sazsoft
01.03.2024 02:14

Daş ýonujy barada rowaýat

Ol betbagt adam bolup, durmuşda başga bir orny eýelemek isleýän eken. Günlerde bir gün ol bir adamyň öýüne barýar, onuň ullakan baýlygynyň bardygyny hemem şäherde uly abraýdan peýdalanýandygyny görýär. Daş ýonujynyň muňa gözi gidip, şonuň ýaly adam bolasy gelýär. Ýöne şondan soň ol daş ýonujy bolup biljek däldi.

Munuň geň ýeri — onuň arzuwy hasyl bolýar. Ol birdenkä söwdagäre öwrülip, gymmat bahaly zatlara hemem arzuwynda bolmadyk hökmürowanlyga eýe bolýar. Ýöne şu ýerde garyplar oňa gözügidijilik bilen seredip, ony ýigrenip ugraýarlar, onuň duşmany göz öňüne getirişindenem beter köpelýär. Soňra ol daş-töweregi hyzmatkärdir garawully ýokary wezipeli adamy görýär. Adamlaryň bary onuň öňünde dyza çökýärdiler. Ol patyşalygyň iň abraýly we sylagly adamsydy. Söwdagäre öwrülen daş ýonujy şunuň ýaly hökmürowan, şunuň ýaly hyzmatkärli, garawully adam bolasy gelýär. Onuň arzuwy ýene hasyl bolýar, ol patyşalygyň iň güýçli adamsyna öwrülip, adamlaň bary onuň öňünde dyza çökýärler. Ýöne ol hökümdar gaty gorkunç bolup, patyşalygyň iň ýigrenilýän adamsyna öwrülýär, hut şonuň üçinem ony şonça esger goraýan eken. Munuň üstesine-de, Gün howry ony gaty bagtsyz, gaty nalajedeýin duýmaga mejbur edýär. Ol asmanda ýaldyrap duran Güne garap, şeýle diýýär: «Ol nähili kuwwatly. Meniňem Gün bolasym gelýär!».

Ol arzuw eden badyna, ýeri ýagtylandyryp duran Güne öwrülýär. Ýöne güýçli şemal öwsüp, onuň öňüni bulut tutýar. «Menem edil ýel ýaly güýçli bolasym gelýär» diýip oýlanan badyna, ol şobada ýele öwrülýär.

Ýöne aňsatlyk bilen agaçlary köki bilen sogurýan, tutuş obany tep-tekiz edýän ýelem gaýa bilen çaknyşanda güýçsüz bolup çykýar. Ýel gahar-gazap bilen hüjüm etse-de, ullakan daş onuň öňünde gymyldaman durýar. «Daş ýaly berk zat ýok! — diýip, ýel aýdýar. — Menem şonuň ýaly bolasym gelýär».

Şondan soň ol ullakan daşa öwrülip, iň güýçli ýeliň öňünde durmagy başarýar. Indi dünýäniň iň uly güýjüne öwrülensoň, ahyry ol özüni bagtly hasap edýär. Ýöne birsalymdan ol çekijiň sesini eşidýär. Çekijiň ýiti tygy ýuwaş-ýuwaşdan dagy kertip ugraýar. «Menden güýçli kim barka?» diýip, daş aşagyna seredýär. Görse… ullakan daşyň aşagynda daş ýonujy bar eken.



* * *

Adamlaryň aglabasy bütin ömrüne bagtyň gözleginde gezýär hemem hiç wagt tapmaýarlar, sebäbi ony başga ýerden gözleýärler. Gündogara seredip Günüň ýaşyşyny görüp bolmaýşy ýaly, daş-töweregiňdäki zatlara garap bagty tapyp bolmaýar. Daş ýonujy baradaky rowaýatyň manysy — adam durmuşda bir zatlar üýtgedip bagta ýetip bilmez. Ol diňe özüni üýtgetmeli.

34
198
sazsoft
05.02.2024 08:38
Sen geldiň-de,
Garyp köňlüm baý etdiň.
Ýöne,
Nämüçindir,
Ynjalygym ýok.
Sen maňa bagt berdiň örän ullakan,
Ony nädip gorajagmy bilemok.

Ýöne
Säher-säher bagtymy öpüp,
Görýän öz-özümi seniň gözüňde.

