sazsoft
23.01.2024 15:23
Ýaşlyk menden ara açýar,
Uzaklaşýar owaz ýaly.
Köňle gussa aralaşýar,
Ýürek boşap, sowan ýaly.

Boldy ýalňyşam, ýazygam,
Şatlygam bolupdy ýetik.
Sarç mal kimin tazygan
Arzuwlarym, barýar ýitip.

Birmahallar göwnüm söýen
Bigamlara joradym men.
Ajysyny deň paýlaşyp,
Ajy günden goradym men.

Indi gussa aralaşýar,
Ýürek boşap, sowan ýaly.
Köňül bahary küýseýär,
Jyda düşen dogan ýaly.

Çary Ýegenmyradow
25
49
sazsoft
24 Yanwar 2024
@tim_, On-a bilmedim :)
sazsoft
24 Yanwar 2024
@garlawac_, Hä, onda bolýa. Soň käbir kişiler surat bilen post gabat gelenok diýmese boldy 😜🤦‍♂️
sazsoft
23 Yanwar 2024
@sabyrly, Sag bol! Ýöne awtory men däl goşgyň :)
sabyrly
23 Yanwar 2024
Surata söz ýok ýerine düşupdir goşgyñ
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.