküni
ýerden üzüp, batbörek ýaly bolup asmana göterilene döndi...
Şükür gözlerini asmana dikdi. Ol gyrak – bujaksyz asmanyň mawy
alyslyklararyndan öz hyýalynda döreden eziz didaryny agtarýardy... Başy ak
telpeklije , eli gara dutarly oglanjyga derek alagaly gupbaly gyzyň keşbi peýda
bolýar – da ýene eräp, gözden gaýyp bolýar, ötägidýär...
Hurmagözel saz çalýar. Bagşynyň hut öz syntgylan sazyny...
Şüküriň gözleriniň owasy çyglandy. Ol asmana seretdi – de gözýaşyny
gözleri bilen ýuwutdy. “...Wah, oglan bolsaň, yzyma – yz, tozuma – toz boljak
ekeniň, balam”.
Ol gara öýe tarap ätlejek boldy – da, birdenem, bu pikiririnden dönüp,
yzyna dolandy:”Çalyber, guzym. Çalyber... Eliňe gül bitsin. Çalyber...”.
Daş işikde kimdir biriniň bardygyny aňşyran Hurmagözel onuň yza
dolananyny tärimiň gözeneginden görüp galdy.
Indi, Şükür öz gyzynyň şirin – şirin sazlary çalyp bilýändigini bilýärdi,
Hurmagözelem kakasynyň bu syrdan habarlydygyny. Gyz atasynyň paýhasyna,
giňgöwünliligine, sazanda – da gyzynyň, edep – ekramyna. Şeýdip, bu iki göwnüň
arasyna ýüpek ýaly saz düşdi. Bu dilsiz baglanyşyk, sözsüz söhbetdeşlik täsin syr
bolubam galyberdi...
- Türkmençilikde biziň munymyz birhiliräk bolýar – da – diýip, Şükür bagşy
pikirini çugdamlap başlady. – Ýöne men şundan adalatly, şundan halal
çözgüdi tapyp bilmedim. Men oňa halypalyk edip biljek däl, bu bir.Onuň
göwnüne – de degjek däl, buda iki. Çalybersin.
Ara düşen dymyşlygy Ýegendurdy poşy bozdy:- Hak aýdýaň, Şükür. Halatly çagadyr. Göwnüne degmegin.
Öwezgelen ussa onuň sözüniň üstüni ýetirdi:
- Ýene bir zat bar, Şükür jan. Il biler, belki, biýändirem. Sebäp diýseň, “Aý
dogsa älem görer” diýlenidir. Ýöne seniň iliň gepi – gürrüňi bilen işiň
bolmasyn. Sen şu raýyňdan gaýtmagyn, dogan. Goý, çalsyn. Çalybersin.
Ozalam polady ýumşak Şüküriň dost sözünden göwni bähra tapdy.
- Mähir – mylakatyňyza taňrýalkasyn. Arkaýyn boluň, menden öz çagama
zowal ýok. Onsoňam, sazyň gudraty güýçli, ussa gardaş. – Ol şeýle diýdi –
de, gapdalda duran dutaryna el ýetirdi, hortap, uzyn – uzyn barmaklary bilen
onuň kädisini syýpady.
- Çalmasa, ýüregine sygmaz, öler… Bagşy, şeýle diýdi – de dostlary üçin saz
çalmaga başlady. Onuň çalyp başlan söhbetdeşligiň
***
Duşakdaky mähelläniň hepde –bir gezek üýşýän bu ýeri bazar bolup bazaram
däl, ýöne ady “bazar” diýäýmeseň. Her näme – de bolsa, iki sany dükan, ädikçiniň,
demirçiniň ussahanajygy bar, gawun – garpyz, ownuk – uşak zat satýanlaram ýok
däl. Bolýan eken – dä...
Şükür haly horjunyny eşegiň gaňňasynyň üstüne atyp, öýüne gaýtmakçy
bolupdurka bir al atly ýaş ýigit onuň deňesine geldi – de atynyň jylawyny çekdi.
Otuz ýaşlarynda bolaýmasa diýdirýän bu degenek jahylyň arkasynda dutary – da
bar.
Şükür her näçe jan etse – de ony tanap bilmedi, “Haý bilmedim welin, sen,
ýigit, bu töweregiň adam – a däl...” diýip içini gepletdi, oňa çenli atlyýigit salam
berdi:
- Agam, salawmaleýkim.
- Waleýkim. Saglykmy, saglyk amanlykmydyr, inim?
- Agam, kyn görme – de maňa Şükür bagşynyň öýüni salgy bersene.
Şükür oňa näme diýjegini bilmän birazsagynyp durdy – da, gel – aý, näme
bolsa, şol bolsuna urdy.
- Bolýa, inim, salgy bereýin. Ho – ol, kybladaky kepbäni görýäňmi? Edil
gapdal ýanynda – da gara öý bar...
- Hawa, hawa...
- Şükür bagşynyň öýi – hä şol bolmaly.
- Boldy – boldy. Sagja bol, agam. Taňyrýalkasyn.
- Bi, bagşy aga saz çalyp bermek hyýalyň barmydy?...
- Aý, hawa. Bagşy aga bilen bir gije – ýarym gije darkaş uraýsak, diýlip
gaýdylandyr, öz – ä... Görmeli – dä...
Ol atyny debsiläp, salgy berlen tarapa ugrady.
- Baryber bakaly, ynha, menem barýan yzyňdan – diýip, sazanda onuň
yzyndan gygyrdy. Ol Şüküriň sözüni eşitmedimi – nämemi gidiberdi.
***
... Edil beýle bolar öýdüp, Şüküriň pikirine gelmändi. Ol bu pursaty görüp
haýranMyhman atynyň jylawundan tutypdyr – da gara öýüň deňesinde çommalyp
otyr.Ýüzüni keseräk sowup, boýnuny süýndirip, aňk bolup galypdyr. Myhman
Şüküriň gelenine – de, “Geçiberseň bolmyýamy? Näme beýdip otyrsyň” diýen
sözüne – de kän bir üns bermedi...
- Ýuwaşrak bolaweri, jan agam! Halypa gyzyl ot bolup otyr. Heý, şumat onuň
ýanyna baryp bormy?!
... Gara öýden eşdilýän sazyň jadysyna Şükürem bendiwan boldy... gara öý hol,
alysda salgym atýan ýaly... Asmana göterilen batbörek ýaly. Gara öými bu ýa- da
zarňyldap duran altyn owazly alagaly gupbamy?...
Şükür hyýal kölünden çykdy – da “Ähüm! Ühüm! Hurmagözel!” diýip, öýe baka
ýöneldi. Oňa çenli bir topbak gyz gögerçin ýaly güsürdeşip daşaryk çykdy. Olar
çalt – çalt ýöreşip beýleki jaýa girip gitdiler.
“Häýt, diýmäýin diýsänim. Edere işiňiz ýokmy?! Hany, çaý goýuň derrew”
diýip, Şükür çala käýinjiredi – de ýylgyrdy.
Şol wagyt myhman bagşy atyna çalasynlyk bilen towsup mündi – de, ökjäni
göteräýdi. Şükür näme etjegini bilmän onuň yzyndan gygyrdy:”Duraweri,
myhman! Aý saklan – how!”.
Durarmy! Hon – ha, ol atyny ýüzin salyp, gündogara tarap tutduryp barýar.
Şükür onuň kimdigini, adynyň nämedigini – de bilmän, yzyndan garap
galdy.Myhman bagşynyň kellesinde welin şu jümle gaýtalanýardy “Şükür
bagşynyň gyzy şo zeýilli saz çalýan bolsa, onuň özi, gör, nähilidir. Bu ýerlerde
durup bolmaz, halypa.”
21
72
seljukly
21.11.2023 09:14

Gyzynyn,hakykatdanam Garly bagsa aşyklygyna, ol şu mahal gutarnykly göz ýetirdi. Bu

hakykat onuň ýüregini çeýnem-çeýnem

çeýneýärdi.”Biraz wagtdan Peterburga gaýtjak

bolup ýörkäler bu saýry nireden çykdy, nireden

ýolukdy?!Mundan nädip dynyp bolarka?!”

