sazsoft
12.03.2025 13:12
Atan atan ýerinde,
Ýatan ýatan ýerinde,
On ýyldan dolansaňam
Ýatar ýatan ýerinde.

Çaşar ýatar hemme zat,
Kalbyňdadyr harasat,
Asuda ýalam bolsa
Külbäňde hem harasat.

Nalaçlyk baryn ýeňer,
Ýüregiň aglar, diňer,
Daşary yssam bolsa,
Içeriňde buz doňar.

Gaşyn kakany ýoklap,
Göwne ýakany ýoklap,
Geçirersiň gijäni
Ýassygyňy gujaklap.

Tapsaň göwne ýakany,
Dünýäň doljak ýalydyr.
Her ýylgyryp bakan gyz
Seňki boljak ýalydyr.

Ýalňyzlyk beýnä girip,
Perişan saçyn ýaýýar.
Aýallylar ýyrşaryp,
Seni bagtyýar saýýar.

Düşünmersiň bagt näme?
Seňki dogrumy, oňky?
Dolanarsyň külbäňe
Külbäň bolsa şol öňki:

Dagyň garyndan sowuk,
Çölüň maryndan sowuk,
«Sallah neresse» diýrler
Bu söz baryndan sowuk.

Ahmet Gurbannepesow

Çeşme: «Ruhy hazyna»
12
167
reeds
13 Mart 2025
Doğru malades
Adyl_G
13 Mart 2025
Goç yigide dussa bir yaman hatyn, ta olumca omrun gysdyr - yaz bolmaz.
lackam_
12 Mart 2025
Gowy gosgy ekeni 😊
flowers_
12 Mart 2025
Sallahlygy boyun alyp baryañyzla)
flowers_
12 Mart 2025
"Bu söz baryndan sowuk "😅
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.