Gyzynyn,hakykatdanam Garly bagsa aşyklygyna, ol şu mahal gutarnykly göz ýetirdi. Bu
hakykat onuň ýüregini çeýnem-çeýnem
çeýneýärdi.”Biraz wagtdan Peterburga gaýtjak
bolup ýörkäler bu saýry nireden çykdy, nireden
ýolukdy?!Mundan nädip dynyp bolarka?!”
General Garly bagşyny zyndandan çykaryp,
dogduk obasyna sürgün etdi. Obadan çykmagy
gadagan etse-de iki günden generalyň özi Garly
bagşynyň ýanyna geldi. Ol gyzynyň däliräp,
aklyny ýitirerinden gorkdy.Şuranyň gije-gündiz
Garly diýip elenmesi ony şu hereketi etmäge
mejbur etdi.General Garly bilen ýumşak gepleşip
başlady.
--Garly, sen erkek adam hökmünde meniň
ýagdaýyma gowy düşün. Ol biziň ýalňyz
zürýadymyz, tizlikde-de Orsyýete gidýäris. Sen
musurman, ol hristiýan. Senden haýyşym: “Sen
Şura bilen gödek gepleş, özüňi ýigrendir. Ol senden
sowaşsyn. Men saňa türkmen gyzyny alarlyk pul
bermekçi. Başga näme haýyşýň bolsa bitirerin. Senýöne ony özüňden uzaklaşdyrmany başar. Ol entek
çaga ahyry.
--Bizi diňe ölüm aýryp biler. Men Şura üçin
zyndan,sürgün beýlede dursun, dowzahda
ýanmaga-da taýýar.
-- Ýaşlyk etme.Musurman musurman almalydyr.
Ony unutma. Gowusy, sen meniň aýdanymy et.
Şonda ähli zat gül ýaly bolar.
Garly bagşy geplemedi.
***
Günler bolsa geçip gidip barýardy.Generalyň
Orsyýete gitmeli wagty ýakynlaýardy.Şura bolsa
Garly bagşy bilen barha ysnyşýardy.Ol : ”Garla
duşmadyk ýyllarym. Garla duşan ýyllarym” diýip,
öz ömrüni ikä bölýärdi. Garly bagşy hem Indi Şura
pianinoda bir saz çalsa, şobada o sazy dutarynda
çalyp berýärdi. Ol bu dünýäni Şurasyz göz öňüne
getirip bilmeýärdi. General bolsa dürli ýollar, dürli
çykalgalar gözleýärdi. Emma hiç bir hilesi başabarmaýardy. Ol ýalňyz balasyny bu bedýan çölde
taşlap gitmeli boljagyna hiç-hiç ynanasy
gelmeýärdi. Emma Şuranyň bolşy ony hasam gama
batyrýardy. Garlynyň içini gurşundan doldursa,
Şuranyň öljegini hem beýnisiniň bir ýerlerinde
gizlin saklaýardy. Bu yşgyň toply-tophanaly açyk
söweşden has çylşyrymlydygyna tejribeli general,
beýle mesele başyna düşende bilip galdy.Öz
gyzynyň gijäni-gündizi bilmeýän Leýli- Mejnun
ýaly bolanyna akly ýetmedi. Her dem saýy
gyzyndan umydyny üzüp başlady, dogrusy,
umydyny üzmäge mejbur boldy. Ol aýalynyň ene
hökmünde bu meselä gaty rahat çemeleşişine-de
akly ýetmedi. Aýalynyň bir söhbetde: ”Yşkdan
ýokarda ýene yşk bar” diýenine henizem
düşünmeýärdi. Şonuň üçinem aýalyny
doňbagyrlykda aýplaýardy. General Orsyýete
gitmeziniň öňýany Şurany uky derman berip, agyr
ukladyp alyp gitjek bolup, bu çäräni iňsoňky
çykalga hökmünde görüp başlady.Şuranyň ejesihem,ene ýüregibilensyzan ýaly,
gyzynyň gulagynabirzatlarpyşyrdady, aglady,
ýenepyşyrdady.
