seljukly
24.11.2023 06:08
GÜNDELIK

Uruş gidýän ýurtlaryň biri...
...Haraba bolup ýatan, ýykyk-ýumruk jaýlar. Diwarlarynyň galyndylary hüýt gara
bolup somalyşyp durlar. Nirä seretseň ýatan gara-köỳük bolup ỳatan kerpiç bölekleri.
Owum-döwüm bolan daş üýşmekleriň biriniň üstünde-de, soňky üç sahypasyndan
galany ýanan depder ýatyr. Şemal ony şapyrdadyp eýläk-beýläk agdarỳar. Ỳagyş-ýagmyra ezilendigi zerarly depderiň sahypalarynyň ýüzündäki ýazgylary zordan aýyl-
saýyl edip bolýar. “Şu gün 199..-nj ..ýylyň mart aỳynyň 28-i, günortadan soň” diýip, üç
sahypanyň ilkinjisinde çaganyň entek ýazuwa gaty bir endik etmedik eli bilen bulaşyg
hatda ýazylypdyr.
“...Ýaňy ejem geldi. Bu günem ýene-de ýartyja gara çörekden başga hiç zat
tapmandyr... Aý, tapan hem bolsa puly ýeten däldir. Zatlar gaty gymmat. Onsoňam indi
iỳmit gözlemek üçin köçä arkaýyn çykar ýaly hem däl. Ýygy-ýygydan şäherimizi
bombalaýarlar we top okuna tutýarlar. Gün-günden top okundan we bombalardan
gizlenilýän gaçybatalga kän gatnamaly bolýar. Her gezek top oky golaýraga düşeninde,
jaýymyz süňňi bilen elenip gidýär...
Barha ysgyndan düşýäris... Ejeme dözemok. Ýöne nädeýin? Özüm bolsa ýaňy
dokuz ýaşymda.. Ine, şu wagt ejem janyň ýanyna baryp, boýnundan gujaklap: ”Eje,
mähribanym, eziz-eziz ejem jan, sen gynanma, bu getiren çöregiň tygşytly tutsak, üç
güne dagy ýeter. Onsoň bolsa kakam dolanar, hemme zadymyz hem köpeler” diýip,
ejemi köşeşdiresim gelýär. Emma ejem ýene-de aglar öýdüp gorkýaryn. Wah, kakam şu
wagt öýde bolan bolsady, ejemi hem köşeşdirerdi, hemme zadymyzam bol bolardy...
Ýöne, arman, kakam uruşda-da...
Ýogsa-da şu kakam ýaly uly adamlar näme üçin uruşýarkalar? Biz-ä, ine, sögüşip
jedelleşip uruşýarys.. Ulular bolsa ýöne gyrlyşyp ýörler. Men bilỳärin! Olar çilim
çekýärler, şonuň üçinem uruşýarlar. Sebäbi çilim çekseň, gaharjaň bolýarsyň, gaharjaň
bolsaň, urşup ugraýarsyň..
Bir gezek kakam aşhananyň penjiresiniň öňünde çilim çekip otyrdy. Şonda ejem
kakamyň ýeňsesinden baryp, boýnundan gujaklapdy-da, eňegini onuň kellesinde goýup:
-Çilim çekseň üsgülewigiň tutýar, onsoňam erbet gaharjaňlygyň artýar. Sähel zada
jynyň atlanyp başlaỳar. Çekmesene!–diýdi. Kakam şonda ýylgyryp, bärsine öwrüldi-de,
çilimini öçürip, ejemi özüne çekdi.
Men aşhananyň gapysyndan jyklap, olaryň ähli hereketlerini synlaýardym. Ejem şol
wagt şeýle bir owadandy, şeýle bir owadandy.. Ejem gülende, kakam ikimiziň daş-
töweregimiz alaýaz bolup, otagyň howasy täzelenene dönýärdi. Kakam bolsa elmydam
oýun edip, ejemiň dyzyna ýetip duran gün çyksa ýaldyraýan şar gara saçlarynyň özüni
tora düşürendigini aýdýardy. Men henizem kakamyň şol sözlerine düşünmeỳärin.
