seljukly
25.11.2023 10:43
GÜNDELIK
dowamy

Şu gün 199...-njy ýylyň mart aỳynyň otuzy. Ir ertir. Ýaňy oýanan badyma
ejemiň otagyna baryp gaýtdym. Düýn agşam ejem ýatman, jigimiň başujyny saklap
oturypdy. Jigim düýn gije hasam gaty gyzdyryp, tä uklaýançam men onuň
samraýandygyny eşidip ýatypdym. Men bolsa Alla janyň ertir ir bilen jigimi
sagaltjakdygyna ynanandygym zerarly arkaýyn uklapdym...
Näme üçindir boýdan-başa gara geýimli, başy gara ýaglykly, doňan ýaly bolup,
sekiniň üstünde oturan ejem maňa öňküsindenem beter şol garryja daýzamyza meňzäp
barýan ýaly göründi. Men gapynyň agzynda durdym. Hiç zat görmeýäne çalym edýän
gözlerini nirädir bir ýere dikip oturan ejem jan ýazdan soň gelen yssy tomsuň ilkinji
howruna solup barýan güljagaz ýaly, gözümiň alnynda birhili ýuwaşlyk bilen garry
daýza öwrülip, barha we barha salgyma çalym edip barýardy.
Men ejemiň ýanyna bardym-da, sessiz-üýnsüz gapdaljygynda oturdym. Otagda
gyz jigimi görmänimden soň:
-Eje, hany jigim?–diýip soradym. Ejem ukudan açylan ýaly tisginip gitdi-de, maňa
birhili seretdi, soňam özüne zor salyp:
-Jigiňmi? Jigiňi...äkitdiler...Uzaga...-diýip pyşyrdady. Men begenip ýylgyrdym-da,
ejemiň eline ýapyşdym.
-Rehimdar daỳy jan meniň jigijigimi sagaltmaga äkidipdir-dä onda?
Dilegimiň kabul bolandygyna iki bolup bilmän ýylgyrjaklap durşuma, men ejeme
Alla jan atly ýokarymyzdaky rehimdar daỳy hakda bar bilýänjämi aýtdym. Ejem meni
diňledi-diňledi-de, birdenem meni gujagyny gysyp, gulagyma pyşyrdady:
-Sen Allanyň bendesi, oglum. Wah, mön gözlim...Ýöne ynan, oguljygym, ynan!
Seniň gyz jigiňi “Alla jan”alyp gitdi. Ynan, balam, ynan.Şeýle diýip, ejem ýerinden turdy-da, başyndaky gara ýaglygyny sypyryp, gözlerini
süpürdi, ýogsa ejem şol wagt aglamaýardy hem, ýöne ejemiň bar saçy çuw akdy. Men
saklanyp bilmedim:
-Eje, näme üçin sen garryja daýzamyza meňzejek bolýarsyň, onsoňam näme üçin
saçyňy ak reňke boýaýarsyň? Saňa gelişmeýär-ä. Öň owadandyň. Indi kakam gelse, seni
tanamaz. Öňki ýaly bolsana, eje!
Ejem maňa ilki jogap bermedi. Diňe birsalymdan soň owfuldap demini aldy-da,
meniň saçlarymy sypalap, pyşyrdady:
-Ine, sen öýlenersiň, çagalaryň bolar, onsoň kakaň hem geler, menem öňkim ýaly
bolaryn... Hökman şeýle bolar, oglum!
Men ejemiň bu diýenlerine düşünmedim. Ýöne bir zady açyk bilýärin: Uruş
gutarar. Sebäbi urşup ýören uly adamlar uruşmakdan we çilim çekip, gaharjaň
bolmakdan ýadarlar-da, uruşmaklaryny goýarlar. Sebäbi hemme kişi näme etse-de, näme
başlasa-da, ahyr soňy şol zatdan ýadaýar. Onsoňam kakam dolanar. Sebäbi muny maňa
ejem aýtdy. Ỳagşyň ỳene-de öňküsi ýaly mylaýym boljakdygyna bolsa özüm ynanýaryn.
Muny maňa hiç kim aỳtmady, ỳöne munuň şeýle bolmagyny meniň özüm Alla jan atly
rehimdar daỳy jandan diläp aldym...”

“Edebiýat we sungat” gazetiniň 2008-nji ýylyň
30-njy maýyndaky sany
awtor; Serdar Atayew
28
77
rousey
25 Noýabr 2023
👍👏
bayramgeldiyewarslan
25 Noýabr 2023
👍🏽👍🏽👍🏽
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.