seljukly
12.11.2023 00:20

Eli dutarly bir ýigit Marynyň “Ýolbarsly”

çaýhanasynyň ýanyndan geçýän köçäniň

gyrasynda durdy. O ýigidiň gözleri ýanýardy,

aýratyn bir timar berlen şar gara murty şöhlelidi.

Uzakdan generalyň paýtuny göründi. Ýaňky ýigit

köçä has ýakyn durdy we gözlerini paýtundan

aýyrmady.Paýtunyň yzky oturgyjynda sary

gulpakly rus gyzy töwerege bilesigeliji garap otyr.

O gyz ýigidi görenden ýylgyrdy, ýigidem oňa

mährem ýylgyryp bakdy-da “sag bol” diýýän ýaly

edip elini salgady. Gyzam ýylgyrdy. Baş

atdy.Paýtun uzakda gözden ýitdi. Beýle pursat

soňam birküç gezek gaýtalandy.Ýigit sary

gulpakly general gyzyny göresi gelip, özge

dünýäden sowap başlanyny hem duýmady.Bir gije

“Ýolbarsly” çaýhanasynda gözlerini ýumup, ,

“Gözelim” diýen aýdyma gygyryp otyrka, birden

gözlerini açdy weli, gapynyň bosagasynda şol sary

gulpakly gyz ýylgyryp dur. Bagşy aýdymyny

kesdi.Ýerinden turdy.Gyz ylgap geldi-de bagşynyň

golundan tutdy.--Sen beýik bagşy.Adyň näme?

--Garly.

--Karli, meniň doglan günüm şu aýdymy aýdyp

berermiň?

--Çagyrsaňyz aýdaryn.

--Men seni çagyrýan. Juma güni agşamlyk

hökman bize gel.

Sary gulpakly gyza ýakyndan bakyp, onuň

erem bagy ýaly ýakymly ysyna aklyny ýitirip duran

bagşy özüni bütinleý unutdy. Töwerekde aýdym

diňläp oturan märeke-de bu wakany görüp geň

galdy.Şo mahal general gaharly ýöräp jaýa

girdi.Hiç kime garaman, göni gelip, gyzynyň elini

bagşynyň elinden siltäp aldy-da, daşary ýöräp

ugrady.Gyz öýden çykýança bagşydan gözüni

aýyrmady.

--Kaka men bagşyny doglan günüme çagyrdym.

Ol hökman bizde aýdym aýdar .General geplemedi. Zarply ýöräp, gyzyny süýräp

diýen ýaly idirrikledip çykdy gitdi. Paýtuna

münensoňlar general gaharly bolsa-da özüni

saklady.

--Gyzym, sen meni masgara edýäň. Saýrylar

bilen beýle gepleşmek bolmaz.Seniň aklyň ýetmeli

ahyry.Wagşylykdan saýlanmadyk sürä ýakyn

durmak bolarmy?!

--Kaka! Beý diýme! Türkmenler paýhasly

halk.Siz olary gyryp, watanyny elinden

alypsyňyz.Men Merwe gelenim bäri olaryň dilini

öwrenýän. Ýaňky sazy bir diňlän bolsadyň, kaka! O

bagşy hem beýik bagşy…

--Gyzym, rahatlan. Ýene bäş-alty aýdan biz

Peterburga döneris. Fransuz dilinden sapaklaryňy

dowam edersiň, piano çalarsyň.

--Maňa türkmen dilinden başga zat gerek däl.--Sen kakaňy bütinleý äsgermän başladyň, Şura

jan. Sen biziň ýeke-tägimiz ahyry. Ähli zat gül

ýaly bolar, meniň gumrujygym.

--Elbetde.Ýöne meniň doglan günüm o bagşy

hökman aýdym aýdar.

General dymdy. Öýlerine gelenlerinde gyzyny

paýtundan düşürip, paýtunça bir zatlar pyşyrdady.

Paýtunçy:”Bolýa,bolýa” diýip baş atdy-da paýtuny

göni “Ýolbarsly” çaýhanasyna baka sürüp gitdi.

Çaýhana baryp bagşynyň gulagyna bir zatlar

pyşyrdady-da ýom-ýok boldy.

***

Anna güni gelip ýetdi.Kakasy bu gün adaty

günlerden has ir işe gitdi. Sary gulpakly gyzy ony

görmän galdy. Günortan hem kakasy nahar iýmäge

gelmedi. Şura muny ýagşylyga ýormady. Öýländen

başlap gaty birahat hereket edip başlady. Tız-

tizden howlynyň daşyna çykyp, ýola uzak-uzak

garap başlady. Ejesi muny göz astyndan synlasa-da

bilmedik-duýmadyk boldy.Şura uzak takat edip bilmedi. Öý hyzmatyny edýän

bir oglana pişigiň gulagy ýaly kagyzjyk berdi-de:

“Şu haty nirede bolsa tap-da Karli bagşa tiz

gowşur” diýip berk tabşyrdy. Hyzmatkär Garly

bağşyny “Ýolbarsly” çaýhanasyndan tapman öýüne

bardy.Haty gowşurdy. Garly bagşy bukjany açyp:”

Karli salam. Men seniň geleriňe sabyrsyz

garaşýan.Tiz gel. Men seni söýýän” diýen ýazgyny

okady.Ýüzi gyzyp gitdi. Onsoň özi bir kagyzjyga

bir zat ýazdy-da hyzmatkäre uzatdy.Az wagtdan

hyzmatkär ýaňky bukjany Şura gowşurdy.Hatda

şeýle ýazgy bardy:”Şura salam.Men hassalygym

sebäpli ýaş toýuňa baryp bilmeýärin. Sen meni däl,

başga bir rus ýigidini söý.Men seni söýüp bilmen.”

