seljukly
13.11.2023 07:18

(dowamy )--Karli! Karli! Sen owadan ýigit. Sen mydama

owadan bolarsyň. Karli, berekella!

Aşyk-magşuk ýuwaşja ýöräp paýtuna

ýakynlaşanda, öňde paýtuna goşulan atyň

ýorgalap gelýäni, üstünde-de generalyň oturany

aýyl-saýyl göründi. Garly bagşy gaty birahat

bolup, bir Şura, bir-de generally paýtuna howsalaly

bakyp başlady.Muny şobada duýan Şura :”Karli,

ähli zat gül ýaly.” diýdi. Yzýany hem generalyň

lowurdap duran paýtuny bularyň deňine gelip

durdy.General gaty gaharly göründi.

--Şura, eglenme, meniň paýtunyma mün!

--Ýok, kaka, men Karli bilen bile barmakçy.

General paýtundan haýbatly düşdi weli, Şura

Garly bagşyny gujaklady.

--Seniň garşylygyň peýdasyz, kaka. Men çaga

däl.Ikimize ak pata ber, kaka!Bize garşylyk

görkezmäňi kesäý, kaka!General öz gyzyna hem-de başyny aşak salyp,

generala bakyp bilmän duran Garla örän zäherli

bakdy. Orta ýolda gowga turzup durmany uslyp

görmedimi-nämemi,ýa-da gyzynyň gylygyna

beletligindenmi, paýtunyna gazap bilen mündi-de

geçdi gitdi.

Garly bagşa jan geldi. Ol bütinleý

üýtgedi.Şuranyň elinden tutup, oňa mähremlik

bildirip paýtuna mündürdi.Özem Şuranyň ýanynda

oturdy.

--Ýör, gideli, Şura! Seniň üçin men dowzahda

aýdym aýtmaly bolsam-da giderin.

--Ýör,ýör.

Paýtun tiz ýöränsoň, ýelginine o jadylaýjy sary

gulpagyň burumlary hä bu ýana, hä o ýana owsun

atdy, ahyrda-da Garly bagşynyň ýüzüni tutuşlygyna

örtäýdi.Ýüzünden gulpaklary emaý bilen aýran

Garly bagşy hem, saçlaryny ýele dagytmajak

bolýan Şura hem bir-birine teşne ýylgyryşdylar.General howlusyna girenlerinde ejesi ýaşlary

güler ýüz bilen garşylady.Şura muňa monça boldy.

Ol Garlydan biraz öňe ylgap baryp ejesini

gujaklady we gulagyna bir söz

pyşyrdady.”Goýsana, gyzym.” diýip,ýylgyryp

garap, Garla baka ýöredi.

--Geliň, geliň.Geçiberiň. Gyzym sen myhmany

piano otagyna eltäý. Piano çalyp ber.Gyzykly

bolar.

--Meniň ejem altyndandyr.Ejeme Swetlana

Wladimirowna diýýärler. A bu ýigit Karli- Şura

piano otagyna barýarka bu sözleri aýtdy we Garly

bagşynyň goşaryndan mäkäm tutup gitdi. Tä

çagyrylanlar gelişýänçä Şura dürli sazlar çalyp, saz

hakda gyzygyp gürrüň berip, Garly bagşyny

güýmedi . Garly bagşy general geläýse özüni nähili

tutmalydygy hakda oýlandy.”Näme bolsa-da Alla

bardyr.Ölmelem bolsa, Sura üçin ölerin” diýip

oýlanýardy. Bir salymdan Şuranyň ejesi gelip

ýaşlary stol başyna alyp gitdi.Oturanlar ör turup, elçarpyp Şuranyň doglan gününi gutladylar. Şura

Garly bagşa üns çekdirjek bolup, onuň adyny

birküç ýola aýdyp, meşhur türkmen bagşysy diýip

tanyşdyryp çykdy, emma oturanlar Garly bagşa

şeýle sowuk garap göýberdiler. Şuranyň göwni

üçin baş atan boldular. Ýiti nazarly Şura bu ahwaly

şobada duýdy.Kakasynyň bu dabara gelmän, göwne

degýäniniň üstesine, bularyň hem Garly bagşyny

äsgermän oturyşlary onuň biraz gaharyny getirdi.

