sahet_ashyrov
16.01.2020 09:02
ATAMYRAT HAN
Atamyrat han, Köneürgenç etrabynda ýaşan ýomutlaryň öküz
urugynyň gutlubaý tiresinden bolup, ýaş wagtynda Hywa
medresesinde bilim alýar. Ol Hywa hanlygynda ýaşaýan türkmenleriň
1855-67-nji yýllarda garaşsyzlyk ugrundaky göreşine baştutanlyk
edipdir. Türkmenleriň bu gozgalaňy XIX. asyrda Orta Asiýada bolan
halk hereketleriniň iň ulusydyr. Atamyrat hanyň kakasy (dädesi)
Arazmuhammed serdar we agasy Amanniýaz serdar Hywa goşunynyň
hataryndaky türkmenlere baştutanlyk edip birnäçe gezek harby
ýörişlere gatnaşypdyr. Emma Mary töwereklerinde edilen harby
ýörişleriň birinde Amanniýaz serdar milli duýgudaşlyga eýerip, öz
türkmenlerine garşy söweşmekden boýun gaçyrandygy üçin, Hywa
hany ony beýik minaradan zyňdyryp öldürdipdir. Onsuz-da
türkmenler bilen Hywa hanynyň arasynda ýer-suw meselesi barada
ýiti gapma-garşylyk dowam edýärdi. Bu waka-da onuň üstesine
bolýar. Hywa hanynyň eden-etdiligine garşy Atamyrat hanyň
ýolbaşçylygynda türkmenler köpçülikleýin baş göterýärler.
Sarahs söweşinde Mädemin han (çamalagy çaşan Mädemin hem diýilyär) öldürilenden soňra (1855), Hywada
Abdylla han tagta çykýar. Ol, Maý-August aýlarynda Hywa
türkmenleriniň gozgalaňyny basyp ýatyrmaga synanyşýar welin ony
başarmaýar we türkmenler onuň üstünden ýeňiş gazanyp özüni-de
öldürýärler.
Şondan soňra Atamyrat han, türkmenleriň baştutany hökmünde
ykrar edilýär we onuň ad-abrayý has ýokary galýar. Abdylla handan
soňra Hywada tagta çykan Gutlumyrat han, türkmenlere garşy
gazaply göreş alyp barýar, ýöne türkmenler ony ýeňýärler. Hywada,
öz garyndaşlary tarapyndan öldürilen Gutlumyrad handan soňra tagta
34 ýaşly Seýit Muhammet han çykýar (1856-64). Atamyrat hanyň 12
yýllap alyp baran göreşiniň iň soňkysy 1867-nji yýlda basylyp
ýatyrylýar we ol öz 40 öýli garyndaşlary bilen Balkan taraplaryna gaýdýar. ýöne Atamyrat han, 1873-nji yýlda Orslaryň Hywa hanyny
basyp ýatyrmagy bilen öz dogduk mekanyna gaýdyp barýar we ölene
çenli ol ýerde ýaşaýar.
Türkmen taýpa-tireleriniň arasynda dowam eden agzalaçylyklaryň
Atamyrat hanyň, garaşsyzlyk ugrunda alyp baran göreşlerine uly
zarba uranlygyny-da ýatlap geçmek gerek.
Şu ýerde bir goşgujygam goýaýaýyn diydim, sizede ýarar diyip umyt etyän.
Gurbannazar Ezizow.
Myhmançylykda aýdylan tost
Entek sadalykdan zyýan çeken ýok,
Sada bolsun ogulyňyz, gyzyňyz.
Geçsin ýazlaryňyz hereket bilen,
Bereketli gelsin tylla güýzüňiz.
Törüňizde hemişelik guralan
Ýumşak sallançagyň ýatmasyn bady.
Saçagňyzda çörek, duz haltada duz,
Sönmesin ojakda ojaryň ody.
Duluňyzdan gelin baksyn Aý bolup,
Tüýnügňizden gelin bolup Aý baksyn.
Ýaman niýet bilen işikden giren —
Ýagşy niýet bilen işikden çyksyn.
Hemmäñize şu beýik şahyryñ aydan sözlerini arzuw etýän! Ertiriñiz haýyrly bolsun! Harp ýalñyşlary bar bolsa bagyşlarsyñyzda we düzedip okamagyñyzy haýyş edyärin.
4
335
sahet_ashyrov
16.01.2020 08:55
AÝTYOGLY NEDIRBAÝ
(1895-1937)
Türkmenistan SSR-niñ İlkinji Prezidenti
Annaguly Artykow
Balykçynyň Ogly: Hazar deňiziniň gaýra taraplary gür gamyşlyga, gyrymsy ot-çöplere basyrylyp otyrdy. Ondan aňryk bolsa aňyrsy-bärisi görünmeýän giň sähra ýayýlyp gidýärdi. Ol ýerlere barmak aňsat iş däldi. Gündogar tarapdan bu ülkäni gyrmançaly garnyýaryk çökekliginiň adam sekmez kert kenaryna baryp direýän Üstýurt giňişligi goraýar. Ol giňişlik Maňgyşlagy Üstýurtdan hem onuň aňyrsyndaky ekerançylyk meýdanlaryndan bölüp ayýrýar. Üstýurduň aýaklaryndaky iň golaý suwly-ösümlikli ýerlere ýetmek üçinem
kerwen, suwsyz çöl bilen aýlanyp ýol sökmelidi. Ol wagtlar Maňgyşlakda balykçylar ýaşaýardy. Daşyndan görseň
balykçylaryň obalary hem Orta Aziýadaki beýleki ýüzlerçe obalardan onçakly tapawutlanyp duranokdy. Parahat oturan hatar öýleriň arasynda mal-garalar gezip ýörerdi. Obanyň ümsümligini diňe wagtal-
wagtal gelýän geçegçileriň we öýlere suw paýlap ýören arabaçylaryň gykylygy bozardy. Maňgyşlakdaky şeýle obalaryň birinde 1895-nji yýlda garyp balykçy
Aýty aganyň (Aýtaganyň) maşgalasynda bir perzent dünýä gelýär.
Bäbegiň adyna-da Nedir (Nedirbaý) dakýarlar. Ata-enesi gülüp baksada, durmuş Nedirbaýjygyň ýüzüne gülüp bakmandyr. Ol, ýaşlygyndan mätäçligiň ejirini çekmeli bolupdyr. Nedirbaý, bäş ýaşyny dolduran wagty, onuň kakasy, dogany bilen deňizde gark bolup ölýär.
