sazsoft
30.01.2024 03:23

Orhideýalar – tebigatyň ösümlik dünýäsiniň bu ajaýyp wekili ösümlikleriň iň gadymy maşgalasyna degişlidir. Bu gülleriň Ýer togalagynda peýda bolmagy Kretos döwrüne degişlidir. Şol döwürde ullakan dinozawrlar, pterodaktiller we arheopteriks Ýeriň giňliginde ýaşaýardy we adam görünmezinden birnäçe million ýyl öň galypdy. Orhideýa diňe Antraktidan başga ähli yklymlarda tapylan iň owadan güller hökmünde tanalman, eýsem, tohum öndürijiligi bilen hem aýratyn tapawutlanýar.


Orhideýalar hakynda örän gyzykly maglumatlar bar, olar:

Orhideýa – Ýer ýüzündäki iň gadymy ösümlikler maşgalasyna degişli bolup, ony takmynan, 145 million ýyl öň dörän diýip çaklaýarlar.
Orhideýalar – özüniň dürli-dürli görnüşleri bilen beýleki güllerden tapawutlanýar.
Öňki SSSR-iň ýerlerinde Orhideýanyň 419 görnüşi tapylýar. Häzirki wagtda dünýäde bu gülüň 25 müňden hem köp görnüşleri  bar.
Orhideýa – öz düzüminde 4 million dänä çenli tohum saklaýar. Bu bolsa, olaryň tohum saklaýan gülleriň içinde ilkinji ýerde durýandygyny subut edýär.
Orhideýalar – maýda güller ýa-da agaja meňzeş üzüm şekilinde bolup, olaryň iň kiçisi birnäçe millimetre ýetýär, iň ulusy bolsa, 35 metre barabardyr.

Londonda, Patyşalyk bagynda Orhideýanyň iň giň ýaýran görnüşi Kýuda bolup, olaryň käbirleri geçen asyryň başyndan bäri saklanyp galypdyr. Olaryň arasynda ýaşy 100 ýyla ýetýänlerine hem duş gelmek bolýar.

Dünýädäki iň gymmat Orhideýa “Altyn Kinabalu” bolup, ol 15 ýaşynda gülleýär. Bu Orhideýa örän seýrek duş gelýän görnüş bolup, bu gülüň nyrhy 5 müň dollara ýetýär. Bu gül Malaýziýada ösýär.

Orhideýa gülleri ýaşaýyş otagyny bezemek üçin örän amatlydyr. Emma olary ýatylýan otagda saklamak we täze durmuş guranlar üçin islenilmeýär. Rowaýata görä, orhideýa "älemgoşaryň bir böleginden’" peýda bolupdyr. Bu ösümligiň görnüşleriniň 90 göteriminden gowragy Günorta Amerikanyň tropiki howasynda ösýär. Emma iň meşhur ýapyk gül – orhideýa Günorta-Gündogar Aziýadan gelýär. Bu at grek dilinden “kebelege meňzeýär” diýip terjime edilýär. Kellagyry üçin orhideýany çaý ýaly demlemek maslahat berilýär. Ol daş-töweregindäki howany bakteriýalardan arassalap bilýän bir madda çykarýar.

Orhideýalar, köplenç, Gün şöhlesini gowy görýärler, ýöne olary Günüň göni şöhlesinden goramaly.


Gift orchide

Sowgat hökmünde orhideýa bermek näme diýmek?


Bu gül, elmydama, ak ýürekli we arassa duýga hormat goýmagy aňladýar. Köplenç, ýakynlaryňa mähriňi we hakyky duýgularyňy görkezmek üçin berilýär.

Rowaýata görä, Ýer ýüzünde ilkinji gül açan gül orhideýa bolup, beýleki güller ondan soň açylypdyr. Şonuň üçin hem bir zenana orhideýa sowgat bermeklige «Sen gelensoň, dünýämiň ilkinji gülleri açyldy» diýen manyda düşünilipdir.




Oňa orhideýa sowgat beriň. Şol pursatda dörän ýakymsyz duýgulara olam, sizem mynasypsyňyz. 🥴


Orchid: Fall in Love
36
222
sazsoft
31 Yanwar 2024
Sen gelensoň, dünýämiň ilkinji gülleri açylanam bolsa, dillerim bilbil bolup saýranam bolsa, seni näçe güýçli hem ýürekden söýýän-de bolsam, saňa bolan söýgümi dillerim, güllerim ýa sözlerim beýan etmez... ☝🏻
sazsoft
30 Yanwar 2024
@orhideya_, Basym köp bolar :)) Internetde hemme häsiýetlerini bilýäň, köçede biljek gümanyň ýok. Internet söýgüsi gowy söýgi 🤩
sazsoft
30 Yanwar 2024
@Di-Mentro, Hä, bolýa. :) @mylife🎶 _, Salam! Sag boluň! :)) HTML kod bilen.
ATOMIC
30 Yanwar 2024
@sazsoft, profiliñde ýazyk eken
sazsoft
30 Yanwar 2024
@Di-Mentro, Kim?
sazsoft
30 Yanwar 2024
@orhideya_, Bir zat diýip bolmaz, belki, tapylar 😁 Hawa, etmelisem şol-da :))
ATOMIC
30 Yanwar 2024
Ýeriii oka owren doret diýdä😁
sazsoft
30 Yanwar 2024
@orhideya_, 😁 Indi syryňyz paş boldy 😂 +10 bolanda? 🤔 10 sanysy bilen öňki güýjüne barýamy ýa? 🙃
sazsoft
30 Yanwar 2024
@orhideya_, 5 ýyl öňki sözüňiz öz güýjündemikä şu wagtam? 😂🤦🏻‍♂️
sazsoft
30 Yanwar 2024
@orhideya_, Ýakymsyz 🥴😁
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.