.SEN ARAGYŇY GOÝAN BOLSAŇ...
Atajan Annaberdiniň öýüne 4-5 sany myhman gelipdir. Ol iki-üç çüýşe arak alaýyň diýip, dükana barsa, içgi ugrundan
zat ýok eken. Dükanyň işiginde sataşan alkaş obadaşy arak almaga gelenini Atajana duýdurmajak bolup: ―Obadaş,
men-ä aragymy birçak goýandyryn‖ diýipdir. Aragyň ýoklugyna jany ýanyp duran Atajan: ―Aý, sen aragyňy goýan
bolsaň, şu dükanda arak bolardy-la‖ diýip, geçip gidiberipdir.
EJEŇDEN SORA
Orta mekdebi tamamlaýanlaryň duşuşygynda bir gyz Atajan Annaberdiýewden ―Söýgi näme?‖ diýip, sorapdyr.
Sowaly ýerliksiz hasaplan şahyr agraslyk bilen başyny galdyryp:
-Olar ýaly zady, uýam, hiç kim ýokka ejeňden sorarlar – diýipdir.
. ATSAŇ
Atajan Annaberdi bir meýlisde otyrka, kelte ýarag göterýän diýip, öwünýän göterimiň biri: “Haýsyňyz aýdanymy etmeseňiz,
ataryn” diýip, oturanlara haýbat atyp başlapdyr. Şonda şahyr göwni bir ýaly ýylgyrypdyr-da:
- Aý, inim, atsaň, at, ýöne haýbat bir atma – diýipdir.
ABRAÝ
Atajan Annaberdi toýa alyp gitmek üçin ökde akkordeonçy dosty Annadurdy Amanyňka barypdyr. Annadurdy geýinip
çykyberjek bolupdyr welin, Atajan dulda duran akkordeony görkezip:
- Anna jan, “abraýyňam” alaýaly – diýipdir.