General Garly bagşyny zyndandan çykaryp,

dogduk obasyna sürgün etdi. Obadan çykmagy

gadagan etse-de iki günden generalyň özi Garly

bagşynyň ýanyna geldi. Ol gyzynyň däliräp,

aklyny ýitirerinden gorkdy.Şuranyň gije-gündiz

Garly diýip elenmesi ony şu hereketi etmäge

mejbur etdi.General Garly bilen ýumşak gepleşip

başlady.

--Garly, sen erkek adam hökmünde meniň

ýagdaýyma gowy düşün. Ol biziň ýalňyz

zürýadymyz, tizlikde-de Orsyýete gidýäris. Sen

musurman, ol hristiýan. Senden haýyşym: “Sen

Şura bilen gödek gepleş, özüňi ýigrendir. Ol senden

sowaşsyn. Men saňa türkmen gyzyny alarlyk pul

bermekçi. Başga näme haýyşýň bolsa bitirerin. Senýöne ony özüňden uzaklaşdyrmany başar. Ol entek

çaga ahyry.

--Bizi diňe ölüm aýryp biler. Men Şura üçin

zyndan,sürgün beýlede dursun, dowzahda

ýanmaga-da taýýar.

-- Ýaşlyk etme.Musurman musurman almalydyr.

Ony unutma. Gowusy, sen meniň aýdanymy et.

Şonda ähli zat gül ýaly bolar.

Garly bagşy geplemedi.

***

Günler bolsa geçip gidip barýardy.Generalyň

Orsyýete gitmeli wagty ýakynlaýardy.Şura bolsa

Garly bagşy bilen barha ysnyşýardy.Ol : ”Garla

duşmadyk ýyllarym. Garla duşan ýyllarym” diýip,

öz ömrüni ikä bölýärdi. Garly bagşy hem Indi Şura

pianinoda bir saz çalsa, şobada o sazy dutarynda

çalyp berýärdi. Ol bu dünýäni Şurasyz göz öňüne

getirip bilmeýärdi. General bolsa dürli ýollar, dürli

çykalgalar gözleýärdi. Emma hiç bir hilesi başabarmaýardy. Ol ýalňyz balasyny bu bedýan çölde

taşlap gitmeli boljagyna hiç-hiç ynanasy

gelmeýärdi. Emma Şuranyň bolşy ony hasam gama

batyrýardy. Garlynyň içini gurşundan doldursa,

Şuranyň öljegini hem beýnisiniň bir ýerlerinde

gizlin saklaýardy. Bu yşgyň toply-tophanaly açyk

söweşden has çylşyrymlydygyna tejribeli general,

beýle mesele başyna düşende bilip galdy.Öz

gyzynyň gijäni-gündizi bilmeýän Leýli- Mejnun

ýaly bolanyna akly ýetmedi. Her dem saýy

gyzyndan umydyny üzüp başlady, dogrusy,

umydyny üzmäge mejbur boldy. Ol aýalynyň ene

hökmünde bu meselä gaty rahat çemeleşişine-de

akly ýetmedi. Aýalynyň bir söhbetde: ”Yşkdan

ýokarda ýene yşk bar” diýenine henizem

düşünmeýärdi. Şonuň üçinem aýalyny

doňbagyrlykda aýplaýardy. General Orsyýete

gitmeziniň öňýany Şurany uky derman berip, agyr

ukladyp alyp gitjek bolup, bu çäräni iňsoňky

çykalga hökmünde görüp başlady.Şuranyň ejesihem,ene ýüregibilensyzan ýaly,

gyzynyň gulagynabirzatlarpyşyrdady, aglady,

ýenepyşyrdady.

Şuraonybagrynabasypgujaklady.Bile aglaşdylar.

Ata-enesiniň birküç günden gidýänligi Şuranyň

kalbyna ot düşürýärdi, emma Garlyny ýalnyz

goýmak hakda düýşünde-de bir niýet ýokdy. Garly

ýanynda bolsa, dünýäniň düzelip gitjegine

ýürekden ynanýardy.”Alla aşyklary jübt

ýaradypdyr ahyry”

“Ertirgidýäris” diýlengijäniň ýaryndaenesiemaý

bilenturdy-da, gözüne çüý kakylan ýalybolup ,

özgaraňky otagynda çugudypoturan Şuranyseresap

ýöräpgapydan çykardy. Beýle ýanda Ikiatly we

üçünji atyň üsti boş göründi.Şuranyň ejesi

gyzynygujaklapsessizaglady.Boýur-boýur

ýaşlariçindäki Şura ejesiniň gujagyndan çykyp, boş

ata şeýle çalasyn mündi.Azsalymdanatlylargözden

ýitdigitdi. Atlylar “Nirdesiň Akjaguýy?”

diýipuzakgijeýörediler.Gündepäňigyzdyrypbaşland

aAkjaguýynyň üstündenindiler.Aýal-gyzlarylgaşypŞuranybir öýeeltdiler-

dederrewtürkmeneşiginesaldylar. Ak

ýüzligyzabugyzyl-ýaşyleşiklerhasamowadan

ýaraşdy. Nika gyýyldy. Aşyk-magşugy bir ak öýe

saldylar. Olar jennete giren ýaly, gijäni-gündizi

bilmeýan hala düşdüler.Dünýäni unutdylar.

Aşyklaryň başynda bagt guşy pelpelleýärdi. Bu

bagt ömürlik berlen ýaly bir duýgy ýaşlaryň

kalbynda höküm sürýärdi.Ykbalyň geljekki

sahnalarynda Garly bagşynyň müň dokuz ýüz on

bäşinji ýylda Topby baýyň ýedi gije-gündizlik

toýunda ýigrimi ýedi öküz baýrak aljagyny, müň

dokuz ýüz on ýedinji ýylyň gan döküşikli, gardaş

gardaşy gyran rewolýüsiýasynyň boljagyny,

Şuranyň ata-enesiniň bosgun bolup Parijde

açlykdan öljegini, ýigriminji ýyllaryň açlygyndan

ýaňa köçeleriň ölüden dolup ýatjagyny, otuz

ýediniň basha-baslygynda ýüz müňlerçe adamyň

Sibirde çüýrediljegini, Şura gelneje zurýatsyz

galmazlyk üçin Garly bagşa başga birine öýlenmek

teklibini aýdanda Garlynyň büs-bütin garşyboljagyny, yzýanyndan ikinji jahan urşunyň elli

million adamy topraga dökün edip gömjegini, Şura

gelnejäniň “Gözelim” diýen aýdymy, “Hajy golak”

sazyny ömriboýy ýüz müň gezek diňlese-de

doýman ýaşajagyny, müň dokuz ýüz kyrk ýedide

Şura gelnejäniň maşyn awariýasynda wepat

boljagyny, ýalňyz galan Garly bagşynyň galan

ömrüni özüne ölüm diläp, garyplykda öljegini

ýaşlar entek gümanam etmeýärdiler.Hakyky

durmuşda Garly-Türkmenistanyň halk bagşysy,

meşhur Uly Garly Ilamanowdy, sary gulpakly gyz

Şura- Garly bagşa we sungatyna aşyk bolup

Türkmenistany öz Watany hasaplan, rus general

gyzy Şura gelnejedi.