Herhal, ýolda ýatan daş däl ekenim,
Artyk däl ekenim ýeriň ýüzünde.

Gurbannazar Ezizow
30
81
sazsoft
30.01.2024 03:23

Orhideýalar – tebigatyň ösümlik dünýäsiniň bu ajaýyp wekili ösümlikleriň iň gadymy maşgalasyna degişlidir. Bu gülleriň Ýer togalagynda peýda bolmagy Kretos döwrüne degişlidir. Şol döwürde ullakan dinozawrlar, pterodaktiller we arheopteriks Ýeriň giňliginde ýaşaýardy we adam görünmezinden birnäçe million ýyl öň galypdy. Orhideýa diňe Antraktidan başga ähli yklymlarda tapylan iň owadan güller hökmünde tanalman, eýsem, tohum öndürijiligi bilen hem aýratyn tapawutlanýar.


Orhideýalar hakynda örän gyzykly maglumatlar bar, olar:

Orhideýa – Ýer ýüzündäki iň gadymy ösümlikler maşgalasyna degişli bolup, ony takmynan, 145 million ýyl öň dörän diýip çaklaýarlar.
Orhideýalar – özüniň dürli-dürli görnüşleri bilen beýleki güllerden tapawutlanýar.
Öňki SSSR-iň ýerlerinde Orhideýanyň 419 görnüşi tapylýar. Häzirki wagtda dünýäde bu gülüň 25 müňden hem köp görnüşleri  bar.
Orhideýa – öz düzüminde 4 million dänä çenli tohum saklaýar. Bu bolsa, olaryň tohum saklaýan gülleriň içinde ilkinji ýerde durýandygyny subut edýär.
Orhideýalar – maýda güller ýa-da agaja meňzeş üzüm şekilinde bolup, olaryň iň kiçisi birnäçe millimetre ýetýär, iň ulusy bolsa, 35 metre barabardyr.

Londonda, Patyşalyk bagynda Orhideýanyň iň giň ýaýran görnüşi Kýuda bolup, olaryň käbirleri geçen asyryň başyndan bäri saklanyp galypdyr. Olaryň arasynda ýaşy 100 ýyla ýetýänlerine hem duş gelmek bolýar.

Dünýädäki iň gymmat Orhideýa “Altyn Kinabalu” bolup, ol 15 ýaşynda gülleýär. Bu Orhideýa örän seýrek duş gelýän görnüş bolup, bu gülüň nyrhy 5 müň dollara ýetýär. Bu gül Malaýziýada ösýär.

Orhideýa gülleri ýaşaýyş otagyny bezemek üçin örän amatlydyr. Emma olary ýatylýan otagda saklamak we täze durmuş guranlar üçin islenilmeýär. Rowaýata görä, orhideýa "älemgoşaryň bir böleginden’" peýda bolupdyr. Bu ösümligiň görnüşleriniň 90 göteriminden gowragy Günorta Amerikanyň tropiki howasynda ösýär. Emma iň meşhur ýapyk gül – orhideýa Günorta-Gündogar Aziýadan gelýär. Bu at grek dilinden “kebelege meňzeýär” diýip terjime edilýär. Kellagyry üçin orhideýany çaý ýaly demlemek maslahat berilýär. Ol daş-töweregindäki howany bakteriýalardan arassalap bilýän bir madda çykarýar.

Orhideýalar, köplenç, Gün şöhlesini gowy görýärler, ýöne olary Günüň göni şöhlesinden goramaly.


Gift orchide

Sowgat hökmünde orhideýa bermek näme diýmek?


Bu gül, elmydama, ak ýürekli we arassa duýga hormat goýmagy aňladýar. Köplenç, ýakynlaryňa mähriňi we hakyky duýgularyňy görkezmek üçin berilýär.

Rowaýata görä, Ýer ýüzünde ilkinji gül açan gül orhideýa bolup, beýleki güller ondan soň açylypdyr. Şonuň üçin hem bir zenana orhideýa sowgat bermeklige «Sen gelensoň, dünýämiň ilkinji gülleri açyldy» diýen manyda düşünilipdir.




Oňa orhideýa sowgat beriň. Şol pursatda dörän ýakymsyz duýgulara olam, sizem mynasypsyňyz. 🥴


Orchid: Fall in Love
36
222
sazsoft
29.01.2024 14:17
Ýeke özüň öýüňde,
Telefon dymyp otyr.
Nämeler bar küýüňde?
Öňüňde galam ýatyr.