Şuraonybagrynabasypgujaklady.Bile aglaşdylar.
Ata-enesiniň birküç günden gidýänligi Şuranyň
kalbyna ot düşürýärdi, emma Garlyny ýalnyz
goýmak hakda düýşünde-de bir niýet ýokdy. Garly
ýanynda bolsa, dünýäniň düzelip gitjegine
ýürekden ynanýardy.”Alla aşyklary jübt
ýaradypdyr ahyry”
“Ertirgidýäris” diýlengijäniň ýaryndaenesiemaý
bilenturdy-da, gözüne çüý kakylan ýalybolup ,
özgaraňky otagynda çugudypoturan Şuranyseresap
ýöräpgapydan çykardy. Beýle ýanda Ikiatly we
üçünji atyň üsti boş göründi.Şuranyň ejesi
gyzynygujaklapsessizaglady.Boýur-boýur
ýaşlariçindäki Şura ejesiniň gujagyndan çykyp, boş
ata şeýle çalasyn mündi.Azsalymdanatlylargözden
ýitdigitdi. Atlylar “Nirdesiň Akjaguýy?”
diýipuzakgijeýörediler.Gündepäňigyzdyrypbaşland
aAkjaguýynyň üstündenindiler.Aýal-gyzlarylgaşypŞuranybir öýeeltdiler-
dederrewtürkmeneşiginesaldylar. Ak
ýüzligyzabugyzyl-ýaşyleşiklerhasamowadan
ýaraşdy. Nika gyýyldy. Aşyk-magşugy bir ak öýe
saldylar. Olar jennete giren ýaly, gijäni-gündizi
bilmeýan hala düşdüler.Dünýäni unutdylar.
Aşyklaryň başynda bagt guşy pelpelleýärdi. Bu
bagt ömürlik berlen ýaly bir duýgy ýaşlaryň
kalbynda höküm sürýärdi.Ykbalyň geljekki
sahnalarynda Garly bagşynyň müň dokuz ýüz on
bäşinji ýylda Topby baýyň ýedi gije-gündizlik
toýunda ýigrimi ýedi öküz baýrak aljagyny, müň
dokuz ýüz on ýedinji ýylyň gan döküşikli, gardaş
gardaşy gyran rewolýüsiýasynyň boljagyny,
Şuranyň ata-enesiniň bosgun bolup Parijde
açlykdan öljegini, ýigriminji ýyllaryň açlygyndan
ýaňa köçeleriň ölüden dolup ýatjagyny, otuz
ýediniň basha-baslygynda ýüz müňlerçe adamyň
Sibirde çüýrediljegini, Şura gelneje zurýatsyz
galmazlyk üçin Garly bagşa başga birine öýlenmek
teklibini aýdanda Garlynyň büs-bütin garşyboljagyny, yzýanyndan ikinji jahan urşunyň elli
million adamy topraga dökün edip gömjegini, Şura
gelnejäniň “Gözelim” diýen aýdymy, “Hajy golak”
sazyny ömriboýy ýüz müň gezek diňlese-de
doýman ýaşajagyny, müň dokuz ýüz kyrk ýedide
Şura gelnejäniň maşyn awariýasynda wepat
boljagyny, ýalňyz galan Garly bagşynyň galan
ömrüni özüne ölüm diläp, garyplykda öljegini
ýaşlar entek gümanam etmeýärdiler.Hakyky
durmuşda Garly-Türkmenistanyň halk bagşysy,
meşhur Uly Garly Ilamanowdy, sary gulpakly gyz
Şura- Garly bagşa we sungatyna aşyk bolup
Türkmenistany öz Watany hasaplan, rus general
gyzy Şura gelnejedi.
Soňy
awtor Oraz Yagmyr
usn berip okanynyz ucun kop kop sag bolun