seljukly
10.11.2023 00:08

Enesini işikdäki kepbä geçirenlerini halamasa-da,

alajyny tapyp bilmedi. Eneş

bolmadyk bolsa, bit-sirke basyp, täretiniň üstünde gatap galjakmydy, o-

da belli däl. Gelninden-ä oňa ýedi ýat ýakyn. Bütin ömurlerini basda-tut

bolup geçdiler.

Daň bilen turup pejinde ot ýakar, soň iki sany ýassygy ýeňsesine

söýäp, ýukalan saçlaryny darap berer, daş çykarar. Özge mahal

patanaklap ýörşüni göreniňde enesiniň dähedem-dessemine kanagat edip

bilşine haýran galaýmaly. Şonda-da garry agtygyna kagyz ýa kesek getir

diýip düşündiribilmän, özüni şü “dileduşmeziň” eline berenlerine nägile

bolýar. Wah, beýlekilere galsa, gözünde guş guzlatjaklar-la weli...

Bir günem kazasy dolup, öldi ol kempir. Tagyrdadyp, uly tama

geçirdiler jesedini. Gelni: “Waý, käbäm, hossarym, armanda goýduň-

eý!” diýip, ili ynandyrjak bolýar. Eneşem ätmer-sätmer edip, aýallaryň

ortasyna girägeden ýüzünden penjeläp-penjeläp alyberdi weli, basym

sesini kes-dä. “Heý, göhert, mana düşmez ýerçeken!” diýip, soň-soňam

käýindi ýördi.

Eneşiň özünden kiçi doganyny öýerermen boldular. Guda ýerleri

belli. Aljakdanda-geljekden. Ýöne... “Şo däli gyzlaram bar-da...” diýen

habaram bile geldi. “Bolýar” diýen habar bilen bile geldi. Eneş ýoldan

sowulmasa, ol geljek dälmiş. Şondan soň-a Eneşi halys ýekirip

ugradylar. Ol doganam alasamsygyň barypýatany. Eneş saňa gelinjik

aljak bolýas diýip süýji seçen kişi bolsa, utanman: “Ýeseriň ýedi ýere

kessi deger” diýen bolup, bar gürrüň tapybilşi şol.

Bu ýyl düýelerine ýandak ýygyp bilmediler. Hemişe kakasy hiç kime

ýetirmezdi, olam şu günki gün aşgazanym diýip gerkildäp otyr. Asyl

birki hepde düşeklem ýatdy. Eneş enesiniň ýatan kepbesini paty-putudan

dolduryp goýdy. Işiginem gulplap, açarynam bir ýere ýitirim etdi.

Aňmadyk boldular. Ýandaga Eneş gitmeli boldy. Jigisi ony motory bilen

obadan garagörnüm gunortadaky ýandakly-syrkynly meýdana düşürip

gaýtdy. Galan iş Eneşe bagly. Girdi ýandaklaň çetinden, kätmenini dik

asmandan inderip. Guşlukda guşagyna gysdyran eliň aýasy ýaly çöregini

suwa basyp-basyp iýdi. Toweregine garaý-garaý, köýneginiň bagjygyny

çözüp, döşüne sowuk suw çaldy. “Bä-bä-bä-ä!”

Ýene-de işe başlady. Baldaklary barmak ýaly-barmak ýaly ýandaklar

kirza ädigiň aşagynda mum-helim bolup topbak tutýar. Geçen ýeri

goýun ýatan ýaly.

Çal eşegiň üstünde dünýäni unudyp, aýdyma hiňlenip gelýän ýigit

towuşsyz geçip bilmedi: “Arma!” “Armaň diýýän-ä!..” “Aryp-açmaň!!!”Eneş ýeňsä öwrülip, agzyny öweldibräk ýaňky eşeklіni synlady.

Dodaklaryna seredip, zelellikli gürrüň däldigine düşündi. Baş atdy: “Bä-

bä-bä!”

- Wiý, sen asyl beýlemidiň?! Ýar-r sen-eý, ýarr, sen-ow; neýleýin,

ah-h, bir-r salatyn boýlym...