Soňy

awtor Oraz Yagmyr

usn berip okanynyz ucun kop kop sag bolun

23
57
seljukly
20.11.2023 14:00

dusundiris ; kabir agzalaryn hayysy boyunca blokladylar dowamyny goyup bilmedim

Ahyry ejesi surnugup öz düşegine geçip öli ýaly ýatdy.Şura bolsa ylgap-

ylgap daşary çykyp, howlynyň gapysyndan daşary

seretdi.Gijäniň bir wagtlary general howla girdi.Ol

Şura bireýýäm ýatandyr öýdüp gelýärdi.Gelşine öz

otagyna baka öwrüldi weli yzyndan Şura ylgap

ýetdi.

--Kaka!Kaka! Bir minut dur.Neneň meniň

doglan günümi gutlaman gezdiň.

--O-o, gyzym, gumrujygym, sen ýatmanmydyň.

Bagyşla, işler gyssagly boldy.—Kakasy ylgap

gelip, gyzyny gujaklady—Meniň ýeke-tägim,

meniň melegim, ömrüň uzyn bolsun. Saňa

tükenmez bagt arzuw edýän.

Şura kakasynyň gujagyndan silkinip aýryldy.

--Men seni tanaýan-a, kaka. Gaty aýp

boldy.Karli ilkinji gezek bize geldi. Sen oňa:”Hoş

geldiň” diýmäge özüňde güýç tapmadyň.

-Gyzym, mähribanym…--Ýok, kaka. Men çaga däl. Nämeler bolýanyny

gaty gowy bilýän. Haýyş edýän, meň bilen açyk

gepleş. Orsyýetiň harby ministri, hat-da imperatory

bolup bilersiňiz, emma, emma Karli ýaly beýik

ussat bolup bilmersiňiz.

--Rahatlan gyzym.Menem gaty ýadaw geldim.

Bar, otagyňa giripjik ukyňy al.Ähli zat gül ýaly

bolar.

General öz otagyna baka ýöräp gitdi. Onuň bu

bolşuny gyzy gaty sowuklyk diýip kabul etdi. Öz

otagyna ylgap girdi-de ýüzüni ýorgana berip

içigip-içigip aglap başlady. Az salymdan ejesi

gelip,Şurany gujaklap, bile aglaşdylar.Ýürekler

biraz gowzanda:”Men seniň tarapyňda,

gyzym.Ýöne biraz sabyr et.Biraz dury başly oýlan.

Özüňe keseden bakyp gör. Sen meniň diregim

ahyry.

--Ejejan,ejejan! Ýüregim bir aýylganç sowuklyk

duýýa. Kakam Karliniň janyna kast eden ýaly bir

zatlar syzýan, eje.--Goýaweri, goýaweri. Kakaň o derejedäki adam

däl ahyry. Sen gaty ýadaw, gyzym.Gel bileje

ýataly.

Ejesiniň gujagynda ýatsa-da onuň bu gije

uklaman, birden-birden turup, daşary ylgap, daşky

gapydan ýola garap, ýüz müň pikir-duýgyny

neneňsi başdan geçirenini doly ýazmak üçin kagyz

ýetmez.Gaty uzaga çeken gijäniň ahyry Gün dogdy.

Şura kakasynyň turaryna sabyrsyz garaşdy.Ahyry

otagdan çykan kakasyny görüp, oňa baka uzyn

köýnegini süýräp ylgady.

--Kakajan! Men Karliniň nirededigini bilesim

gelýär.Men onuň bilen görüşmeli.Ol öýündemidir,

jany sagmydyr.

--Gyzym, meni kyn ýagdaýda goýma. Her

öňýeteniň nirede, näme işleýänini bilmerin ahyry.

--Kakajan! Meniň bile beýle sowuk

gepleşme.Karli geljekde Siziň giýewiňiz

bolmaly.Ol ýat-keseki däl

--Rahatlan, gyzym.Bizem seniň bagtly

bolmagyňy isleýäs.

Şura öz otagyna girip ýene gözýaş kölüne gark

bolup galdy. Onuň duýgur ýüregi Garlynyň başyna

bir iş düşenini gizlin habar berýärdi.Garly şeýle

ýagdaýdaka Şuraöýünderahat ýatsabolmazahyry.Ol

ömürlikGarlahyzmatederindiýip özi

özünesözberipdiahyry.Şurahasyrdyklapdaşaryylgad

y.Paýtun ýok .

Diýmekkakasyeýýämgidipdir.Şurakakasyndanbaşg

abiriniň

ýamanlykedipbiljegineynanmaýar.Öňürtmeli!Öňürt

meli! Azsalymdan ŞuraeýýämGarlybagşynyň

ýaşaýanjaýynyň gapysynygaty-

gatykakypbaşlady.Jogap ýok, ses ýok. Ylgap

ýenepaýtunamündi-degönikakasynyň işleýän

ýerinegitdi.Esgerler Şuranygörendensähelbaş

egipsalamlaşdylar.Üraolardankakasynysorap,

jogabagaraşman ýenebirindenkakasynysorapiki

ýanatasady.Ahyry, olaşakda, ýerzeminde

ýerleşýänzyndanabakaylgady.Esgerleriň birionuňöňüneböwetboljakboldyweli, Şuraonybir

ýanaitipgeçdigitdi.Garaňky zyndanyň demir

gözenegine ýakyn gelen badyna Garly towsup

turdy-da “Şura! Şurajan!” diýip tolgunyp gygyrdy-

da gözenegiň aňyrsyna geldi.

--Ah Karli! Karlijan! Seni ähli jebirlere duçar

eden men boldum.Bagyşla, Karli. Az salym sabyr

et, men ähli işi düzederin.—Şo mahal bir esger

geldi-de çekinjeň gepläp başlady-Bagyşlaň,

hormatly Hanum. Düzgün boýunça biz Sizi bu taýa

geçirmeli däl.Wagtlaýynça çykmasaňyz meni türmä

atarlar. Ýalbarýan, hormatly hanum!