Heýem ejemiň saçlaryndan tor bolarmy?...
Şonda meniň ähli zady synlap durandygymy görüp, ejem hasam gyzarypdy. Men
edil şol wagt daşarda goňşymyzyň özüm ýaly ogly bilen urşup, üst-başymy gum edip
öýe gelipdim. Özümem ejemiň geýimimi zaýalanym üçin özüme käýemeginden
çekinýärdim, şonuň üçin hem hiç zat gürlemän, ýüzümi sallap durdum. Emma ejem
maňa käýýemedi. Gaýta bolup durşuma seredip, loh-loh gülýän kakama goşulyp, enaýy
ýylgyrdy-da:
-Haý, bezzat, ýene-de ojakdan çykan gara jynjagaza dönüpsiň-ä. Saňa çäre boljak
däl-ow! –diýip, ýüzümi öňlügi bilen süpüripdi.
Kakam bolsa gülüp:
-Hany bezzat, aỳt bakaly sen näçe ỳaşadyň?-diỳip, her gezek berỳän soragyny
beripdi. Men ol wagt mekdebe gitmeýänligim zerarly san bilmeýärdim. Şonuňejemiň öwredişi ýaly, ilk-ä iki gezek on barmagymy, soňam bir gezek bäş barmagymy
görkezdim. Meniň bolşuma olar hezil edip gülüşipdiler, men bolsa üstümden
gülünýändigine öýkeläpdim. Şondan bir aý geçenden soň bolsa, kakam ikimiz maňa gyz
jigi getirmek üçin, ejemi bäbekhana iberipdik...
Eýýäm gyz jigim dört ýaşady. Hanha, şu wagtam yňňyl-çyňňyl edip ejeme azar
berip oturandyr.
Kakamdan welin hiç hat gelmeýär-dä...
Öňräk bir gün ejem öz otagynda bir haty okap oturan ekeni. Men girdim welin,
näme üçindir, derrew ony gizledi, emma men barybir görmäge ýetişdim we ol hatyň
kakamdan däldigini tanadym. Sebäbi men kakamyň hat ýazyşyny bilýärdim.
-Eje, näme üçin haty okamaýarsyň? Ýa kakama bir zat boldumy?-diýip, men
soranymy duýman galdym.
Şeýle diýen badyma ejem ýaňagyma şarpyldadyp goýberdi-de:
-Beýle pikirlenmäge het etme. Ol diridir. Diri!-diýip, gözümiň alnynda elindäki
haty jyrym-jyrym etdi. Soňam iki eli bilen ýüzüni ýapyp, tutuş süňňi bilen titräp aglap
başlady...Men ejeme näme bolýandygyna hiç düşünip bilmedim..Ertesi gün bolsa men
ejemiň ...düýnjügem şeýlebir owadan, şeýlebir owadan ejemiň, kakamyň garryja
daýzasyna meňzäp galandygyny gördüm.
Ulular çilim çekmeseler, gör nähili oňat boljak! Onda olar uruşmazdylar, ejem hem
garryja daýza daýzasyna meňzemezdi, çöregem, beýleki iýmitlerem bol bolardy, menem
sowuk öýde şeýdip hat ýazyp oturmazdym-da, daşarda özüm ýaly oglanlar bilen hezil
edip oýnardym ýa-da mekdebe giderdim. Emma bu wagt oglanlaryň köpüsi ýok, olar
bosgun bolup gitdiler. Mekdebimize-de top oky degendir ýa-da bomba düşendir...Bu
gaty erbet zat.
Dogrusy, mekdebiň bolmanlyg-a hiç. Meniň kän bir oňa gidesim gelibem baranok.
“... Şu gün 199..-nj..ýylyň mart aỳynyň 29-y. Irden.