Ertesi geçende eşekli ýigit Eneşe lak atjak bolup durmady. Köneje

horjunyndan bir hoşa “gelin barmak” çykaryp, ýabyň raýyşynda goýup

gitdi. Eneş onuň yzyndan garap galdý. Üzümi ysgap-ysgap gördi.

Suslandy. Öýleden soň kätmen seýrek galyp düşdi. “Eje, Eneş-ä bu gün

düýnküsiniň ýarysyça-da çapmandyr”. “Ýogsamam Eneşe galan günüň”.

Eneş birki hepdeläp ýandagyň ugrunda boldy. Eşekli ýigidem günde

şol ýerden geçip gidýär. Onuň Eneşiň oda gaçyp ýöreninden habary ýok.

Günortana golaý ýol ýaka bilgeşlin golaý suýşýänini ol nireden bіlsіn?

Pilini eşeginiň gaňňasyna kese basyp, hiňlenip geçýä-de gidiberýär. Bu

günem şeýtdi.

Eneş kätmeni bulap urdy. Suwly ýapdan säginmän böküp geçdi.

Guşagynam ylgaşlap barşyna çözüp, eşekliniň yzyna düşüberdi. Ýigit

weli ýeňsesinden habarsyz, barha sesine nyzam berýär: “Ýar-r sen-eý,

ýar-r senem-ow, neýleýinn-ä..”

Goňşy oba uzakda däl. Eşekli üçin suw içimlik, pyýada üçinem

şonçarak ýol. Oglan eşegini daňdy. Öňüne galan-gaçan çöpli çaýry

oklady-da, öýüne girdi. Ýandak çapyp ýören gyzyň yzyndan öýe

girenini ilki aňmady. Ine, birdenem gördi. “Wiýý... Näme? Näme gerek?

Ejem ýok öýde, ho-ol – elini salgady – gitdi, “düww”, maşynly.

Düşündiň?!”

Eneş düşünmedi. Törde, telewizoryň öňünde aýagyny gapdal salyp

oturdy. Ýüzüni aşak sallady.

“Näme gerek, gyýw gyz? Ejemem ýok, kakamam. Gitdiler. “Düww”.

Maşynly. Gepe düşmez. Näme-e?”

Eneş onuň ýüzüne ýylgyryp seretdi. Oglan gözüni tegeläp duransoň,

nätsin, utansa-da, gelin bolup görkezdi.

“Äý, biý-ä bejer-dow!”

Eneşiň habary basym geldi. Diňe öýlerine däl, ikі oba-da doldy. Ol

oglanam sadarakmy, nämemi – şeýle bolmagam mümkin, şu zamanyň

ýaş oglanlarynyň arasynda eşek münüp ýöreni ýok – öňünden çykanyň

ýanynda gürrüň edip ony. “Bagtyň getiripdir zaňňar!” diýibilýän-ä ýok.

Diňe Nurjemal içiniň ýangynjyna: “Binesip, Hudaý öz eli bilen at

berende-de, eşegine ýapyşyp ýatyşyna gara” diýipdir.Eneşiňkiler, baý, namys etdiler-ä. Jigisi indi men öýlenip bilmen,

özümi otlaryn diýip arlady. Kakasy içurnuk boldy. Şondan soň Eneş

enesiniň kepbesinden girip-çykyp başlady. Ony kepbä “gaçyp gideni”

üçin salypdylar. Soňam özi-hä uly tama dyzamady, öýdäkilerem

mürähet edip durmadylar.

Jigisi öýlenende Eneş toý geýimlerini geýmedi.

13
85
yurek
10 Noýabr 2023
@seljukly, dusundum
yurek
10 Noýabr 2023
Dowamy yokmu
okan
10 Noýabr 2023
Gyzykly hekaýa eken yzyny hacan gaýýañyz ?
4982
10 Noýabr 2023
@seljukly, biçäre gyzyñ soñky ýagdaýy nähili bolduka bilãýjekdim😀
4982
10 Noýabr 2023
👍
4982
10 Noýabr 2023
Yzy ýokmy. Bar bolsa goýaý yzynam. Gowy hekaýa eken
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.