Maşgalada galan alty sany göz monjugy ýaly çagany ekläp-saklamak işi Nedirbaý bilen ejesi Durdybikäniň boýnuna düşýär.
Şol, "günüň güýçliniňki, gowurganyň dişliniňki" bolan wagtlary alty oglany ekläp-saklamak, terbiýelemek ýalňyz aýal üçin aňsat iş däldi.
Oglanlaryna ölmez-ödi çörek gazanmak üçin, Durdybike, bir bayýň gapysynda hyzmatçy-işçi bolup işlemäge mejbur bolýar. Bayýň halysyny dokaýar, gapysyny süpürýär, malyny bakýar, şeýdip ol, agyr durmuşyň öňünde ýan bermeýär we arman-ýadaman işleýär.
Nedirbaý kiçijikliginden ýüzmegi, gayýk sürmegi, at minmegi öwrenýär we fiziki taýdan sagdyn adam bolup ýetişýär, onda adamkärçiligiň oňat häsiýetleri kemala gelýär.
Tutanýerli, başlan işini bitirýän Nedirbaý ýaşlygyndan okamagy öwrenýär, ol ylaýta-da Türkmen-Rus gatnaşyklarynyň taryhyny öwrenýär.
Nedirbaý, 12 ýaşyndaka, Maňgyşlakda açylan Rus-Türkmen ýerli mekdebine girýär. XVIII. asyryň ahyrlarynda, Maňgyşlakdaky türkmenleriň 1800 maşgaladan ybarat bölüminiň Rus raýatlygyny kabul etmäge mejbur bolandyklaryny ol bilýärdi. XIX. asyryň
ahyrlarynda-da, Maňgyşlakly türkmenleriň ýene bir toparynyň rus raýatlygyna geçmäge mejbur bolup ýüzlenendiklerini Nedirbaý bilýärdi. Ol, 1910-nji yýla çenli mekdepde okady. Mekdebe gitmeýän
wagtlary Nedirbaý, araba bilen suw daşap öýlere paýlaýardy. ýöne 1910-nji yýldaky gurakçylyk, çarwa maldar türkmenlere gaty kyn günleri getirdi. Agyr işler bilen meşgul bolan Nedirbaý 1916-nji yýlda
Garahassalyga duçar bolan wagty hojayýny ony işden çykardy.
Nedirbaýa ýoldaş-türkmenler kömek edip ol, aýaga galýança ony eklediler, oňa göz-gulak boldylar. Şondan soň Nedirbayýň özi balykçy bolýar we gün güzerana göwsini gerýär.
1917-nji yýlyň başlarynda Zaryzmyň günleriniň sanalgydygyna we
ynkylabi işlere aktiw gatnaşmaklary gerekdigine göz ýetiren Nedirbaý,
1921-nji yýlda, Sowetleriň Krasnowodski gurultayýna wekil edip saýlanýar. ýöne ol, näsaglygy zerarly gurultayýň işine gatnaşmaýar, şeýle-de bolsa ony ijraýa komitetiniň agzalagyna saýlaýarlar
(gayýbana).
Nedirbaý, 1921-nji yýlda kommunistlik partiýanyň hataryna girýär we 1922-nji yýlda-da, Krasnowodski İjraýa Komitesiniň başlygy edip
saýlanýar.
Ol wagtlar Krasnowodskide täze durmuş möwç alýardy. Nedirbaý, hemme ýere barmaga, hemme ýerde bolmaga ýetişýärdi. Ol, zähmetkeşleriň mitinglerinde çykyş edýärdi. İşçileriň, balykçylaryň öýlerine barmaga, olaryň durmuş ýagdayý bilen içgin tanyşmaga-da wagt tapýardy.Olaryň arza şikaýatlaryny üns bilen diňleýärdi, olara gerek bolan zerur kömegi berýärdi. Ony, uludan-kiçi tanamaýan ýokdy, halk ony sylaýardy. Nedirbaý, Türkmenistan Welaýat
Şurasynyň Gurultayýna işeňňir gatnaşýardy. Ol, Orta Asiýa
jumhuriýetleriniň arasynda milli bölünişik geçirmeklige gaty işeňñir gatnaşýardy.
1925-nji yýlyň 25-nji Fewralynda Türkmenistan Sowet Sosýalistik
Jumhuriýetiniň Milli İjraýa Komitesiniň birinji uly yýgnagy bolup geçdi.
N.Aýtyogly ýolbaşçylygynda geçirilen bu yýgnakda, MİK-niň ýolbaşçy agzalary saýlandy we Nedirbaý 1937-nji yýla çenli oňa ýolbaşçylyk etdi. Ol, ýurdyň abadanlaşdyrylmagy ugrunda jan çekdi we hemme halkyň dilini tapmagy başardy. TSSR-iň ilkinji prezidenti N.Aýtyogly, köpüň adamsydy. Ol, 1937-nji yýlda şahsiýet kultunyň nähak gurbany
boldy. ýöne ol, türkmen halkynyň ýüreginden hiç wagt çykmady.
(Sowet Edebiýaty Jurnaly Iyul-1966)
BAÝRAMALY HAN
(.... - 1785)
Baýramaly han Marynyň hökümdary bolupdyr. Ol, Maryda Gajarlaryň
agalygyny berkleşdirmek ugrunda göreşipdir. Salyr we Saryk türkmenleri bilen hem belli bir derejede hyzmatdaşlyk edipdir.
Baýramaly hanyň döwründe Maryda ekerançylyk, hünärmendçilik we söwda ep-esli derejede ösüpdir. Şialar bilen sünnileriň göreşiniň ýitileşmegi netijesinde Baýramaly hanyň Buhara emirligi bilen aragatnaşygy ýaramazlaşypdyr. 1785-86-njy yýllarda Şamyrat Welnami Buharadan Mara iki sapar ýöriş edipdir. İlkinji söweşde
Baýramaly han (1785) wepat bolupdyr. Soňra onuň ogullary, garyndaşlary we Mary şäherinde ýaşaýan müňlerçe gajarlar Buhara sürlüp äkidilipdir. Köne Mara suw ýetirýän Soltanbent galasy,
sakçynyň dönüklik etmegi netijesinde weýran edilipdir. Şäher suwsyz galyp, ýurtda açlyk-gedaýçylyk başlapdyr.
Şamyrat ogly Din Nasyr begi Mara häkim edip belläpdir. Baýramaly han ölenden soň, Maryda gajarlaryň agalygy synyp başlapdyr we 1807-nji yýlda tekeler gajarlaryň iň soňki bölegini Maşada
göçüripdirler. Şondan soňra welaýat doly suratda türkmen taýpalarynyň eline geçipdir.