“Içiniz ýansyn. Siz şeýtseňiz, men beýderin”

diýýän ýaly, Şura ylgap gidip, Garly bagşynyň

dutaryny getirdi-de:”Karli,Karli! Hany şo meşhur

aýdymy aýdyp bersene, beýleki aýdymlaryňy,

sazlaryňy hem arkaýyn aýt, bu taýyny öz öýüň ýaly

gör.” diýdi. Garly bagşy başyny dik tutup,

“Gözelim” diýen aýdyma başlady.Aýdym

başlansa-da hümürdi ýatmady weli,Şura başam

barmagyny dodagyna kese goýup,”Sesiňizi goýuň”

dýen yşarat etdi. Garly bagşy şu gezek bu

aýdymyň öz ykbalynda öwrülişik döredip biljek

derejede möhümligine göz ýetirdimi, ýa-da öz içkijoşgunyna bäs gelip bilmedimi-nämemi, gaty

ýokary heňde aýtdy we sesiniň beýle belent

ýaňlanyşyna özi hem haýran galdy. Aýdym tamam

boldy weli, Şura şobada turup,”Brawo!Brawo!”

diýip gaýtalap, Garly bagşynyň arkasyna kakdy.

Beýleki oturanlara garap: “Ine, gaýtalanmajak

sungat” diýip batly sözledi. Garly bagşy ýene

birküç aýdym aýtdy, aýdyp otyrka-da kämahal Şura

bakyp ýylgyrdy, Şuranyň bu aýdymlara-da ýürek

berşini synlady.Şura tutuşlygyna duýgular

ummanynda ýüzýärdi.Garly bagşy muňa aňryýany

bilen göz ýetirdi. Aýdym tamamlananda sazyň

arasyny üzmän, meşhur”Hajy golak” sazyna

başlady.Gözleri ýumuldy.Garly bagşy bütinleý

özüni unutdy. Düýgularyň joşguny ony iki ýana

yralap başlady.Şura doňup galdy.Ol bu sazy ilkinji

gezek diňleýärdi, asla bu jelegaýlarda beýle çuň

pelsepeli saz bardyr diýip gümanam etmeýärdi.

Hälden bäri Garly bagşyny bu üýşmeleňe

gerekmejek keseki görüp oturanlaram

dymdy.Şuranyň ejesi elindäki akja ýaglyk bilengözýaşlaryny duýdurman süpürip goýberdi.Şura

aýalary bilen gözlerini ýapyp, başyny egip

otyr.Ahyry saz tamamlandy.Bagşy ýüzüniň derini

birküç ýola süpürdi-de başyny egip oturdy. Az

salymdan Şura bagşyny gujaklap:”Sen beýik

ussat,Karli” diýip, pyşyrdap diýen ýaly

sözledi.Birdenem serkerde geýimli, kyrk

ýaşlaryndaky adama bakdy-da:”Siz, baryňyz

türkmenleri wagşy hasaplaýaňyz. Bu ýalan! Şeýle

sazy döredip bilýän, saza şeýle ýakyn milletem

wagşy bolarmy!? Ýalan!Siziň özüňiz wagşy. Siz

olary gyryp, watanyny elinden aldyňyz.

Şuranyň ejesi tiz ýerinden turup, ylgap

baryp,gyzynyň arkasyny sypalap:”Köşeş, gyzym,

köşeş. Ähli zat gül ýaly” diýdi. Şura gözýaşlaryny

süpürip, rahatlanan ýaly boldy.Emma ýene şo

harby geýimlä bakdy-da birden gaty gepläp

başlady.

--Elbetde, hakykat göz çokalaýar. Men muny

kakama-da aýtdym.Kimdir biri dogrusynyaýtmalydyr ahyry.—Şura Garly bagşynyň eline

elini goýup oturdy.”Karli, bagyşla, seniň keýpiňi

bozaýdym öýdýän.Biz bagtly bolarys,şoňa

ynanýan.”