--Bolýa, bolýa. Düşünýän.Hazir, häzir. Karlijanym

sen sabyr et. Men häzir seni boşatdyraryn,

bolýamy, Karli?—Şura gözenege elini sokup,

Garlynyň çekgelerinden sypaşdyrdy.Soňra daşary

ylgady.”Men bilýädim-ä. Karli ikimize kakamdan

başga duşman ýok. Beýle beýik ussady zyndana

atmaga neneň dözdüň ahyry?! Beýle wagşylyk

dünýäde ýokdur.Sungaty horlamak-gan damarykesmek.”Şura bu duýgular bilen ylgap barşyna

paýtuna mündü-de esgerleriň tälim alýan

meýdanyna ugrady. Ol bu gezek kakasy bilen çürt-

kesik gepleşmek isläp barýardy. Uzakdan

kakasynyň gün yşygyna ýyldyrdaýan zerli

pogonlaryny görüp paýtunçyny hasam gyssady.

Kakasy hem gyzyny uzakdan gördi öýdýän,

köpçülikden saýlandy-da gyzynyň gelýän tarapyna

ýöräp ugrady.

--Kaka!Kaka! Men seniň wagşylygyňy öňem

bilýärdim, ýöne bu derejedeligiňi hiç-hiç güman

etmändirin.

--Gyzym, şu mahal hiç zat sözleme. Kabinetde

düşünişeris.

--Karlini edil şu pursatda zyndandan

çykarmasaň, bütin Peterburga telegraf

ýaýratjagymy aýdaýyn.

--Gyzym, sen dälireme! Ýat bir ýerdeligimizi,

her ädimimiziň howp-hatarlydygyny unutma!--Ýalan! Bu halk entek özüniň gul edilenini hem

duýmaýar. Karliniň dutardan başga ýaragy hem

ýokka zyndana taşladanyňy hiç söz bilen aklap

bilmersiň.

General geplemän öz paýtunyna mündi-de

ugrady, Şuranyň münen paýtuny hem onuň yzyna

düşdi.Iş ýerine gelenlerinde general gyzynyň

elinden tutup paýtundan düşürdi. Bile ýöräp iş

kabinetine girenlerinde, “Men bir minutdan gelýän”

diýip, gapyny daşyndan ýapdy-da başga bir otagda

bir harby adama tabşyryk berdi-de ýene öz

kabinetine dolandy.

--Ýeri, gumrujygym, hany aýt, doglan günüň

şadyýan geçdimi?! Men ýene ötünç soraýan.Geljek

ýyl seniň doglan günüňi Peterburgda belläris.

Petergofda Baltika kenarynda deňzi synlap

oturarys.

--Kaka, sen meni ýene çagasyradyp başladyň.

Karlini häziriň özünde boşadýamyň ?--Kim o Karli? Biziň gol astymyzda hiç kim

zyndanda däl. Häzir bir owurt kofe içeli, soňra

bileje gideli.Ata-eneňe-de ynan, gyzym. Biz saňa

ýamanlyk etmeris ahyry.

--Kaka! Kakajan!—Şura aýalary bilen ýüzüni

örtdi- Kaka, men gutarnykly netijä geldim, Men

Karlini söýýän, olam meni söýýär. Sen biziň

ýolumyzy aç. Biz bagtly bolasymyz gelýä.

General örän syrly dymdy-da ýerinden turup,

penjirä bakdy. Şura ylgap gelip kakasyny

gujaklady. Joşup gelen gözýaşlar generalyň zerli

pogonyna damyp başlady.

--Kakajan! Sen ömrüňde söýüp görüpmidiň?! Bu

söýgini bize Hudaýyň özi beripdir. Sen bize garşy

bolma, kakaja-an! Maňa Karlisiz ömür derkar dä-

äl.

--Rahatlan, gyzym.Ähli zat gül ýaly bolar. Hany,

bir owurt suw iç. – Kakasy tiz ýöräp, bir piýala

suw alyp gyzyna içirdi. Şura agysyny goýsa-da ulygözleriniň hanasy gözýaşdan dolup, ýaňaklaryndan

syrygýardy.

--Gyzym, isleseň ýör, zyndanlara aýlanaly.

--Hökman, hökman. Men Karlini alyp gitmeli

ahyry.—Kakasy gyzy bilen zyndanlara baka

ýöredi.Ýolda ol aldygna hoş sözler aýdyp, gyzyny

köşeşdirmäge çalyşdy. Şuranyň biraz öň öz gözleri

bilen gören zyndanynyň demir gapysy açyk

durdy.Şura kakasyna şeýle bir gahar bilen seretdi

weli, hat-da köpi gören kakasy hem ýüzüni

sowanyny bilmän galdy.—Kaka! Meň bilen syçan-

pişik oýnuny oýnama.Karlini nirä ugratdyňyz? Ýa

atdyňyzmy?—Şura möňňürip aglap, paýtunyna

baka ylgaşlap gaýtdy.”Näme üçin adamlar zalym

bolýarka?Ýer togalagynda her kişä ýer bar ahyry.”

Şura kakasyna garaşman, paýtunyna münüp,

göni Garly bagşynyň öýüne ugrady. Kakasy bolsa,

şo taýda galdy-da agyr-agyr çilim sorup, ýere

bakyp, ikiýana ýöredi.Onuňam kalbynda tupan bary

gopýardy. (dowamy sonky bolumi )

awtor;Oraz Yagmyr

18
139
seljukly
13.11.2023 07:18

(dowamy )--Karli! Karli! Sen owadan ýigit. Sen mydama

owadan bolarsyň. Karli, berekella!

Aşyk-magşuk ýuwaşja ýöräp paýtuna

ýakynlaşanda, öňde paýtuna goşulan atyň

ýorgalap gelýäni, üstünde-de generalyň oturany

aýyl-saýyl göründi. Garly bagşy gaty birahat

bolup, bir Şura, bir-de generally paýtuna howsalaly

bakyp başlady.Muny şobada duýan Şura :”Karli,

ähli zat gül ýaly.” diýdi. Yzýany hem generalyň

lowurdap duran paýtuny bularyň deňine gelip

durdy.General gaty gaharly göründi.

--Şura, eglenme, meniň paýtunyma mün!

--Ýok, kaka, men Karli bilen bile barmakçy.

General paýtundan haýbatly düşdi weli, Şura

Garly bagşyny gujaklady.

--Seniň garşylygyň peýdasyz, kaka. Men çaga

däl.Ikimize ak pata ber, kaka!Bize garşylyk

görkezmäňi kesäý, kaka!General öz gyzyna hem-de başyny aşak salyp,

generala bakyp bilmän duran Garla örän zäherli

bakdy. Orta ýolda gowga turzup durmany uslyp

görmedimi-nämemi,ýa-da gyzynyň gylygyna

beletligindenmi, paýtunyna gazap bilen mündi-de

geçdi gitdi.

Garly bagşa jan geldi. Ol bütinleý

üýtgedi.Şuranyň elinden tutup, oňa mähremlik

bildirip paýtuna mündürdi.Özem Şuranyň ýanynda

oturdy.

--Ýör, gideli, Şura! Seniň üçin men dowzahda

aýdym aýtmaly bolsam-da giderin.

--Ýör,ýör.