Şura bu ýazgyny okandan:”Ýalan.Ýalan.” diýip

gaty gepledi. Derrew paýtun taýýarlamany

hyzmatkäre buýurdy-da az salymdan geýnip,

paýtuna münüp gitdi. Ejesi, biçäre, gyzynyň bu

howsalasyny gördü-de ýene sesini

çykarmady.”Gyzyma bir bela ýolukdy öýdýän”

diýip oýlandy.Ýolda Şura paýtunça birküç

gezek”Bolsana!Bolsana! Gamçylasana!” diýip,

ikiýana bakdy gitdi.Paýtun Garly bagşynyň

howlusynyň deňinde durdy weli, Şura uzyn

köýneginiň etegini çekip, örän tiz düşdü-de hiç bir

çekinmesiz, göni howla girip gitdi. Bu howla öň

gelip ýören ýaly, beletlik bilen, Garly bagşynyň

bolýan otagynyň gapysyny açdy-da “Karli!Karli”

diýip, otaga kürsäp girdi. Şurany gören Garly bagşy

tiz ýerinden turdy-da Şura baka bir ädim hem

ätlemänkä, Şura ony gelip gujaklady, maňlaýyny,

çekgelerini gyzgyn aýasy bilen sypaşdyrdy, ýanyp

duran gözlerini Garly bagşa dogrulady.

--Sen meni söýýäň-ä.Gözleriňden okaýan. Janyň

sag ekeni,Hudaýa şükür.

Bu arada Garly bagşy Şuranyň gujagyndan

çykjak bolup, ysgynsyz-göwünsiz hereket

etdi.Bolmady.Bir zatlar diýjek

boldy.Bolmady.Şuranyň köz ýaly bedeni onygysyp-gowrup , aňkasyny aşyryp barýardy. Şura

bolsa aldygna samraýardy.

-- Sen maňa kakamyň öwreden zatlaryny aýtma.

Seniň adyňam owadan ahyry,Karli. Sen meni

söýýäň-ä. Başga zatlar hiç zat. Söýgi ikimizi-de

halas eder. Men diňe seni görýän, maňa başga

dünýä gerek däl. Hany geplesene,

dymmasana.Seniň gözleriňden men köp zat

okaýan.Maňa şo gözleriň ýeterlik, Karli.Ağşam

hökman bize gideris, başga gep ýok.

--Kakaň razy bolarmy?- Garly bagşy pyşyrdap

sözledi.

-Brawo.Razy bolar, razy bolar.Men onuň ýeke-täk

perzendi ahyry. Sen diňe meniň aýdanymy et,

kakamyň oýunlaryna goşulma. Hazir gidýäs,

ezizim. O meni henizem çagadyr öýdýär. Sen bizde

şo aýdymy aýt, ýene näme aýdym bilýän bolsaň

aýdarsyň. Karli! Karli! Sen tolgunma, çekinme.

Ähli zat biziň isleýşimiz ýaly bolar.Sen meniň

dünýäm ahyry.Garly bagşy çekine-çekine Şura gyzyň altyn

reňkli, burum-burum saçyny emaýja sypap-sypap

goýberdi welin,Şura bu bagtyýarlygyna çydap

durup bilmän, beýlede söýelgi duran dutara

okduryldy.

--Ýör-ýör, häzir gideli.Men seni ejem bilenem

tanyş etmekçi. Ejem örän gowy adam. Ol kakama

aýdanyny etdirer.Ikimizi goldar.

--Sen gaty görme, Şura.Men generaldan

çekinýän. Seniň doglan günüňde Size barmaryn

diýip söz beripdim.

--Beýle zatlar kakamyň oýunlary. Hiç

çekinme.Men ýanyňda ahyry.Onsoňam biz günäkär

däl ahyry.

Şura Garly bagşynyň elini gysyp yzyna tirkäp

barýarka, Garly bagşynyň beýlede ýatan ak

telpegini hem ýüzugra garbap aldy-da Garly bagşa

geýdirdi. dowamy bar...

awtor;Oraz Yagmyr

26
92
tmyigit76
12 Noýabr 2023
@seljukly, mlds 👍🏻
tmyigit76
12 Noýabr 2023
Gyzykly eken. Garaşýan (bilşime görä siz taryhymyz bn gyzyklanýaňyz)
4982
12 Noýabr 2023
👍👍👍👍dowamyna garaşýas
010283
12 Noýabr 2023
Yzyny goýsaňyz habar ediň haýyş❤️❤️❤️❤️❤️👈👈👈👈
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.