Bu oturylyşyga biraz sowuklyk aralaşanyny

duýdy öýdýän, harby eşikli kişi ýerinden turup,

elindäki şeraply pyýalany ýokary göterdi.

--Zenanlar we jenaplar! Men şu pyýalany eziz

Şurajygymyzyň bagtly bolmagyny diläp içýärin.

Galan zatlar düzeler gider.

General gelmänsoň, Garly bagşynyň beýle öňe

geçirilmegine içki garşylyklary güýjänsoň,

gelenlerondan-mundan gürrüň edip, uzak oturman

dagadylar. Garly bagşy hem turarmen boldy weli,

ony Şura goýbermejek bolup köp dyzady, ahyry,

ertir duşuşmak şerti bilen, Garly bagşyny howlynyň

daşynda garaşyp duran paýtuna mündürip

goýberdi. Emma paýtunçy paýtuny Garly

bagşynyň öýüne däl-de, generalyň işleýän ýerine

sürdi. Paýtundan düşdüler weli, bir rus esgeri ylgapgeldi-de “Ýaragyň barmy?” diýip, jogaba-da

garaşman, Garly bagşynyň bütin bedenini aýasy

bilen basyşdyryp çykdy. Ýarag tapylmansoň, yzyna

düşürip, jaýa girip gitdi.Bir peşeneli gapydan

girenlerinde garşysynda general zerli pogonlaryny

şem yşygyna ýaldyradyp otyr. Garly bagşynyň

salamyna jogap bermän,”Sen näme üçin tabşyrylan

işi etmän, meniň maşgalama azar berdiň, bizi

birahat etme diýildi ahyry” diýip, uzak gürrüň

edildi. Garly bagşy hem öňküler ýaly

ýygrylmady.”Meniň Size, Şura gyzyňyza

hormatym uludyr” diýip, özüni goramany

başardy.Şeýle-de bolsa, Garly bagşyny ýerzemine

eltip, demir gözenekli garaňky jaýa dykdylar.Ne

oturara ýer bar, ne-de ýatara. Garly bagşy gijäniň

uzynlygyny ilkinji gezek zyndandaduýdy. Ýöne

küýi-pikiri Şura boldy. Şura zor bilen otla

mündürilip Orsyýete ugradylan ýaly duýgy ony

heýjana saldy.“Men Orsyýete gidip, ony nireden

tapybilerin?!Ýok-la, Şura meni taşlap gitmez-le.”

diýip, özüne özi göwünlik berip gördi. “MejnunLeýli diýip bedýan çölde çüýremedimi?! Perhat

Şirin diýip gara daglar gazmadymy?! Tahyr Zöhre

diýip däli derýada akmadymy?!” Daňdanlar bir rus

esgeri çeltek gepläp geldi.

--Sen general doçkasyny söýýär aýtdylar.

--Il aýdýan bolsa, ýalan däldir.

--Berk dur. Ýakşy doçka.Gozel.—Ol başam

barmagyny gaýşardyp, gowy diýen yşarat etdi-- O

general doçka kakasyna komandir. Bir doçka

bar.Başka net. Sen baý kişi boljak.General puly

çook.-Esger jalbarynyň sag jübüsine aýasyny

patladyp-patladyp urdy.

--Nesibedir-dä, näme bolsa görübereris.

Garly bagşy Şuralaryň öýünde turýan

topalaňdan habarsyzdy.Şura tä kakasy işden

gelýänçä sabyr-takatsyz ikiýana elewräp geçdi.

Garşy-garşy ejesini gujaklap, ejesi hem gyzyny

gujaklap aglaşdylar.Ejesiniň köşeşdirjek bolmasy

Şurany gaýta öjükdirýärdi.

dowamy bar

awtow;Oraz Yagmyr

23
76
tmyigit76
14 Noýabr 2023
Garaşýan...
4982
13 Noýabr 2023
Gaty gowy hekaya dowamyna garašýas👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.