Paýtun tiz ýöränsoň, ýelginine o jadylaýjy sary

gulpagyň burumlary hä bu ýana, hä o ýana owsun

atdy, ahyrda-da Garly bagşynyň ýüzüni tutuşlygyna

örtäýdi.Ýüzünden gulpaklary emaý bilen aýran

Garly bagşy hem, saçlaryny ýele dagytmajak

bolýan Şura hem bir-birine teşne ýylgyryşdylar.General howlusyna girenlerinde ejesi ýaşlary

güler ýüz bilen garşylady.Şura muňa monça boldy.

Ol Garlydan biraz öňe ylgap baryp ejesini

gujaklady we gulagyna bir söz

pyşyrdady.”Goýsana, gyzym.” diýip,ýylgyryp

garap, Garla baka ýöredi.

--Geliň, geliň.Geçiberiň. Gyzym sen myhmany

piano otagyna eltäý. Piano çalyp ber.Gyzykly

bolar.

--Meniň ejem altyndandyr.Ejeme Swetlana

Wladimirowna diýýärler. A bu ýigit Karli- Şura

piano otagyna barýarka bu sözleri aýtdy we Garly

bagşynyň goşaryndan mäkäm tutup gitdi. Tä

çagyrylanlar gelişýänçä Şura dürli sazlar çalyp, saz

hakda gyzygyp gürrüň berip, Garly bagşyny

güýmedi . Garly bagşy general geläýse özüni nähili

tutmalydygy hakda oýlandy.”Näme bolsa-da Alla

bardyr.Ölmelem bolsa, Sura üçin ölerin” diýip

oýlanýardy. Bir salymdan Şuranyň ejesi gelip

ýaşlary stol başyna alyp gitdi.Oturanlar ör turup, elçarpyp Şuranyň doglan gününi gutladylar. Şura

Garly bagşa üns çekdirjek bolup, onuň adyny

birküç ýola aýdyp, meşhur türkmen bagşysy diýip

tanyşdyryp çykdy, emma oturanlar Garly bagşa

şeýle sowuk garap göýberdiler. Şuranyň göwni

üçin baş atan boldular. Ýiti nazarly Şura bu ahwaly

şobada duýdy.Kakasynyň bu dabara gelmän, göwne

degýäniniň üstesine, bularyň hem Garly bagşyny

äsgermän oturyşlary onuň biraz gaharyny getirdi.

“Içiniz ýansyn. Siz şeýtseňiz, men beýderin”

diýýän ýaly, Şura ylgap gidip, Garly bagşynyň

dutaryny getirdi-de:”Karli,Karli! Hany şo meşhur

aýdymy aýdyp bersene, beýleki aýdymlaryňy,

sazlaryňy hem arkaýyn aýt, bu taýyny öz öýüň ýaly

gör.” diýdi. Garly bagşy başyny dik tutup,

“Gözelim” diýen aýdyma başlady.Aýdym

başlansa-da hümürdi ýatmady weli,Şura başam

barmagyny dodagyna kese goýup,”Sesiňizi goýuň”

dýen yşarat etdi. Garly bagşy şu gezek bu

aýdymyň öz ykbalynda öwrülişik döredip biljek

derejede möhümligine göz ýetirdimi, ýa-da öz içkijoşgunyna bäs gelip bilmedimi-nämemi, gaty

ýokary heňde aýtdy we sesiniň beýle belent

ýaňlanyşyna özi hem haýran galdy. Aýdym tamam

boldy weli, Şura şobada turup,”Brawo!Brawo!”

diýip gaýtalap, Garly bagşynyň arkasyna kakdy.

Beýleki oturanlara garap: “Ine, gaýtalanmajak

sungat” diýip batly sözledi. Garly bagşy ýene

birküç aýdym aýtdy, aýdyp otyrka-da kämahal Şura

bakyp ýylgyrdy, Şuranyň bu aýdymlara-da ýürek

berşini synlady.Şura tutuşlygyna duýgular

ummanynda ýüzýärdi.Garly bagşy muňa aňryýany

bilen göz ýetirdi. Aýdym tamamlananda sazyň

arasyny üzmän, meşhur”Hajy golak” sazyna

başlady.Gözleri ýumuldy.Garly bagşy bütinleý

özüni unutdy. Düýgularyň joşguny ony iki ýana

yralap başlady.Şura doňup galdy.Ol bu sazy ilkinji

gezek diňleýärdi, asla bu jelegaýlarda beýle çuň

pelsepeli saz bardyr diýip gümanam etmeýärdi.

Hälden bäri Garly bagşyny bu üýşmeleňe

gerekmejek keseki görüp oturanlaram

dymdy.Şuranyň ejesi elindäki akja ýaglyk bilengözýaşlaryny duýdurman süpürip goýberdi.Şura

aýalary bilen gözlerini ýapyp, başyny egip

otyr.Ahyry saz tamamlandy.Bagşy ýüzüniň derini

birküç ýola süpürdi-de başyny egip oturdy. Az

salymdan Şura bagşyny gujaklap:”Sen beýik

ussat,Karli” diýip, pyşyrdap diýen ýaly

sözledi.Birdenem serkerde geýimli, kyrk

ýaşlaryndaky adama bakdy-da:”Siz, baryňyz

türkmenleri wagşy hasaplaýaňyz. Bu ýalan! Şeýle

sazy döredip bilýän, saza şeýle ýakyn milletem

wagşy bolarmy!? Ýalan!Siziň özüňiz wagşy. Siz

olary gyryp, watanyny elinden aldyňyz.

Şuranyň ejesi tiz ýerinden turup, ylgap

baryp,gyzynyň arkasyny sypalap:”Köşeş, gyzym,

köşeş. Ähli zat gül ýaly” diýdi. Şura gözýaşlaryny

süpürip, rahatlanan ýaly boldy.Emma ýene şo

harby geýimlä bakdy-da birden gaty gepläp

başlady.

--Elbetde, hakykat göz çokalaýar. Men muny

kakama-da aýtdym.Kimdir biri dogrusynyaýtmalydyr ahyry.—Şura Garly bagşynyň eline

elini goýup oturdy.”Karli, bagyşla, seniň keýpiňi

bozaýdym öýdýän.Biz bagtly bolarys,şoňa

ynanýan.”

Bu oturylyşyga biraz sowuklyk aralaşanyny

duýdy öýdýän, harby eşikli kişi ýerinden turup,

elindäki şeraply pyýalany ýokary göterdi.

--Zenanlar we jenaplar! Men şu pyýalany eziz

Şurajygymyzyň bagtly bolmagyny diläp içýärin.

Galan zatlar düzeler gider.