Baýramaly şäheriniň demirgazyk-gündogaryndaky köne Marynyň
galyndylarynyň bir bölegi hem Baýramaly han galasydyr. Baýramaly han galasy diýlip atlandyrylsa-da, ol galany Baýramaly han saldyrmandyr. 15-nji asyryň birinji ýarymynda Abdylla han galasy salnypdyr, ikinji ýarymynda bolsa (agsak Timur döwründe) Baýramaly
han galasy salnypdyr hem-de bu iki gala utgaşypdyr, bilelikde bolsa Baýramaly han galasy diýip atlandyrylypdyr.
Harp ýalñyşlary bar bolsa bagyşlarsyñyzda!
3
323
sahet_ashyrov
15.01.2020 08:47
Taryhda yz goýan Beýik şahsyýet Gaýgysyz Atabaý hakda yazman geçmek hiç mümkin dal.
ATABAÝ GAÝGYSYZ
(1887-1937)
Tejeniň Mäne obasynda dünýä gelýär we alty ýaşynda ýetim galyp
başlangyç bilimi Tejendäki rus-ýerli mektebinde alýar. 1907-nji yýlda
Daşkentdäki mugallymçylyk mektebini gutarýar we 1907-12-nji
yýllarda Maryda we Bäherdende rus-ýerli mektebinde mugallymçylyk
edýär. ýöne rus padeşahynyň magaryf wezirliginiň buýrugy bilen ol bu
wezipesinden boşadylýar, ýagny mugallymçylyk işinden çykarylýar.
1912-17-nji yýllarda Mary bankynda işleýär we Oktýabr ynkylaby
üstünlikli bolansoň Maryda Sowet häkimiýetini gurmak we ony
pugtalandyrmak ugrunda tutanýerli göreşýär.
1920-nji yýlyň Iýulyna çenli Zakaspi welaýatynyň Inkylap Komitetiniň
başlygynyň orunbasary, Türkistan Sowet Sosýalistik Jumhuriýetiniň
ýer işleri Halk Komissary, şol yýlyň Sentyabrynda Halk Komissarlar
Şurasynyň Başlygy wezipesine saýlanýar. Şol bir wagtda hem Fergana
Frontynyň (jephesiniň) Inkylap Şurasynyň Başlygy bolýar. 1923-nji
yýlyň Iyun ayýnda Buhara Halk Sowet Jumhuriýetiniň Komissarlar
Şurasynyň başlygynyň orunbasarlygyna bellenýär. 1924-nji yýlyň
Oktyabrynda Türkmenistanyň İlkinji Hökümetiniň, 1925-nji yýlyň
Fewralyndan-da Türkmenistan Sowet Sosýalistik Jumhuriýetiniň Halk
Komissarlar Şurasynyň Başlyklygyna saýlanýar we ömrüniň ahyryna
çenli-13 yýllap dynuwsyz şol wezipede işleýär.
Gaýgysyz Atabaý 1922-nji yýlyň Oktyabrynda RSFSR-niň (Russiýa
Sowet Federatiw Sosýalistik Respublika-Jumhuriýeti) Milletler işler
baradaky Halk Komissarlar toparynyň agzasy edilip tassyklanýar
(TSE.1-nji jilt-Aşgabat. 74)
Şol yýlyň 18-nji Iýulynda Türküstün Merkezi İjraýa Komitetiniň 4-nji
plenumynda eden çykyşynyň bir ýerinde G.Atabaý şeýle diýýär:
Basmaçylyk biziň Türküstandaky belki-de bütin gündogardaky işimiziň
asyl bahasyny görkezýän hadysadyr. İş ýüzünde basmaçylygyň, soňky 4 yýlyň dowamynda ýok edilmekden geçen gaýta has möwç alyp, Ferganada öňküden-de ösmegini, Samarkant we Surhanderýa,
türkmen oblastlaryna (welaýatlaryna) ýaýramagyny näme bilen düşündirmek bolar? Muny diňe bir zat bilen, ýagny biziň soňky 4 yýlda durmuşa geçiren ähli işlerimiziň ýerli ilatda asyrlaryň
dowamynda kemala gelen ýaşayýş ukladyna (gurluşyna), däp-
dessurlaryna we durmuşyna büs-bütin terslin bolup çykandygy bilen
düşündirmek bolar.
Anyk ýagdaýlary äsgermezlik etmek, olary hasaba alyp bilmezlik, biziň
umumy keselimizdir, bu bizi ýolbaşçynyň rolunda bolup çykan käbir
goňşy ýurtlar bilen-de aramyzyň çylşyrymlaşmagyna getirdi.
Soňra ol Buharada basmaçylygyň näme sebäpden ösýändigini düşündirip iň bir dindar ilatly mukaddes diýilýän Buharada biz Sowet häkimiýetini Taňra sögmekden, ulamalaryň namaz okan metçitlerini
ýakmakdan, dini ýanamakdan başladyk. Şonuň üçinem bu günki gün
dindar halkyň agramly bölegi biziň garşymyza çykdy, diýýär.
Soňra G.Atabaý şeýle netije çykarýar: 4 yýlyň dowamynda biz bu
hereketiň iň bärkisi häsiýetine-de dogry düşünip bilmedik we gozgalañdygyna garamazdan, ony basmaçylyk diýip adlandyrdyk. Basmaçylyk diýmek terjime etseň Banditçiligi aňladýar we bu nädogry kesgitlemede bizi, meseläniň nädogry çözgüdine iterdi. Netijede biz bu hereketi
4 yýlyň içinde asla-hiç wagt, hiç bir jähtden çözüp bilmedik. Şol wagt
G.Atabaý Türküstan Halk Komissarlar Sowetiniň Başlygy we Türküstan
Merkezi İjraýa Komitesiniň Prezidiumynyň we Türküstan
Kompartiýasynyň Merkezi Komitetiniň agzasydyr.
Gaýgysyz Atabaý öz çykyşynyň başga bir ýerinde-de şeýle diýýär: Eger biz Hywa barada gürrüň açsak, onda bu ýerde-de niçik gaýgyly şowsuzlyga uçrandygymyz göze dürtüp dur. Ol, Hywada Jüneýt Hanyň goşunyny, oňa duşmançylykly türkmen hanlary bolan Gulamalydyr
Goşamämediň kömegi arkaly Bolşewik goşunlarynyň ýok edişi hakynda
gürrüň berýär. Soňra bu iki hanyň Hywadaky nazyrlar sowetine agza
göterilişini, emma yz ýandan sowetdäki özbek agzalaryň Kastly hajyk-
hujugyna gulak asyp ol hanlaryň we olaryň ýakynlarynyň namartlyk
bilen güpbasdy edilip öldürilişini (Gulamaly zordan gaçyp çykypdyr)
gürrüň berýär.
