Men ony goradym ýaman gözlerden,
Jalaý ýigitleriň her garaýşyndan,
Sowuk gybatlardan, sowuk sözlerden,
Tükenmez ýyllaryň gara gyşyndan.
Goradym göripleň gargaýyşyndan,
Ýakynlarymdanam goradym ony.
Goradym dostlarmyň ýylgyryşyndan,
Hiç bir zada rowa görmedim ony.
Bişişini synlap ullakan almaň,
Şol uly alma-da gorkuly garap,
Ony ähli zatdan goradym, arman,
Özümi şol gyzdan bilmedim gorap.
Han-ha, iňrik ýere ýazylyp barýar,
Bilýän, bir ýerlerde eýýäm daň atdy,
Oň söýgüsi misli bir uly derýa
Zyňylan daş bolup, ýüregme ýetdi.
Ine, syryp ýörüs köçeleň boýun,
Bir-birmiz tanaman, nobata durus,
Geliň, syr saklaman, alalyň, boýun,
Şol daşy näçämiz göterip ýörüs.
Bir jeza bar jezalaňam jellady:
Wysallaryň myrat bolmak deregne,
Adamyň eý gören, ynanan zady
Bir gara daş bolup çökýär ýüregne.
Ynamsyz ýaşamak mümkin däl, mümkin,
Ony goramaly beýni hem ýürek.
Ýöne ynamlaňam synýany üçin,
Käte ynamlardan goranmak gerek.
Gurbannazar Ezizow