General gelmänsoň, Garly bagşynyň beýle öňe

geçirilmegine içki garşylyklary güýjänsoň,

gelenlerondan-mundan gürrüň edip, uzak oturman

dagadylar. Garly bagşy hem turarmen boldy weli,

ony Şura goýbermejek bolup köp dyzady, ahyry,

ertir duşuşmak şerti bilen, Garly bagşyny howlynyň

daşynda garaşyp duran paýtuna mündürip

goýberdi. Emma paýtunçy paýtuny Garly

bagşynyň öýüne däl-de, generalyň işleýän ýerine

sürdi. Paýtundan düşdüler weli, bir rus esgeri ylgapgeldi-de “Ýaragyň barmy?” diýip, jogaba-da

garaşman, Garly bagşynyň bütin bedenini aýasy

bilen basyşdyryp çykdy. Ýarag tapylmansoň, yzyna

düşürip, jaýa girip gitdi.Bir peşeneli gapydan

girenlerinde garşysynda general zerli pogonlaryny

şem yşygyna ýaldyradyp otyr. Garly bagşynyň

salamyna jogap bermän,”Sen näme üçin tabşyrylan

işi etmän, meniň maşgalama azar berdiň, bizi

birahat etme diýildi ahyry” diýip, uzak gürrüň

edildi. Garly bagşy hem öňküler ýaly

ýygrylmady.”Meniň Size, Şura gyzyňyza

hormatym uludyr” diýip, özüni goramany

başardy.Şeýle-de bolsa, Garly bagşyny ýerzemine

eltip, demir gözenekli garaňky jaýa dykdylar.Ne

oturara ýer bar, ne-de ýatara. Garly bagşy gijäniň

uzynlygyny ilkinji gezek zyndandaduýdy. Ýöne

küýi-pikiri Şura boldy. Şura zor bilen otla

mündürilip Orsyýete ugradylan ýaly duýgy ony

heýjana saldy.“Men Orsyýete gidip, ony nireden

tapybilerin?!Ýok-la, Şura meni taşlap gitmez-le.”

diýip, özüne özi göwünlik berip gördi. “MejnunLeýli diýip bedýan çölde çüýremedimi?! Perhat

Şirin diýip gara daglar gazmadymy?! Tahyr Zöhre

diýip däli derýada akmadymy?!” Daňdanlar bir rus

esgeri çeltek gepläp geldi.

--Sen general doçkasyny söýýär aýtdylar.

--Il aýdýan bolsa, ýalan däldir.

--Berk dur. Ýakşy doçka.Gozel.—Ol başam

barmagyny gaýşardyp, gowy diýen yşarat etdi-- O

general doçka kakasyna komandir. Bir doçka

bar.Başka net. Sen baý kişi boljak.General puly

çook.-Esger jalbarynyň sag jübüsine aýasyny

patladyp-patladyp urdy.

--Nesibedir-dä, näme bolsa görübereris.

Garly bagşy Şuralaryň öýünde turýan

topalaňdan habarsyzdy.Şura tä kakasy işden

gelýänçä sabyr-takatsyz ikiýana elewräp geçdi.

Garşy-garşy ejesini gujaklap, ejesi hem gyzyny

gujaklap aglaşdylar.Ejesiniň köşeşdirjek bolmasy

Şurany gaýta öjükdirýärdi.

dowamy bar

awtow;Oraz Yagmyr

23
76
seljukly
12.11.2023 00:20

Eli dutarly bir ýigit Marynyň “Ýolbarsly”

çaýhanasynyň ýanyndan geçýän köçäniň

gyrasynda durdy. O ýigidiň gözleri ýanýardy,

aýratyn bir timar berlen şar gara murty şöhlelidi.

Uzakdan generalyň paýtuny göründi. Ýaňky ýigit

köçä has ýakyn durdy we gözlerini paýtundan

aýyrmady.Paýtunyň yzky oturgyjynda sary

gulpakly rus gyzy töwerege bilesigeliji garap otyr.

O gyz ýigidi görenden ýylgyrdy, ýigidem oňa

mährem ýylgyryp bakdy-da “sag bol” diýýän ýaly

edip elini salgady. Gyzam ýylgyrdy. Baş

atdy.Paýtun uzakda gözden ýitdi. Beýle pursat

soňam birküç gezek gaýtalandy.Ýigit sary

gulpakly general gyzyny göresi gelip, özge

dünýäden sowap başlanyny hem duýmady.Bir gije

“Ýolbarsly” çaýhanasynda gözlerini ýumup, ,

“Gözelim” diýen aýdyma gygyryp otyrka, birden

gözlerini açdy weli, gapynyň bosagasynda şol sary

gulpakly gyz ýylgyryp dur. Bagşy aýdymyny

kesdi.Ýerinden turdy.Gyz ylgap geldi-de bagşynyň

golundan tutdy.--Sen beýik bagşy.Adyň näme?

--Garly.

--Karli, meniň doglan günüm şu aýdymy aýdyp

berermiň?

--Çagyrsaňyz aýdaryn.

--Men seni çagyrýan. Juma güni agşamlyk

hökman bize gel.

Sary gulpakly gyza ýakyndan bakyp, onuň

erem bagy ýaly ýakymly ysyna aklyny ýitirip duran

bagşy özüni bütinleý unutdy. Töwerekde aýdym

diňläp oturan märeke-de bu wakany görüp geň

galdy.Şo mahal general gaharly ýöräp jaýa

girdi.Hiç kime garaman, göni gelip, gyzynyň elini

bagşynyň elinden siltäp aldy-da, daşary ýöräp

ugrady.Gyz öýden çykýança bagşydan gözüni

aýyrmady.

--Kaka men bagşyny doglan günüme çagyrdym.

Ol hökman bizde aýdym aýdar .General geplemedi. Zarply ýöräp, gyzyny süýräp

diýen ýaly idirrikledip çykdy gitdi. Paýtuna

münensoňlar general gaharly bolsa-da özüni

saklady.

--Gyzym, sen meni masgara edýäň. Saýrylar

bilen beýle gepleşmek bolmaz.Seniň aklyň ýetmeli

ahyry.Wagşylykdan saýlanmadyk sürä ýakyn

durmak bolarmy?!

--Kaka! Beý diýme! Türkmenler paýhasly

halk.Siz olary gyryp, watanyny elinden

alypsyňyz.Men Merwe gelenim bäri olaryň dilini

öwrenýän. Ýaňky sazy bir diňlän bolsadyň, kaka! O

bagşy hem beýik bagşy…

--Gyzym, rahatlan. Ýene bäş-alty aýdan biz

Peterburga döneris. Fransuz dilinden sapaklaryňy

dowam edersiň, piano çalarsyň.

--Maňa türkmen dilinden başga zat gerek däl.--Sen kakaňy bütinleý äsgermän başladyň, Şura

jan. Sen biziň ýeke-tägimiz ahyry. Ähli zat gül

ýaly bolar, meniň gumrujygym.

--Elbetde.Ýöne meniň doglan günüm o bagşy

hökman aýdym aýdar.

General dymdy. Öýlerine gelenlerinde gyzyny

paýtundan düşürip, paýtunça bir zatlar pyşyrdady.

Paýtunçy:”Bolýa,bolýa” diýip baş atdy-da paýtuny

göni “Ýolbarsly” çaýhanasyna baka sürüp gitdi.

Çaýhana baryp bagşynyň gulagyna bir zatlar

pyşyrdady-da ýom-ýok boldy.