Bu ýerde G.Atabaý, plenuma gatnaşyçylaryň dykgatyny bir möhüm meselä çekýär, ýagny asyrlar boyý suw üstünde bäsdeşlik edip, yýgy-yýgydan çaknyşyp ýören adamlaryň gepine gidip, Sowet goşunlarynyň güýjini olaryň biriniň garşysyna ulanmagyň düýbünden adalatsyzlykdygyny gös-göni aýdýar. Has-da beteri, ol Gulamalyny yzarlap giden Bolşewistik goşunlaryň ýomut-
Türkmenleriň parahat obalaryny oda berip, bigünä adamlary gyryp-
gyrjayýşyny gynanç bilen gürrüň berýär. Netijede ol ýerden ilatyň ep-esli böleginiň suwsyz çölüň içi bilen müňlerçe menzil ýol geçip Eýrana göç edendigini belleýär (A.M.Welsapar).
G.Atabayýň TK (b) P MK-niň (Türkmenistan Kommunistik
"bolşewistik" Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň) WII.Plenumynda
(1937-nji yýlyň 18-23-nji Marty) sözlän sözüniň ýazgysy, 1930-nji ýyllardaky jezalayýş järeleriniň tutaşyp başlan döwrüniň şaýatnamasydyr. Şol jezalayýş çäreliriniň odynda diňe Atabayýň özi
däl, eýsem onuň barlyşyksyz garşydaşlarynyň hem köpüsi heläk
boldy.
1937-nji yýlda esassyz jezalandyrylan türkmenleriň käbirleriniň adlary
aşakda getirilýär:
1.G.Atabaý, 1887-1937 esassyz jezalandyryldy (1937), 1956-nji yýlda
aklandy.
2.N.Aýtyogly-1895-1937 jezalandyryldy, ölenden soň aklandy.
3.G.Sähedogly-1905-1938 esassyz jezalandyryldy, 1957-nji yýlda
aklandy.
4.A.Gulmuhammed-1900-1937 esassyz jezalandyryldy, ölenden soň
aklandy.
5.D.Mämedogly-1902-1938 esassyz jezalandyryldy, 1957-nji yýlda
aklandy.
6.O.Täçnazar-1904-1938 esassyz jezalandyryldy, 1959-nji yýlda
aklandy.
7.A.Armydogly-1914-1938 esassyz jezalandyryldy,1988-nji yýlda
aklandy.
8.A.Orazogly, esassyz jezalandyryldy, ölenden soň aklandy.
9.J.Öwezbaý, esassyz jezalandyryldy, ölenden soň aklandy.
Gaýgysyz Atabaý, şol WII. Plenumda şeýle çykyş edip başlaýar:
ýoldaşlar: ..... Gürrüň diňe bir apparatyň täze sistemasyny döretmek däl, gürrüň ýurdumyzyň tankydy we öz-özüňi tankydy hemme wagtdakylardan has giň ulanmalydygyndan barýar. Biz diňe giňden ýaýbaňlandyrylan tankyt bilen, partiýamyzyň işçi synpynyň
awangardy hökmünde aýgytly berkemegini gazanyp bileris. Biz tankydy we öz-özüñi tankydy ornaşdyrmak hakda mesele goýmadyk bolsak bolşewikler bolup bilmezdik. Biz ilkinji nobatda ýolbaşçylarymyzyň kemçiliklerini tankytlamaly, çünki köp zat şoňa bagly, biz olarsyz üýtgedip gurmagy gazanyp
bilmeris. Partiýa guramalarynyň bu üýtgedip gurulmagynyň Sowet
organlaryny üýtgedip gurmak bilen hem utgaşýandygy öz-özünden
düşnüklidir. Berdi Kerbaba ussat "Gaýgysyz Atabaý" atly öz taryhy dokumental romany bilen oňa ölmez-ýitmez ýadigärlik ýazyp galdyrdy. Romanyň ahyrragynda Atabaý, 1937-nji yýlda öz doganyndan-da ýakyn görýän
dosty Abdurrezzagyň tussag edilendigi habaryna gaýgylanyp şeýle
diýýär:
"Häzir ülkede akyl kabul etmez üýtgeşiklik peýda boldy, sowet kanuny her ädimde basgylanyp, adatdan daşary bidüzgünlik gidýär. Häzir bigünä ejir çekýän adam on däl, ýüz däl, müňlerçe, şonuň üçin hem men öz pikirimi Moskwa ýazdym, bidüzgünligiň günübirin ýok edilmegini talap etdim, şonuň üçin hem meni Moskwa çagyrdylar, häzir uçýaryn." Hawa, Gaýgysyz Atabayýň şol uçuşy bolýar we ol öz watanyna, halkynyň arasyna gaýdyp gelmeýär. Türkmenistanyň Halk Komissarlar Sowetiniň Başlygy G.Atabaý, şahsiýet kulty (sahsiýet parazlyk) zerarly gözlerden gayýp bolsa-da öz iliniň ýüreginden gayýp bolmady we halk ony hemişe minnetdarlyk bilen ýatlady, ýatlar-da. onuň we onuň ýaly namysjaň şehitlerimiziň ýatan ýerleri ýagty bolsun.
8
729
sahet_ashyrov
15.01.2020 08:46
ABDYRAHYM HAN
(1556-1622)
Belent mertebeli kakasy Baýram han ýaly hanlaryň hany diýen
hormatly ada eýe bolan Abdyrahym Rahym", meşhur şahyr, alym,
serkerde diplomat hökmünde hem tanylypdyr. Beýik Mogollaryň
üçünji hökümdary Ekber şahyň ýakyn egindeşi Abdyrahym han, 964-
nji Hijri (1556-nji Miladi) yýlynyň sapar ayýnyň onunda çarşenbe güni
Hindistanda eneden bolýar. Ol 1,5 ýaşynda atadan galypdyr. 1561-nji
yýlda Baýram han öldürilenden soňra, Ekber onuň dul galan aýaly
Selime Soltan begim bilen öýlenýär we Abdyrahyma-da hossarlyk
edýär. Abdyrahymyň ejesi Selime Soltan begimiň öziňde Mahfi edebi
lakaby bilen şygyrlar ýazypdyr. ýaş oglany birnäçe yýlyň dowamynda
Baýram hanyň dostlary (türkmenler, hindiler) terbiýeläpdirler.
