dusundiris ; kabir agzalaryn hayysy boyunca blokladylar dowamyny goyup bilmedim
Ahyry ejesi surnugup öz düşegine geçip öli ýaly ýatdy.Şura bolsa ylgap-
ylgap daşary çykyp, howlynyň gapysyndan daşary
seretdi.Gijäniň bir wagtlary general howla girdi.Ol
Şura bireýýäm ýatandyr öýdüp gelýärdi.Gelşine öz
otagyna baka öwrüldi weli yzyndan Şura ylgap
ýetdi.
--Kaka!Kaka! Bir minut dur.Neneň meniň
doglan günümi gutlaman gezdiň.
--O-o, gyzym, gumrujygym, sen ýatmanmydyň.
Bagyşla, işler gyssagly boldy.—Kakasy ylgap
gelip, gyzyny gujaklady—Meniň ýeke-tägim,
meniň melegim, ömrüň uzyn bolsun. Saňa
tükenmez bagt arzuw edýän.
Şura kakasynyň gujagyndan silkinip aýryldy.
--Men seni tanaýan-a, kaka. Gaty aýp
boldy.Karli ilkinji gezek bize geldi. Sen oňa:”Hoş
geldiň” diýmäge özüňde güýç tapmadyň.
-Gyzym, mähribanym…--Ýok, kaka. Men çaga däl. Nämeler bolýanyny
gaty gowy bilýän. Haýyş edýän, meň bilen açyk
gepleş. Orsyýetiň harby ministri, hat-da imperatory
bolup bilersiňiz, emma, emma Karli ýaly beýik
ussat bolup bilmersiňiz.
--Rahatlan gyzym.Menem gaty ýadaw geldim.
Bar, otagyňa giripjik ukyňy al.Ähli zat gül ýaly
bolar.
General öz otagyna baka ýöräp gitdi. Onuň bu
bolşuny gyzy gaty sowuklyk diýip kabul etdi. Öz
otagyna ylgap girdi-de ýüzüni ýorgana berip
içigip-içigip aglap başlady. Az salymdan ejesi
gelip,Şurany gujaklap, bile aglaşdylar.Ýürekler
biraz gowzanda:”Men seniň tarapyňda,
gyzym.Ýöne biraz sabyr et.Biraz dury başly oýlan.
Özüňe keseden bakyp gör. Sen meniň diregim
ahyry.
--Ejejan,ejejan! Ýüregim bir aýylganç sowuklyk
duýýa. Kakam Karliniň janyna kast eden ýaly bir
zatlar syzýan, eje.--Goýaweri, goýaweri. Kakaň o derejedäki adam
däl ahyry. Sen gaty ýadaw, gyzym.Gel bileje
ýataly.
Ejesiniň gujagynda ýatsa-da onuň bu gije
uklaman, birden-birden turup, daşary ylgap, daşky
gapydan ýola garap, ýüz müň pikir-duýgyny
neneňsi başdan geçirenini doly ýazmak üçin kagyz
ýetmez.Gaty uzaga çeken gijäniň ahyry Gün dogdy.
Şura kakasynyň turaryna sabyrsyz garaşdy.Ahyry
otagdan çykan kakasyny görüp, oňa baka uzyn
köýnegini süýräp ylgady.
--Kakajan! Men Karliniň nirededigini bilesim
gelýär.Men onuň bilen görüşmeli.Ol öýündemidir,
jany sagmydyr.
--Gyzym, meni kyn ýagdaýda goýma. Her
öňýeteniň nirede, näme işleýänini bilmerin ahyry.
--Kakajan! Meniň bile beýle sowuk
gepleşme.Karli geljekde Siziň giýewiňiz
bolmaly.Ol ýat-keseki däl
--Rahatlan, gyzym.Bizem seniň bagtly
bolmagyňy isleýäs.
Şura öz otagyna girip ýene gözýaş kölüne gark
bolup galdy. Onuň duýgur ýüregi Garlynyň başyna
bir iş düşenini gizlin habar berýärdi.Garly şeýle
ýagdaýdaka Şuraöýünderahat ýatsabolmazahyry.Ol
ömürlikGarlahyzmatederindiýip özi
özünesözberipdiahyry.Şurahasyrdyklapdaşaryylgad
y.Paýtun ýok .
Diýmekkakasyeýýämgidipdir.Şurakakasyndanbaşg
abiriniň
ýamanlykedipbiljegineynanmaýar.Öňürtmeli!Öňürt
meli! Azsalymdan ŞuraeýýämGarlybagşynyň
ýaşaýanjaýynyň gapysynygaty-
gatykakypbaşlady.Jogap ýok, ses ýok. Ylgap
ýenepaýtunamündi-degönikakasynyň işleýän
ýerinegitdi.Esgerler Şuranygörendensähelbaş
egipsalamlaşdylar.Üraolardankakasynysorap,
jogabagaraşman ýenebirindenkakasynysorapiki
ýanatasady.Ahyry, olaşakda, ýerzeminde
ýerleşýänzyndanabakaylgady.Esgerleriň birionuňöňüneböwetboljakboldyweli, Şuraonybir
ýanaitipgeçdigitdi.Garaňky zyndanyň demir
gözenegine ýakyn gelen badyna Garly towsup
turdy-da “Şura! Şurajan!” diýip tolgunyp gygyrdy-
da gözenegiň aňyrsyna geldi.
--Ah Karli! Karlijan! Seni ähli jebirlere duçar
eden men boldum.Bagyşla, Karli. Az salym sabyr
et, men ähli işi düzederin.—Şo mahal bir esger
geldi-de çekinjeň gepläp başlady-Bagyşlaň,
hormatly Hanum. Düzgün boýunça biz Sizi bu taýa
geçirmeli däl.Wagtlaýynça çykmasaňyz meni türmä
atarlar. Ýalbarýan, hormatly hanum!