***

Anna güni gelip ýetdi.Kakasy bu gün adaty

günlerden has ir işe gitdi. Sary gulpakly gyzy ony

görmän galdy. Günortan hem kakasy nahar iýmäge

gelmedi. Şura muny ýagşylyga ýormady. Öýländen

başlap gaty birahat hereket edip başlady. Tız-

tizden howlynyň daşyna çykyp, ýola uzak-uzak

garap başlady. Ejesi muny göz astyndan synlasa-da

bilmedik-duýmadyk boldy.Şura uzak takat edip bilmedi. Öý hyzmatyny edýän

bir oglana pişigiň gulagy ýaly kagyzjyk berdi-de:

“Şu haty nirede bolsa tap-da Karli bagşa tiz

gowşur” diýip berk tabşyrdy. Hyzmatkär Garly

bağşyny “Ýolbarsly” çaýhanasyndan tapman öýüne

bardy.Haty gowşurdy. Garly bagşy bukjany açyp:”

Karli salam. Men seniň geleriňe sabyrsyz

garaşýan.Tiz gel. Men seni söýýän” diýen ýazgyny

okady.Ýüzi gyzyp gitdi. Onsoň özi bir kagyzjyga

bir zat ýazdy-da hyzmatkäre uzatdy.Az wagtdan

hyzmatkär ýaňky bukjany Şura gowşurdy.Hatda

şeýle ýazgy bardy:”Şura salam.Men hassalygym

sebäpli ýaş toýuňa baryp bilmeýärin. Sen meni däl,

başga bir rus ýigidini söý.Men seni söýüp bilmen.”

Şura bu ýazgyny okandan:”Ýalan.Ýalan.” diýip

gaty gepledi. Derrew paýtun taýýarlamany

hyzmatkäre buýurdy-da az salymdan geýnip,

paýtuna münüp gitdi. Ejesi, biçäre, gyzynyň bu

howsalasyny gördü-de ýene sesini

çykarmady.”Gyzyma bir bela ýolukdy öýdýän”

diýip oýlandy.Ýolda Şura paýtunça birküç

gezek”Bolsana!Bolsana! Gamçylasana!” diýip,

ikiýana bakdy gitdi.Paýtun Garly bagşynyň

howlusynyň deňinde durdy weli, Şura uzyn

köýneginiň etegini çekip, örän tiz düşdü-de hiç bir

çekinmesiz, göni howla girip gitdi. Bu howla öň

gelip ýören ýaly, beletlik bilen, Garly bagşynyň

bolýan otagynyň gapysyny açdy-da “Karli!Karli”

diýip, otaga kürsäp girdi. Şurany gören Garly bagşy

tiz ýerinden turdy-da Şura baka bir ädim hem

ätlemänkä, Şura ony gelip gujaklady, maňlaýyny,

çekgelerini gyzgyn aýasy bilen sypaşdyrdy, ýanyp

duran gözlerini Garly bagşa dogrulady.

--Sen meni söýýäň-ä.Gözleriňden okaýan. Janyň

sag ekeni,Hudaýa şükür.

Bu arada Garly bagşy Şuranyň gujagyndan

çykjak bolup, ysgynsyz-göwünsiz hereket

etdi.Bolmady.Bir zatlar diýjek

boldy.Bolmady.Şuranyň köz ýaly bedeni onygysyp-gowrup , aňkasyny aşyryp barýardy. Şura

bolsa aldygna samraýardy.

-- Sen maňa kakamyň öwreden zatlaryny aýtma.

Seniň adyňam owadan ahyry,Karli. Sen meni

söýýäň-ä. Başga zatlar hiç zat. Söýgi ikimizi-de

halas eder. Men diňe seni görýän, maňa başga

dünýä gerek däl. Hany geplesene,

dymmasana.Seniň gözleriňden men köp zat

okaýan.Maňa şo gözleriň ýeterlik, Karli.Ağşam

hökman bize gideris, başga gep ýok.

--Kakaň razy bolarmy?- Garly bagşy pyşyrdap

sözledi.

-Brawo.Razy bolar, razy bolar.Men onuň ýeke-täk

perzendi ahyry. Sen diňe meniň aýdanymy et,

kakamyň oýunlaryna goşulma. Hazir gidýäs,

ezizim. O meni henizem çagadyr öýdýär. Sen bizde

şo aýdymy aýt, ýene näme aýdym bilýän bolsaň

aýdarsyň. Karli! Karli! Sen tolgunma, çekinme.

Ähli zat biziň isleýşimiz ýaly bolar.Sen meniň

dünýäm ahyry.Garly bagşy çekine-çekine Şura gyzyň altyn

reňkli, burum-burum saçyny emaýja sypap-sypap

goýberdi welin,Şura bu bagtyýarlygyna çydap

durup bilmän, beýlede söýelgi duran dutara

okduryldy.

--Ýör-ýör, häzir gideli.Men seni ejem bilenem

tanyş etmekçi. Ejem örän gowy adam. Ol kakama

aýdanyny etdirer.Ikimizi goldar.

--Sen gaty görme, Şura.Men generaldan

çekinýän. Seniň doglan günüňde Size barmaryn

diýip söz beripdim.

--Beýle zatlar kakamyň oýunlary. Hiç

çekinme.Men ýanyňda ahyry.Onsoňam biz günäkär

däl ahyry.

Şura Garly bagşynyň elini gysyp yzyna tirkäp

barýarka, Garly bagşynyň beýlede ýatan ak

telpegini hem ýüzugra garbap aldy-da Garly bagşa

geýdirdi. dowamy bar...

awtor;Oraz Yagmyr

26
92
seljukly
11.11.2023 00:11

.SEN ARAGYŇY GOÝAN BOLSAŇ...

Atajan Annaberdiniň öýüne 4-5 sany myhman gelipdir. Ol iki-üç çüýşe arak alaýyň diýip, dükana barsa, içgi ugrundan

zat ýok eken. Dükanyň işiginde sataşan alkaş obadaşy arak almaga gelenini Atajana duýdurmajak bolup: ―Obadaş,

men-ä aragymy birçak goýandyryn‖ diýipdir. Aragyň ýoklugyna jany ýanyp duran Atajan: ―Aý, sen aragyňy goýan

bolsaň, şu dükanda arak bolardy-la‖ diýip, geçip gidiberipdir.



EJEŇDEN SORA

Orta mekdebi tamamlaýanlaryň duşuşygynda bir gyz Atajan Annaberdiýewden ―Söýgi näme?‖ diýip, sorapdyr.

Sowaly ýerliksiz hasaplan şahyr agraslyk bilen başyny galdyryp:

-Olar ýaly zady, uýam, hiç kim ýokka ejeňden sorarlar – diýipdir.



. ATSAŇ

Atajan Annaberdi bir meýlisde otyrka, kelte ýarag göterýän diýip, öwünýän göterimiň biri: “Haýsyňyz aýdanymy etmeseňiz,

ataryn” diýip, oturanlara haýbat atyp başlapdyr. Şonda şahyr göwni bir ýaly ýylgyrypdyr-da:

- Aý, inim, atsaň, at, ýöne haýbat bir atma – diýipdir.




ABRAÝ

Atajan Annaberdi toýa alyp gitmek üçin ökde akkordeonçy dosty Annadurdy Amanyňka barypdyr. Annadurdy geýinip

çykyberjek bolupdyr welin, Atajan dulda duran akkordeony görkezip:

- Anna jan, “abraýyňam” alaýaly – diýipdir.

24
222
seljukly
10.11.2023 00:08

Enesini işikdäki kepbä geçirenlerini halamasa-da,

alajyny tapyp bilmedi. Eneş

bolmadyk bolsa, bit-sirke basyp, täretiniň üstünde gatap galjakmydy, o-

da belli däl. Gelninden-ä oňa ýedi ýat ýakyn. Bütin ömurlerini basda-tut

bolup geçdiler.