Daşarda ýagyş ýagýar. Iri-iri damjalar penjirämize şybyrdap degýärler. Men öň
ýagşy gowy görýärdim, aşagynda heziller edip ylgardym. Häzir bolsa ony halamok,
sebäbi peç ýanmaỳandygy sebäpli sowuk damjalar öýümizi hasam sowadýarlar.
Men mekdebe gatnaýarkam, bir synpdaşym bardy. Onuň atasy her günde birnäçe
gezek ak keçe ýazynyp, şonuň üstünde durşuna günorta-günbataratarap ýüzüni
öwürỳärdi-de, bir zatlar pyşyrdap, birnäçe gezek dyza çöküp, aýak üstüne galýardy. Şol
hem agtygyna özüniň edýän işini düşündiripdir, ol bolsa soň bize atasyndan eşiden
zatlaryny aýdyp beripdi.
Ýokarymyzda biz ýaly oglanjyklary we gyz jigim ýaly gyzjagazlary aýratyn gowy
görýän “Alla jan” atly rehimdar daỳy barmyş, ol biziň ählimiziň her bir edýän zadymyzy
görýärmiş, diýýän zadymyzy hem eşidýärmiş, bir zat dileseňem berýärmiş. Özi hem
şeýle bir rehimdarmyş, şeýle bir rehimdarmyş, hemme zadam şol edýärmiş, ýagşy hem
ýagdyrýarmyş, gijäni düşürip, asmana ýyldyzlary hem sepýärmiş, jigileri hem şol
berýärmiş, kesellileri sagaldýanam, Güni dogdurýanam şolmuş. Özem hiç kimiň gözüne
görünmän, asmanda otursa-da, biz hakda bar zady bilýärmiş, bize kömek edýärmiş.
Ol oglanyň aýdanyny eşidip, “Alla jan” atly rehimdar daỳydan herimiz bir zat
diläpdik. Kim oýnawaç, kim pul, kim ulalyp, mugallymyň özüniňem gulagyndangörmegi..., emma hiç haýsymyzyň dilegimiz kabul bolmandy. Onsoň ol oglana
hemmämiz: “aldawçy” diýipdik we onuň bilen gepleşmegimizi goýupdyk.
Ýöne men häzir şol Alla jan atly rehimdar daỳynyň asmanda oturandygyna hem
onuň ähli dilegleri eşidip, dilän zadyňy berýändigine çyndan ynanýaryn. Şonuň üçinem:
Asmanda oturan, çagalary gowy görýän, Alla jan atly rehimdar daỳy jan, senden bary-
ýogy üç zat dilejek. Şol zatlary kyn görmän, maňa bersene!
Goý, gyz jigim sagalsyn, men oňa agaçdan oýnawaç gämijik, matadan gurjak ýasap
berdim. Çaltrak sagalyp, oýnasa bolýar.
Onsoňam, goý, kakam öýümize dolansyn we uruş ýatyp, ýagyş öňküsi ýaly
mylaýym bolsun! Ulular hem çilim çekip, gaharjaň bolmasynlar.
Ýene-de ejem, goý, garryja daýza meňzemesin, saçlaryna-da ak reňk çalmasyn!
Eger şu üç dilegimi bitirseň, men hiç haçan çilim çekip, gaharjaň bolmajagyma we
uruş turuzmajagyma söz berýärin.
All jan, gaỳrat et-de şujagaz haỳyşlarymy çaltrak bitirsene! Sebäbi indi meniň hiç
çydara ýagdaýym galmady-da.. Edil ýöne aglaýasym gelýär-dä...Emma sen aglasalar
halaýan dälsiň. Şonuň üçinem tä kakam gelýänçe, men aglamaryn. Kakam geleninden
soň bolsa, men onuň boýnundan gujaklap, azajyk aglanymda-da, seniň maňa gaharyň
gelmez-ä, hä, şeýle dälmi? Gaharyň gelmez-le...
dowamy bar
awtor; Serdar Atayew
31
118
4982
26 Noýabr 2023
😑😥😥
alma___
24 Noýabr 2023
👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.