sazsoft
01.03.2024 02:14

Daş ýonujy barada rowaýat

Ol betbagt adam bolup, durmuşda başga bir orny eýelemek isleýän eken. Günlerde bir gün ol bir adamyň öýüne barýar, onuň ullakan baýlygynyň bardygyny hemem şäherde uly abraýdan peýdalanýandygyny görýär. Daş ýonujynyň muňa gözi gidip, şonuň ýaly adam bolasy gelýär. Ýöne şondan soň ol daş ýonujy bolup biljek däldi.

Munuň geň ýeri — onuň arzuwy hasyl bolýar. Ol birdenkä söwdagäre öwrülip, gymmat bahaly zatlara hemem arzuwynda bolmadyk hökmürowanlyga eýe bolýar. Ýöne şu ýerde garyplar oňa gözügidijilik bilen seredip, ony ýigrenip ugraýarlar, onuň duşmany göz öňüne getirişindenem beter köpelýär. Soňra ol daş-töweregi hyzmatkärdir garawully ýokary wezipeli adamy görýär. Adamlaryň bary onuň öňünde dyza çökýärdiler. Ol patyşalygyň iň abraýly we sylagly adamsydy. Söwdagäre öwrülen daş ýonujy şunuň ýaly hökmürowan, şunuň ýaly hyzmatkärli, garawully adam bolasy gelýär. Onuň arzuwy ýene hasyl bolýar, ol patyşalygyň iň güýçli adamsyna öwrülip, adamlaň bary onuň öňünde dyza çökýärler. Ýöne ol hökümdar gaty gorkunç bolup, patyşalygyň iň ýigrenilýän adamsyna öwrülýär, hut şonuň üçinem ony şonça esger goraýan eken. Munuň üstesine-de, Gün howry ony gaty bagtsyz, gaty nalajedeýin duýmaga mejbur edýär. Ol asmanda ýaldyrap duran Güne garap, şeýle diýýär: «Ol nähili kuwwatly. Meniňem Gün bolasym gelýär!».

Ol arzuw eden badyna, ýeri ýagtylandyryp duran Güne öwrülýär. Ýöne güýçli şemal öwsüp, onuň öňüni bulut tutýar. «Menem edil ýel ýaly güýçli bolasym gelýär» diýip oýlanan badyna, ol şobada ýele öwrülýär.

Ýöne aňsatlyk bilen agaçlary köki bilen sogurýan, tutuş obany tep-tekiz edýän ýelem gaýa bilen çaknyşanda güýçsüz bolup çykýar. Ýel gahar-gazap bilen hüjüm etse-de, ullakan daş onuň öňünde gymyldaman durýar. «Daş ýaly berk zat ýok! — diýip, ýel aýdýar. — Menem şonuň ýaly bolasym gelýär».

Şondan soň ol ullakan daşa öwrülip, iň güýçli ýeliň öňünde durmagy başarýar. Indi dünýäniň iň uly güýjüne öwrülensoň, ahyry ol özüni bagtly hasap edýär. Ýöne birsalymdan ol çekijiň sesini eşidýär. Çekijiň ýiti tygy ýuwaş-ýuwaşdan dagy kertip ugraýar. «Menden güýçli kim barka?» diýip, daş aşagyna seredýär. Görse… ullakan daşyň aşagynda daş ýonujy bar eken.



* * *

Adamlaryň aglabasy bütin ömrüne bagtyň gözleginde gezýär hemem hiç wagt tapmaýarlar, sebäbi ony başga ýerden gözleýärler. Gündogara seredip Günüň ýaşyşyny görüp bolmaýşy ýaly, daş-töweregiňdäki zatlara garap bagty tapyp bolmaýar. Daş ýonujy baradaky rowaýatyň manysy — adam durmuşda bir zatlar üýtgedip bagta ýetip bilmez. Ol diňe özüni üýtgetmeli.

34
198
ayymsha
2 Oktýabr 2024
@sazsoft, Salam gowumysynyz
erkek
6 Sentýabr 2024
Şu gün edebiuatdan erteki yada rowaýat aytmalymy gow duşty öňume
sazsoft
24 Awgust 2024
@enes_∞, Salam! Şükür, erbet däl. Öz ýagdaýlaryňyzam gowumy? 4-si gitdi (Medik, Zina, Atomic, delta). Bilemok, birden gitjek-de gitjek boluşdylar we ahyry arzuwlaryna ýetdiler hemmesi birden :)
ATOMIC
18 Awgust 2024
@milanaaa, adyňdan bolaýmasa , ýada täzeden girip çyksaň düzelmegi mumkin
ATOMIC
18 Awgust 2024
@milanaaa, oýnada täzeden:) başlap
ATOMIC
18 Awgust 2024
@milanaaa, 0 günmi😅
ATOMIC
18 Awgust 2024
@milanaaa, nç sany i bar:)
ATOMIC
18 Awgust 2024
@milanaaa, señ adyň näme🤔
ATOMIC
18 Awgust 2024
@sazsoft, menem follow etdim, ✊️
ATOMIC
18 Awgust 2024
@sazsoft, hindiçe nm üçin öwrenjek bolýaň hobbimi🤔 iň soň hindiler english bilýändirä
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.