Köne žurnal okýarsyň,
Köne endigňe görä.
Telefona bakýarsyň,
Soň bakýarsyň penjirä.

Garaşmakdan döreýän
Iňňän ruhy boşlukdan
Sypmak üçin gözleýäň
Bir jadyly hoş lukman.

Ne jady bar, ne lukman,
Ne kakylýar penjire...
Gül suwarýaň howlukman,
Bägülleň penje-penje.

Ýürek gysyp, darygýaň,
Bogýar boşlugyň sesi.
«Iň bolmanda — Gygyrýaň —
Duşmanym bir gelsedi!»

Duşmanyňam gelmeýär,
Garaşýarsyň bir entek.
...Birden göwnüň giňeýär,
Güýzüň ýalňyzlygy dek.

Şonda has çuň düşünýäň,
Öz-özüňe, baglara,
Gaty akar bu dünýä,
Geçen, geljek çaglara.

Dymsa dymsyn telefon,
Kakylmasyn penjire.
Ýöne güýzi keýpihon
Edersiň sen terjime.

Ýürek barha joş alýar
Galam batly ýöreýär.
Bizde käte goşgular
Ýalňyzlykdan döreýär.

Gurbannazar Ezizow



Ýalňyzlyk
40
340
sazsoft
27.01.2024 03:23
Durmuş bir depder däl, ýalňyş mesele,
Düzedip täzeden işläýer ýaly.
Söýgi bir ogul däl, doglan dessine,
Baryp begenjiňi buşlaýar ýaly.

Diňe çekinjeňlik ─ demir kapasa,
Içinde guş kimin ýesir arzuwym.
Umydym iýmlese durup gapyda,
Gabanç haýbat atýar, göýä garly gün.

...Ýürek törüň açyklygyn duýýançam,
Bir gyş geçdi, gorkym ýaly doňduryp.
Öz ýanymdan aşyklygym diýýänçäm,
Tomus geçdi, yşkyň ýaly ýandyryp.

Sen maňa
Men belki, wagta garaşdym,
Ýürekde gaý, dilim welin ümsümdi.
Ne-hä sen dil açdyň, ne men dil açdym,
Aramyzda Söýgiň özi kemsindi.

Bu gün gördüm
Nazarymdan daşlaşdy,
Bir ýigdiň ädimne goşan ädimleň.
Umytlarym ahmyr bilen hoşlaşdy,
Hem aýdylman galdy gizlin aýdymlam.

Söýgi ýol bildi däl,
Otly däl wysal,
Gijä galsaň ýyrtyp taşlaýar ýaly.
Durmuş bir depder däl, ýalňyşam mysal,
Düzedip, täzeden işläýer ýaly.

Allamyrat SAZAKOW

34
128
sazsoft
23.01.2024 15:23
Ýaşlyk menden ara açýar,
Uzaklaşýar owaz ýaly.
Köňle gussa aralaşýar,
Ýürek boşap, sowan ýaly.

Boldy ýalňyşam, ýazygam,
Şatlygam bolupdy ýetik.
Sarç mal kimin tazygan
Arzuwlarym, barýar ýitip.

Birmahallar göwnüm söýen
Bigamlara joradym men.
Ajysyny deň paýlaşyp,
Ajy günden goradym men.

Indi gussa aralaşýar,
Ýürek boşap, sowan ýaly.
Köňül bahary küýseýär,
Jyda düşen dogan ýaly.

Çary Ýegenmyradow
25
50
sazsoft
21.01.2024 04:57
Geçen günlerime dolansam yza, 🦂
Men seni asmandan inen öýderdim. 🌠
Durmuşym dönüpdi bahara-ýaza, 🏞️
Nirä gitsem derrew yza gaýdardym. 🐼

Ynanýardym özgelere ynanman, 🐅
Ynanmazlyk asla mümkinem däldi. 🦂
Sähelçe gezmezdiň hiç habar alman, 🐬
Aňymda näzijek gül bolup galdy. 🌸

Az salymda imrikdirdi özüne, 🐝
Dahan içre mährem sözleri bilen. 🎶
Duşmasa-da gara gözüm gözüne, 😎
Onuň bilen mydam bilejedim men. 🦋🐼