Ekberiň buýrugy bilen tiz wagtdan Abdyrahymy Ahmetabatdan Agra
geçiripdirler. Şeýlelik bilen, kiçijik Abdyrahym Mogollar köşgüne
düşýär, şol ýerde ymykly bilim alýar. Abdyrahymy terbiýelemek işi
bilen ýalňyz bir musulman alymlary däl, eýsem onuň aňyna bütin
Hindistana söýgi duýgusyny ornaşdyran Hindi panditleri (alymlary)
hem meşgullanypdyrlar. Abdyrahym, arap, pars, hindi, urdu, türkmen
dillerini ýagşy öwrenipdir. Bu dillerde ajayýp şygyrlar döredipdir.
Esasanam ol hindi dilindäki edebiýatda genial şahyr diýen şöhrata eýe
bolupdyr. Hindi edebiýatynda onuň şöhraty ägirt uly bolupdyr.
Abdyrahymyň hindi dilindäki "Madanaştak-Biçak joşgunly duýgular
hakyndaky şygyrlar" we "Ras Pançahýan-Krişnanyň horunyň bäş
aýdymy" ýaly çeper eserleri şu güne çenli Hindistanda uly şöhrata eýe
bolup gelýär.
Abdyrahym hanyň türkmen we pars dillerindäki eserleri ýaşan
döwründe-de ondan soňra-da neşir edilmändir, öwrenilmändir we
toplanmandyr. Şahyriň türkmen, pars dillerindäki şygyrlary, onuň
hindi dilindäki myrasynyň ujypsyzja bölegi bolup durýar. onuň döwürdeş adamlaryna türki dilde hatlar ýollanlygy we Zahireddin Muhammed Babyryň pars dilindäki "Babyrnama" adly meşhur işini
terjime edenligi görkezilýär. Abdyrahym han, 1622/26-nji (miladi)
yýlda aradan çykypdyr.
ARAPMUHAMMED HAN
Arapmuhammed han, 1602-1621-nji yýllarda Hywada hanlyk edipdir.
Ol ilki Durunyň hökümdary, kakasy Hajymuhammed han ölenden
soňra-da, bütiň Hywanyň hany bolýar. onuň höküm süren döwründe
Horezmde gazaply gandöküşikli feodalçylyk uruşlary bolupdyr. Şol
uruşlara türkmen han-begleri we taýpalary köpçülikleýin
gatnaşypdyrlar. Şol uruşlar Horezmi we bütin Orta Asiýany Rus
döwleti bilen baglanyşdyrýan söwda ýollaryny, ýer-suwy, syýasy
häkimiýeti eýelemek maksady bilen alnyp barlypdyr.
Arapmuhammed han halkyň suwa bolan mätäçligini ýeňilleşdirmek,
olaryň bu ugurdaky gaýgylaryny aradan çykarmak üçin 1602-nji yýlda,
Amyderýanyň aşak akymynda, Nukusyň demirgazyk tarapynda uly
kanal gurdurypdyr. Emma buda suw ugrundaky göreşi gowşadyp,
suw gytçyygyny kanagatlandyrmandyr.
Arapmuhammed han döwründe Horezmde ilki türkmen han-begleri
agalyk ediji ýagdayý eýeläpdirler, emma soňra birwagtlar bu ýerden
göçüp giden goňratly, maň-ytly özbek taýpalary we başgalar Horezme
gaýdyp gelipdirler. Şol taýpalaryň hanňbegleri özleriniň ozalky agalyk
ediji ýagdayýny eýelemek ugrunda dawa edip başlapdyrlar.
Arapmuhammed han, talaplary kanagatlandyrmandyr. Şoňa göräde,
naýmanlar we uýgurlar Arapmuhammed hana garşy bolupdyrlar.
Arapmuhammed hanyň ogullary Hebeş we İlbars bolsa şolara
daýanyp öz kakalaryna garşy çykypdyrlar.
6
345
sahet_ashyrov
15.01.2020 08:45
Türkmen taryhynda yz goýan we özlerini tanadan Türkmen han we serdarlaryny yatlaman geçmek mumkin däl. Şu günden başlap şol han we serdarlar barada maglumat goýup baslajak. Kimler şol şahsyýetler hakynda bilesi gelýän bolsa ❤ basmagy we teswir yazmagy? unutmañ. Biz bilen galyñ!
1-nji temam:
ABA SERDAR
(1525-1560)
16-nji asyrda Etrek, Gürgen etraplarynda ýaşap geçen görnükli
türkmen serdary Aba serdaryň türkmeniň Okly taýpasynyň kethudasy
bolanlygy we onuň hereket eden yýllary, türkmen halkynyň
durmuşynda iň agyr döwürlerden biri bolanlygy görkezilýär. XVI.
asyryň ilkinji ýarymynda türkmen topragynyň günorta tarapynda
Eýran döwleti, gündogarynda Buhara emirligi, demirgazygynda
Horezm ýaňda Hywa hanlygy hökmürowanlygyny berkarar edipdir.
Bu feodal döwletleriň aralygynda, ýarym erkin türkmen taýpalary
ýaşapdyrlar. Eýran şahyňda, Buhara emiri-de, Hywa hany-da,
türkmenleri yzygiderli talapdyr, olary özlerine gutarnykly tabyn
etmegi, salgyt töleýän ilatyň sanyny artdyrmagy, galyberse-de
türkmen ýigitlerinden goşunlarynyň üstüni ýetirmegi maksat
edinipdir.
XVI. asyrda Uzboýdyr Derýalyga barýan Jeýhun suwunyň azalmagy
bilen türkmen taýpalary ýuwaş-ýuwaşdan günorta tarapa süýşüp
ugrapdyr. Netijede Gürgen-Etrek sähralarynda Gökleň, Okly, Eýmir
taýpalaryndan ybarat türkmen iliniň uly topary peýda bolupdyr. Şu
töwereklerde edermen türkmen ýigitleri, Aba serdaryň
baştutanlygynda, Eýran basybalyjylarynyň oňat ýaraglanan, sany
taýdan-da ençeme esse agdyklyk eden leşgerlerini telim gezek ýeňse
berip gaçmaga mejbur edipdirler.