Daň bilen turup pejinde ot ýakar, soň iki sany ýassygy ýeňsesine

söýäp, ýukalan saçlaryny darap berer, daş çykarar. Özge mahal

patanaklap ýörşüni göreniňde enesiniň dähedem-dessemine kanagat edip

bilşine haýran galaýmaly. Şonda-da garry agtygyna kagyz ýa kesek getir

diýip düşündiribilmän, özüni şü “dileduşmeziň” eline berenlerine nägile

bolýar. Wah, beýlekilere galsa, gözünde guş guzlatjaklar-la weli...

Bir günem kazasy dolup, öldi ol kempir. Tagyrdadyp, uly tama

geçirdiler jesedini. Gelni: “Waý, käbäm, hossarym, armanda goýduň-

eý!” diýip, ili ynandyrjak bolýar. Eneşem ätmer-sätmer edip, aýallaryň

ortasyna girägeden ýüzünden penjeläp-penjeläp alyberdi weli, basym

sesini kes-dä. “Heý, göhert, mana düşmez ýerçeken!” diýip, soň-soňam

käýindi ýördi.

Eneşiň özünden kiçi doganyny öýerermen boldular. Guda ýerleri

belli. Aljakdanda-geljekden. Ýöne... “Şo däli gyzlaram bar-da...” diýen

habaram bile geldi. “Bolýar” diýen habar bilen bile geldi. Eneş ýoldan

sowulmasa, ol geljek dälmiş. Şondan soň-a Eneşi halys ýekirip

ugradylar. Ol doganam alasamsygyň barypýatany. Eneş saňa gelinjik

aljak bolýas diýip süýji seçen kişi bolsa, utanman: “Ýeseriň ýedi ýere

kessi deger” diýen bolup, bar gürrüň tapybilşi şol.

Bu ýyl düýelerine ýandak ýygyp bilmediler. Hemişe kakasy hiç kime

ýetirmezdi, olam şu günki gün aşgazanym diýip gerkildäp otyr. Asyl

birki hepde düşeklem ýatdy. Eneş enesiniň ýatan kepbesini paty-putudan

dolduryp goýdy. Işiginem gulplap, açarynam bir ýere ýitirim etdi.

Aňmadyk boldular. Ýandaga Eneş gitmeli boldy. Jigisi ony motory bilen

obadan garagörnüm gunortadaky ýandakly-syrkynly meýdana düşürip

gaýtdy. Galan iş Eneşe bagly. Girdi ýandaklaň çetinden, kätmenini dik

asmandan inderip. Guşlukda guşagyna gysdyran eliň aýasy ýaly çöregini

suwa basyp-basyp iýdi. Toweregine garaý-garaý, köýneginiň bagjygyny

çözüp, döşüne sowuk suw çaldy. “Bä-bä-bä-ä!”

Ýene-de işe başlady. Baldaklary barmak ýaly-barmak ýaly ýandaklar

kirza ädigiň aşagynda mum-helim bolup topbak tutýar. Geçen ýeri

goýun ýatan ýaly.

Çal eşegiň üstünde dünýäni unudyp, aýdyma hiňlenip gelýän ýigit

towuşsyz geçip bilmedi: “Arma!” “Armaň diýýän-ä!..” “Aryp-açmaň!!!”Eneş ýeňsä öwrülip, agzyny öweldibräk ýaňky eşeklіni synlady.

Dodaklaryna seredip, zelellikli gürrüň däldigine düşündi. Baş atdy: “Bä-

bä-bä!”

- Wiý, sen asyl beýlemidiň?! Ýar-r sen-eý, ýarr, sen-ow; neýleýin,

ah-h, bir-r salatyn boýlym...

Ertesi geçende eşekli ýigit Eneşe lak atjak bolup durmady. Köneje

horjunyndan bir hoşa “gelin barmak” çykaryp, ýabyň raýyşynda goýup

gitdi. Eneş onuň yzyndan garap galdý. Üzümi ysgap-ysgap gördi.

Suslandy. Öýleden soň kätmen seýrek galyp düşdi. “Eje, Eneş-ä bu gün

düýnküsiniň ýarysyça-da çapmandyr”. “Ýogsamam Eneşe galan günüň”.

Eneş birki hepdeläp ýandagyň ugrunda boldy. Eşekli ýigidem günde

şol ýerden geçip gidýär. Onuň Eneşiň oda gaçyp ýöreninden habary ýok.

Günortana golaý ýol ýaka bilgeşlin golaý suýşýänini ol nireden bіlsіn?

Pilini eşeginiň gaňňasyna kese basyp, hiňlenip geçýä-de gidiberýär. Bu

günem şeýtdi.

Eneş kätmeni bulap urdy. Suwly ýapdan säginmän böküp geçdi.

Guşagynam ylgaşlap barşyna çözüp, eşekliniň yzyna düşüberdi. Ýigit

weli ýeňsesinden habarsyz, barha sesine nyzam berýär: “Ýar-r sen-eý,

ýar-r senem-ow, neýleýinn-ä..”

Goňşy oba uzakda däl. Eşekli üçin suw içimlik, pyýada üçinem

şonçarak ýol. Oglan eşegini daňdy. Öňüne galan-gaçan çöpli çaýry

oklady-da, öýüne girdi. Ýandak çapyp ýören gyzyň yzyndan öýe

girenini ilki aňmady. Ine, birdenem gördi. “Wiýý... Näme? Näme gerek?

Ejem ýok öýde, ho-ol – elini salgady – gitdi, “düww”, maşynly.

Düşündiň?!”

Eneş düşünmedi. Törde, telewizoryň öňünde aýagyny gapdal salyp

oturdy. Ýüzüni aşak sallady.

“Näme gerek, gyýw gyz? Ejemem ýok, kakamam. Gitdiler. “Düww”.

Maşynly. Gepe düşmez. Näme-e?”

Eneş onuň ýüzüne ýylgyryp seretdi. Oglan gözüni tegeläp duransoň,

nätsin, utansa-da, gelin bolup görkezdi.

“Äý, biý-ä bejer-dow!”

Eneşiň habary basym geldi. Diňe öýlerine däl, ikі oba-da doldy. Ol

oglanam sadarakmy, nämemi – şeýle bolmagam mümkin, şu zamanyň

ýaş oglanlarynyň arasynda eşek münüp ýöreni ýok – öňünden çykanyň

ýanynda gürrüň edip ony. “Bagtyň getiripdir zaňňar!” diýibilýän-ä ýok.

Diňe Nurjemal içiniň ýangynjyna: “Binesip, Hudaý öz eli bilen at

berende-de, eşegine ýapyşyp ýatyşyna gara” diýipdir.Eneşiňkiler, baý, namys etdiler-ä. Jigisi indi men öýlenip bilmen,

özümi otlaryn diýip arlady. Kakasy içurnuk boldy. Şondan soň Eneş

enesiniň kepbesinden girip-çykyp başlady. Ony kepbä “gaçyp gideni”

üçin salypdylar. Soňam özi-hä uly tama dyzamady, öýdäkilerem

mürähet edip durmadylar.

Jigisi öýlenende Eneş toý geýimlerini geýmedi.

13
85