Göýä, bir bedene düzülen göwre, 😌
Ýa-da ýaňja dünýä inen ekiz taý. 🦋🦋
Hoşal bolup bakyp berilen ömre, 🙏
Üýtgeşik geçerdi hem günler, hem aý. 🌱

Ynamymy ýere çalar öýdemok, 🤔
Indi seňki boldy ýürek törüm meň. 💕
Belki-de, sen ony duýýanam dälsiň, 🙃
Seni özümki saýyp ýörün men. 😜💌💍🕊️
34
68
sazsoft
12.01.2024 04:15
Men ony goradym ýaman gözlerden,
Jalaý ýigitleriň her garaýşyndan,
Sowuk gybatlardan, sowuk sözlerden,
Tükenmez ýyllaryň gara gyşyndan.

Goradym göripleň gargaýyşyndan,
Ýakynlarymdanam goradym ony.
Goradym dostlarmyň ýylgyryşyndan,
Hiç bir zada rowa görmedim ony.

Bişişini synlap ullakan almaň,
Şol uly alma-da gorkuly garap,
Ony ähli zatdan goradym, arman,
Özümi şol gyzdan bilmedim gorap.

Han-ha, iňrik ýere ýazylyp barýar,
Bilýän, bir ýerlerde eýýäm daň atdy,
Oň söýgüsi misli bir uly derýa
Zyňylan daş bolup, ýüregme ýetdi.

Ine, syryp ýörüs köçeleň boýun,
Bir-birmiz tanaman, nobata durus,
Geliň, syr saklaman, alalyň, boýun,
Şol daşy näçämiz göterip ýörüs.

Bir jeza bar jezalaňam jellady:
Wysallaryň myrat bolmak deregne,
Adamyň eý gören, ynanan zady
Bir gara daş bolup çökýär ýüregne.

Ynamsyz ýaşamak mümkin däl, mümkin,
Ony goramaly beýni hem ýürek.
Ýöne ynamlaňam synýany üçin,
Käte ynamlardan goranmak gerek.

Gurbannazar Ezizow
31
138
sazsoft
02.01.2024 03:59
Saňa duşalym bäri, däli köňlüm derbeder.
Yşk deňzinde arzuw-hyýal ýelken kimin ýellener.
Ejap eýläp dymsaň-da sen, ala gözleň dillener,
Sözle, näme diýdigiň ol, elheder gyz, elheder.
Gyýk bakyşyň aklym alyp, enteder gyz, enteder.

Hyýalymda beýle bagty agtarmandym häli men,
Senden zyba näzenin gyz elgerdäýmez päle hem.
Hala ýandyr, hala söndür, gandyr meni hala sen,
Ýogsa meni ýowuz ykbal, enteder gyz, enteder.

Ýeldirgedim ogryn garap, göwnüm awlan keşbiňe,
Ýeldirgedim ogryn garap, yşky lowlan çeşmiňe,
Bu aýdyma syrym berdim, sen günämi geç diňe,
Saňa syrym ýaýdygym ol, elheder gyz, elheder.
Ýogsa meni sensiz ykbal, enteder gyz, enteder.

Öz roýuna buýsanmaga ejap eýläp ýörenim,
Saçyn ýere deger öýdüp, başa aýlap ýörenim.
Eger görseň sözläp bilmän, seni peýläp duranym,
Saňa söýýän diýdigim ol, elheder gyz, elheder.
Eger söýgi ýalňyz galsa, enteder gyz, enteder.

Nobatguly Rejepow
38
220
sazsoft
26.12.2023 13:26
Sen geldiň - özgerdi dünýäm,
Telbe boldum akyl-huşsuz.
Özümiň çyn täleýime
Seniň gözleriňde duşdum.

Asmana çekip keşbiňi,
Tapdym seni ýüregimden.
Durmuşyň düýpsüz deňzinde
Halas etjek küregim sen.

Gursagymda dogan Aýsyň,
Ak ýyldyzlar keniz saňa.
Seň baryňda bu söýginiň
Hasraty-da eziz maňa.

Gelseň, Älem ýazdyr, ynan,
Gitseň, ýürek aglar sessiz.
Dünýäni saňa bermişem,
Maňa seniň yşkyň besdir...

Kakamyrat Rejepow
37
127