Salgytlaryň çenden aşa agyrlygy, üstesine-de salgyt yýgnaýjylaryň
kezzapçylykly eden-etdilikleri, salgyt tölemäge gurbaty çatmadyk
garyp-pukaralaryň arasynda uly närazylyk döredipdir. Şu sebäbe görä,
Eýran agalygynyň garşysyna baş göteren Aba serdaryň gozgalaňy, ile
ýakasyny tanydan salgyt yýgnaýjylaryň baştutanynyň öldürilmegi
bilen başlanypdyr.
Astrabadyň hany, 1550-nji yýlda, baş göteren türkmenlere jeza bermek üçin Gürgen-Etrek türkmenleriniň üstüne ýöriýär, şol wagt
Aba serdaryň garamagynda bary-ýogy kyrka golaý atly-ýaragly ýigit
bolupdyr. Ol, ýaşulularyň maslahaty bilen goňşy tirelerden kömek
talap edýär. Aýallary, çagalary we garry adamlary Garaguma tarap
ýollan Aba serdar, öz ýigitleri bilen duşmana garşy goýýar, oňa
Gökleňlerden we Eýmirlerden ýetip gelen türkmenleriň kömegiňde
uly bolýar. İne şeýle güýç bilen türkmenler, Eýran goşunlaryny derbi-
dagyn edip olary gaçmaga mejbur edýärler we Astrabadyň hanyda
eysir alnyp öldürilýär. Şeýlelikde, Gökleň, Okly we Eýmir türkmen ili,
gerdenlerinden Eýranyň agalygyny zyňyp-taşlap erkana-azat ýaşap
başlapdyrlar.
1554-nji yýlda Şah Tahmasp I., 8 müň goşun bilen Aba serdaryň
üstüne hüjüm edýär. Aba serdar Hywanyň hem Durunyň hany Özbek
hökümdary Aly soltan bilen ylalaşyp Şah Tahmasba garşy çykýar.
Türkmen-Özbek bileleşigi Eýran goşununy Etregiň boýunda derbi-
dagyn edýär.
Eýran taryhçysy İskenger Monşiniň sözlerine görä, şondan soňra Aba
serdar, Gürgen-Etrek Türkmen İliniň hakyky ýeke-täk özygtyýarly
serdaryna öwrülipdir. Türk taryhçysy Hasanbeg Rumlinyň sözlerine
görä, Şah Tahmasp, 1557-nji yýlda-da, atly serbazlaryny Aba serdaryň
üstüne ýollaýar. 12 müň Eýran goşunyna 2 müňi türkmen 3 müňi
özbek ýigitleri garşy çykýarlar. Gökleňleriň Däli tiresinden bolan
Garagoç batyryň 300 sany ýüwrük atlysyny bukawda goýýar we özi
özbek serdary Aly soltan bilen Eýran goşunlarynyň garşysyna çykýar.
Izyna serpikdirilen Eýran goşunlary Etregiň boýunda düşleýär. Gijäniň
bir wagty Garagoç batyr ganym duşmana sol tarapdan, Aba serdar
bolsa sag tarapdan hüjüm edip uly zarba uran wagty, Aly Soltanyň
goşunlaryňda ýetip gelýär we Eýran goşunlary masgara bolup,
gaçmaga başlaýar. Şondan soňra 15-20 yýllap Eýran goşunlary
türkmenlere ýanaşyp bilmeýärler we ilat hiç bir ýere salgyt tölemäni
ýaşaýar. Eýran tarapy hilegärlik edýär we ilki bilen Aba serdara Eýranyň belli
serdarlarynyň gyzyny berýärler we gelniň hyzmatçysy edip-de 4-5
Eýranly ýigidi türkmenleriň arasyna ýollaýarlar. Olar dildüwşük edip,
Aba serdary gije-ýatyrka öldürýärler. onuň öldürilen güni-ayý we yýly
belli däl, ýöne ol, öldürilen wagty 24-25 ýaşlarynda bolupdyr, onuň-
da 7 yýlyny ganym bilen aç-açan söweşlerde geçiripdir.
XI. asyryň 70-nji yýllarynda Eýranyň, Gürgen-Etrek türkmenlerine öz
täsirini ýetirip başlanlygy bildirilýär. ýagny türkmenleriň erkanalygy
Şah Abbas I.niň (1587-1628) padeşahlyk eden döwrüne çenli dowam
edipdir.
(Gurban Rahmanow. Sowet Türkmenistany gazeti 1991-nji ýyl).
Harp ýalñyşlary bar bolsa bagyşlarsyñyzda!
8
462
sahet_ashyrov
14.01.2020 08:59
DIÝAR KÜÝSEGI
Ussaguş uzak wagtlyk sergezdançylykdan soň öz ülkesinde ölmek,
Ürgenjiň topragyna duwlanmak arzuwy bilen Watanyna dolanypdyr.
Şoňa çenli ol köp ýurtlarda örän ajaýyp ymaratlar gurupdyr, şägirtler
ýetişdiripdir.
Ussaguş Ürgenje dolanyp gelýär. Indi oňa ölüm howp salmaz.
Ondan bäri Ürgenjiň hökümdarlary näçe gezek çalyşdy. Onsoňam goja
ussa soňky arzuw-şu toprakda ölmek arzuw bilen gelýär ahyry?! Onsoň
oňa Ürgenjiň bir daban ýeri, bir gysym topragy halal ahyry.Çagalykdan göze siňen meýdanlar kalba ýakyn. Ussaguşyň olara
bagryna basasy, gujaklasy gelýär. Hol-ha, öz eli bilen bina eden
minarasy onuň dolanyp gelýänine şatlanýan ýaly, salgym atyp gol
bulaýar. Metjit-medreseler, ussanyň elinden çykan zatlaryň hemmesi
«Ürgenç topragy saňa halaldyr-halal» diýýän ýaly. Horezm şa
göriplikden ussany ýok etmek islänem bolsa, sada halk ony gowy
gorýärdi ahyry?!
Ussaguş Ürgenje dolanyp gelýär. Nämedir bir zat onuň gojalan
göwnüne ýylylyk berýän ýaly-la? Ussaguş birmahal şazada Törebeg
hanymy söýüpdi. Şazada gyz hem öz söýgüsini diňe hünärment ýigide
bagyşlapdy. Ýöne ykballaryny birleşdirmek dürli sebäplere görä, olara
miýesser bolmandy. Törebeg hanym baradaky şo-ol ýakymly ýatlamalar
oňa lezzet berýär. Ol bütin ömrüne birmahal Törebeg hanymy söýeni
üçin özüni bagtly saýyp, gaýybana söýgüsine çoýunyp gezipdi. Ussaguş
diňe bir Watanyna däl, özüniň gadymky söýgüsine hem dolanýar.
