Durmuş bir depder däl, ýalňyş mesele,
Düzedip täzeden işläýer ýaly.
Söýgi bir ogul däl, doglan dessine,
Baryp begenjiňi buşlaýar ýaly.
Diňe çekinjeňlik ─ demir kapasa,
Içinde guş kimin ýesir arzuwym.
Umydym iýmlese durup gapyda,
Gabanç haýbat atýar, göýä garly gün.
...Ýürek törüň açyklygyn duýýançam,
Bir gyş geçdi, gorkym ýaly doňduryp.
Öz ýanymdan aşyklygym diýýänçäm,
Tomus geçdi, yşkyň ýaly ýandyryp.
Sen maňa
Men belki, wagta garaşdym,
Ýürekde gaý, dilim welin ümsümdi.
Ne-hä sen dil açdyň, ne men dil açdym,
Aramyzda Söýgiň özi kemsindi.
Bu gün gördüm
Nazarymdan daşlaşdy,
Bir ýigdiň ädimne goşan ädimleň.
Umytlarym ahmyr bilen hoşlaşdy,
Hem aýdylman galdy gizlin aýdymlam.
Söýgi ýol bildi däl,
Otly däl wysal,
Gijä galsaň ýyrtyp taşlaýar ýaly.
Durmuş bir depder däl, ýalňyşam mysal,
Düzedip, täzeden işläýer ýaly.
Allamyrat SAZAKOW