--Bolýa, bolýa. Düşünýän.Hazir, häzir. Karlijanym
sen sabyr et. Men häzir seni boşatdyraryn,
bolýamy, Karli?—Şura gözenege elini sokup,
Garlynyň çekgelerinden sypaşdyrdy.Soňra daşary
ylgady.”Men bilýädim-ä. Karli ikimize kakamdan
başga duşman ýok. Beýle beýik ussady zyndana
atmaga neneň dözdüň ahyry?! Beýle wagşylyk
dünýäde ýokdur.Sungaty horlamak-gan damarykesmek.”Şura bu duýgular bilen ylgap barşyna
paýtuna mündü-de esgerleriň tälim alýan
meýdanyna ugrady. Ol bu gezek kakasy bilen çürt-
kesik gepleşmek isläp barýardy. Uzakdan
kakasynyň gün yşygyna ýyldyrdaýan zerli
pogonlaryny görüp paýtunçyny hasam gyssady.
Kakasy hem gyzyny uzakdan gördi öýdýän,
köpçülikden saýlandy-da gyzynyň gelýän tarapyna
ýöräp ugrady.
--Kaka!Kaka! Men seniň wagşylygyňy öňem
bilýärdim, ýöne bu derejedeligiňi hiç-hiç güman
etmändirin.
--Gyzym, şu mahal hiç zat sözleme. Kabinetde
düşünişeris.
--Karlini edil şu pursatda zyndandan
çykarmasaň, bütin Peterburga telegraf
ýaýratjagymy aýdaýyn.
--Gyzym, sen dälireme! Ýat bir ýerdeligimizi,
her ädimimiziň howp-hatarlydygyny unutma!--Ýalan! Bu halk entek özüniň gul edilenini hem
duýmaýar. Karliniň dutardan başga ýaragy hem
ýokka zyndana taşladanyňy hiç söz bilen aklap
bilmersiň.
General geplemän öz paýtunyna mündi-de
ugrady, Şuranyň münen paýtuny hem onuň yzyna
düşdi.Iş ýerine gelenlerinde general gyzynyň
elinden tutup paýtundan düşürdi. Bile ýöräp iş
kabinetine girenlerinde, “Men bir minutdan gelýän”
diýip, gapyny daşyndan ýapdy-da başga bir otagda
bir harby adama tabşyryk berdi-de ýene öz
kabinetine dolandy.
--Ýeri, gumrujygym, hany aýt, doglan günüň
şadyýan geçdimi?! Men ýene ötünç soraýan.Geljek
ýyl seniň doglan günüňi Peterburgda belläris.
Petergofda Baltika kenarynda deňzi synlap
oturarys.
--Kaka, sen meni ýene çagasyradyp başladyň.
Karlini häziriň özünde boşadýamyň ?--Kim o Karli? Biziň gol astymyzda hiç kim
zyndanda däl. Häzir bir owurt kofe içeli, soňra
bileje gideli.Ata-eneňe-de ynan, gyzym. Biz saňa
ýamanlyk etmeris ahyry.
--Kaka! Kakajan!—Şura aýalary bilen ýüzüni
örtdi- Kaka, men gutarnykly netijä geldim, Men
Karlini söýýän, olam meni söýýär. Sen biziň
ýolumyzy aç. Biz bagtly bolasymyz gelýä.
General örän syrly dymdy-da ýerinden turup,
penjirä bakdy. Şura ylgap gelip kakasyny
gujaklady. Joşup gelen gözýaşlar generalyň zerli
pogonyna damyp başlady.
--Kakajan! Sen ömrüňde söýüp görüpmidiň?! Bu
söýgini bize Hudaýyň özi beripdir. Sen bize garşy
bolma, kakaja-an! Maňa Karlisiz ömür derkar dä-
äl.
--Rahatlan, gyzym.Ähli zat gül ýaly bolar. Hany,
bir owurt suw iç. – Kakasy tiz ýöräp, bir piýala
suw alyp gyzyna içirdi. Şura agysyny goýsa-da ulygözleriniň hanasy gözýaşdan dolup, ýaňaklaryndan
syrygýardy.
--Gyzym, isleseň ýör, zyndanlara aýlanaly.
--Hökman, hökman. Men Karlini alyp gitmeli
ahyry.—Kakasy gyzy bilen zyndanlara baka
ýöredi.Ýolda ol aldygna hoş sözler aýdyp, gyzyny
köşeşdirmäge çalyşdy. Şuranyň biraz öň öz gözleri
bilen gören zyndanynyň demir gapysy açyk
durdy.Şura kakasyna şeýle bir gahar bilen seretdi
weli, hat-da köpi gören kakasy hem ýüzüni
sowanyny bilmän galdy.—Kaka! Meň bilen syçan-
pişik oýnuny oýnama.Karlini nirä ugratdyňyz? Ýa
atdyňyzmy?—Şura möňňürip aglap, paýtunyna
baka ylgaşlap gaýtdy.”Näme üçin adamlar zalym
bolýarka?Ýer togalagynda her kişä ýer bar ahyry.”
Şura kakasyna garaşman, paýtunyna münüp,
göni Garly bagşynyň öýüne ugrady. Kakasy bolsa,
şo taýda galdy-da agyr-agyr çilim sorup, ýere
bakyp, ikiýana ýöredi.Onuňam kalbynda tupan bary
gopýardy. (dowamy sonky bolumi )
awtor;Oraz Yagmyr