sazsoft
21.01.2024 04:57
Geçen günlerime dolansam yza, 🦂
Men seni asmandan inen öýderdim. 🌠
Durmuşym dönüpdi bahara-ýaza, 🏞️
Nirä gitsem derrew yza gaýdardym. 🐼

Ynanýardym özgelere ynanman, 🐅
Ynanmazlyk asla mümkinem däldi. 🦂
Sähelçe gezmezdiň hiç habar alman, 🐬
Aňymda näzijek gül bolup galdy. 🌸

Az salymda imrikdirdi özüne, 🐝
Dahan içre mährem sözleri bilen. 🎶
Duşmasa-da gara gözüm gözüne, 😎
Onuň bilen mydam bilejedim men. 🦋🐼

Göýä, bir bedene düzülen göwre, 😌
Ýa-da ýaňja dünýä inen ekiz taý. 🦋🦋
Hoşal bolup bakyp berilen ömre, 🙏
Üýtgeşik geçerdi hem günler, hem aý. 🌱

Ynamymy ýere çalar öýdemok, 🤔
Indi seňki boldy ýürek törüm meň. 💕
Belki-de, sen ony duýýanam dälsiň, 🙃
Seni özümki saýyp ýörün men. 😜💌💍🕊️
34
68
sazsoft
21 Yanwar 2024
@tim_, Hä, bolýa. :)
sazsoft
21 Yanwar 2024
@tim_, bir ýerlerde bir zatlar ýazdyň, soň tapmadym. Bozduňmy ýa? :)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.