Ürgenç Ussaguşy gujak açyp garşylaýar. Tanyş-bilişleriniň,
şägirtleriniň, dogan-garyndaşlarynyň şatlygynyň çägi ýok. Olar
Ussaguşyň diýara dolananyna begenýärler. Ýogsam, näme, bürgütlerem
öljek wagty öz gaýasyna dolanýar-a?!
Törebeg hanym dünýäden öten ekeni. Mert gyz öz söýgüsine
wepalylygyna galypdyr. Ölmezinden ozal:
-Ussaguş mert ýigitdir. Ölmezinden öň diýara dolanar. Mertler Watany
unudýan däldir. Ony meniň bilen ýanaşyk jaýlaň-diýip, wesýet edipdir.
Ussaguş bu habary eşidip, gaty hapa boldy. Ol Törebeg hanymyň
üstüne entek hiç ýerde bolmadyk üýtgeşik bir gümmez galdyrmagy
özüne borç hasap etdi. Ussaguş şägirtleriniň goldawyna daýanyp, oňa
soňky zehinini siňdirdi. Minaranyň günbatar ýüzünde alnyňa
sylybermeli ajaýyp ymarat seleňläp galdy. Adamlar gümmeziň diňe bir
adamlykdygyna geň galyp, Ussaguşa soragly bakypdyrlar. Ol
pespälligini edipdir:
-Şazada şalar bilen ýatmalydyr. Garamaýak garamaýak bilen. Her
niçigem bolsa, men onuň wesýetine garşy bolup bilmen. Meni
gümmeziň gapdalynda jaýlasynlar.
Ussaguş Törebeg hanymyň özünden saýlanyp durmagyny isläpdir.
Bütin ömrüne gezişi ýaly, onuň egin deňlemegine öz elinden gelýän
zatda-da göwnne laýyk bilmändir. Ussaguşyň näme üçin beýle
edýändigini has anyklap soranlarynda bolsa ol şeýle diýipdir:
-Meniň guýýan kerpijimde berklik bardyr. Emma şalaryň lebzinde
berklik bolmaz. Özlerine ýer tapmadyk günleri meni ýene çykarypzyňarlar. Soňky arzuwym Ürgenjiň bir gysym topragynyň
buýurmagydy. Şol arzuwyma ýetsem bes. Törebeg hanym bilen men
kyýamatda sataşmaly bolduk.
Köp wagt geçmänkä, Ussaguş dünýäden ötüpdir. Ony öz wesýetine
görä, gümmeziň gapdalynda jaýlapdyrlar. Şeýdip Ussaguş pespälligini
öz ölümi bilen hem ýene bir gezek subut edipdir.
5
387
sahet_ashyrov
13.01.2020 08:42
Dowamyna garaşyanlar üçin DOWAMY...
Ussa her gün şäheriň ymamy azana gygyrmak üçin münbere
çykmanka, gurup ýören minarasynyň üstünde peýda bolýardy.
Töwereginde howalanyp oturan metjit, medrese, köşkler onuň elinden
çykan zatlar. Olary ussa öz ömrüniň binýady saýýar. Aýratyn hem han
gyzy üçin guran köşgi onuň gözüne eziz görünýär. Tawusyň ady
agzalanda onuň on iki süňňüne galpyldy ýaýraýardy. Ussa süýji
hyýallara batyp, köşkde özüne onuň ak bileklerini ýassanyp oturan
görnüşde göz öňüne getirýärdi. Şu pikirler oňa hiç zat bilen deňeşdirip
bolmajak ruhy lezzet berýärdi.
Ussat işleýärdi. Eýýäm hol asmanda. Jaýlar, ymaratlar aşakda
galdy. Şol ýerde işini dowam etdirip ýör.
Han häli-şindi onuň işinden habar alyp durýardy. Ýigidiň şeýle çalt
gurşuna begenip, öz ýanyndan ony işletmegiň ugruny tapanyna monça
bolýardy. «Boluber bakaly. Göreris. Han gyzynyň dyrnagy hem saňa
ýetäýmez. Tawus bilen sözleşeniňden habarym bar. Şony bahanalaryn».
Ussa işini tamamlady. Iň soňky kerpijini kebşriläp, depesine hanyň
görkezmesi boýunça altyndan gupba oturtdy. Nähili ajaýyp! Minaranyň
başy hol asmana –örän belentlige uzaýardy, göýä geçip barýan
durnalaryň hatary ilteşip galarlydy.
Indi han çykyp görer. Belki göwni ýeter. Onsoň... Ussa süýji
ýylgyrdy. Emma şol wagt töweregine ýakyn adamlaryny tirkäp gelen
hanyň ýüzi gaty gazaplydy. Ussanyň ýüreginiň gürsüldisi çaltlaşdy,
kalbyna bir howsala aralaşdy. Näçe wagtlap çeken zähmetine beriljek
bahaň çykjak ýerine hanyň agzyna seretdi. Sebäbi onuň gaharly gözleri
ussa seretmek islemeýän ýaly kesä göngipdi. Hanyň çal murtlary
gymyldaýança esli garaşmaly boldy.
-Ussa, zähmetine sözüm ýok. Emma meniň bir agyz sözüm üçin sen
namysymy depelediň. Seniň Tawusyň ýanynda bolandygyňy subut
etmäge taňry şaýatlar näçe diýseň bar. Men saňa beýle et diýmedim.
Diňe zähmetiňe göwnüm ýetse diýdim. Sen bolsa... –Onuň sesi birden
zarplandy –-Ýok, beýle namysy çekmek han adyma gelişmez.
Gapysyndaky hyzmatkäri hanyň gyzyna el ýetiripdir diýen sözi eşitmek
maňa agyr deger. Beýle ýagdaýda günäkär gul günäsini diňe gany bilen
ýuwup biler. Jellat!..
Ussanyň daşyny gallan ozaldan öwredilen jellatlar hanyň ýokary
galan eliniň aşak düşerine garaşýardylar. Nepis nagyşlanan donuň ýeňi
aşak gaýdandan jellat aýpaltasy ussanyň boýnudnan indi. Al gan ahmyrly ýaly zogdurylyp çykdy. Neresse ussanyň gany heniz
guramadyk palçyk ýokundyly geýimlerine syçrady, näçe wagt bäri torç
eden topragyna akyp başlady.
Ussanyň bu topraga nähak akýan gany zeminiň bagryny daglady.
Zemin muňa çydap bilmedi, lerzana geldi, goduklady.
Haýbatly başyny buýsançly galdyryp oturan minara özüni guran
ussanyň gana bulaşyp ýatmagyna dözmedi. Özüniň äpet göwresini
ýakyn adamlaryny töweregine üýşürip, gan dökmegiň keýpi bilen duran
hanyň üstüne goýberdi. Ýer sarsyp gitdi. Halkyň ganyny sülük deý
sorýan zalymlary... öz astynda ömürlik gizledi. Ussanyň guran minarasy
hany öz ýakyn adamlary bilen ussadan öňürti jaýlady.
Han gyzy Tawus ussa ýigit bilen öz köşgünde bile jaýlamakalryny
wesýet edip, köşgüň depesinden özüni oklanmyş.
Asyrlara barabar ýaşamaly minara şeýdip özüni guran ussanyň-
namyrat aşygyň ganyny almak üçin öz ajaýyp şekilini bir giden haraba
öwrüpdir. Onuň ornunyň nirede bolanlygy anyk belli däl. Gadymy
Ürgenç topragynyň köp ýerinde harabalar, köne galalaryň yzy köp.
Şöhrat Abdyýew
6
422
sahet_ashyrov
11.01.2020 14:00
USSAGUŞYŇ ŞÄGIRDI
Ykbal ony garyp ýaratsa-da hünärden kembagt etmändir. Hawa, ol
Ussaguşyň şägirdidi. Guran ymaratlary göreni aňk edýärdi. Daş
kerpiçleri haly dokan ýaly sünnä bilen örerdi. Ir ertirden ýassyna çenli
işlärdi. Sungatyna berlen ussanyň ýadadymy, ýaltandymy bolmazdy.
Ol tanalyp başlady. Daş-ýakynda ady çykdy. Uly zehini, uly
ussatlygy ony ömür aýagy sekmejek ýerine-han köşgüne alyp geldi. Han
Ussaguşyň şägirdini köşge aldy.
Ussa hanyň aradan çykan atasynyň mazarynyň üstüne gümmez
galdyryp bolup barýardy. Tizara handan täze perman gelip gowuşdy.
«Ussa gyzymyň hormatyna ýedi yklymda nusgasy bolmadyk taýsyz
köşk gursun. Soňra meniň adym ömürlik ýaşar ýaly, pylan hanyň
gurduran medresesi diýler ýaly heniz hiç ýerde gurulmadyk binýady
berkden tutulan belent bina galdyrmaly».
Ussa ýigit işleýärdi. Üznüksiz işleýärdi. Ylaýta-da, hanyň apaly
gyzy Tawus üçin gurmak oňa ýakymly boldy. Bar zehinini siňdirdi, han gyzyna bolan ähli söýgüsini gurýan binasyna guýup aýan etdi. Çünki
esli wagt bäri gül bedenli Tawusyň yşkyna düşen ussa bikarardy. Söýgi
bilen gurlan zadyň ajaýyplygyň çeniň däldi.
Han köşgi görüp haýranlar galdy. Içinden oýlandy. «Muny aldap
göwnüni tapaýyn, köşgümi gözellikde ýedi yklyma belli bolar ýaly
edeýin. Şäherimiz dünýäde taýsyz bolsun. Soňam beýle ymaratlar başga
ýerde galmaz ýaly peşşaplara baş ataýmaly bor-da. Ýöne häzirlikçe
uguny ýekeläýin. Ol entek maňa gerek».
Gara niýet han düz ýerde seleňläp galan, beýik şahyrlaryň gazaly
ýaly ajaýyp köşge göwnüýetijilik bilen garady. Kiçi dilden bärden
mylaýym sözledi:
-Berekella, ussa! Sen-ä aýdyşymdanam bäş beter edipsiň. Şuny ýadyňda
sakla, han seniň zähmetiňi unutmaz. Saňa täze ýumuş. Men öz adymy
taryhda müdimi galdyrmak isleýärin. Pylan hanyň gurdurany diýiler
ýaly, köşgüň gapdalyndan üstüne çykanda üç günlük ýolda gelýän
atlyny saýgardýan bir minara gur. Eger zähmetiňden göwnüm bitse, öz
elim bilen gyzymy nikalap bererin.
Han eçildi. Ýigidiň arzuw guşy eýýäm gurjak minarasynyň
depesinde pel-pelläp ýördi. Ussa ýigit hanyň gülbeden gyzy Tawusa
näler hyrydar bakardy. Emma ony özi ýaly garyp ýigit üçin elýetmez
halka hasaplansoň, tamasy üzgünlidi. Ýöne oňa bolan söýgüsini
kalbyndan öçürip hem bilenokdy. Bu gün bolsa ... Eger han lebzinde
dursa, onda ussanyň dünýäde armany ýokdy.
Özi üçin gurlan köşgi synlamaga gelen han gyzy ussa sataşdy.
Onuň nazary ymaratda eglendi, ussanyň söýgüsini duýdy, birdenem
muhabbetden püre-pürlendi-de ussa tarap aýlandy. Ussany der basdy.
«Hanyň aýdanyny duýduraýsammykam? Aý, gowusy duýdurmaýyn-la».
-Bibim, niçik göwnüňize ýaradymy?
-Bu köşge diňe bir der siňdirilmändir. Bu diňe bir zehin bilen hem
döredilen ymarat däl. Muňa zehin bilen söýgüni goşup, dere eýläp
siňdiripsiňiz. Beýle ajaýyp zat dünýäde ýokdur.
-Şeýle ajaýyp zat diňe size mynasyp, bibim.
-Şeýle ymaratda oturjak gyz hem diňe ony guran ussa mynasyp.
Ýigit ýüreginiň gürsüldisine bäs gelip sözledi:
-Bibim, hudaý halasa, şeýle-de bolar. Ataň hem seni maňa bermäge söz
berdi. Ýöne men şeýle bir minara gurmaly-diýip düşündirdi.
Ussa bilini berk guşap işleýärdi. Joşgun bilen işleýärdi. Sähel
ýadajak bolsa, söýgülisiniň keşbi göz öňünde janlanýardy, biline
kuwwat gelen ýaly bolýardy. «Şeýle ymaratda oturjak gyz hem diňe ony guran ussa mynasyp». Bu sözler onuň gulagynda ene hüwdüsi ýaly
ýaňlanýardy...
Dowamy bar...
4
395