sahet_ashyrov
13.01.2020 08:42
 Dowamyna garaşyanlar üçin DOWAMY...

 Ussa her gün şäheriň ymamy azana gygyrmak üçin münbere
çykmanka, gurup ýören minarasynyň üstünde peýda bolýardy.
Töwereginde howalanyp oturan metjit, medrese, köşkler onuň elinden
çykan zatlar. Olary ussa öz ömrüniň binýady saýýar. Aýratyn hem han
gyzy üçin guran köşgi onuň gözüne eziz görünýär. Tawusyň ady
agzalanda onuň on iki süňňüne galpyldy ýaýraýardy. Ussa süýji
hyýallara batyp, köşkde özüne onuň ak bileklerini ýassanyp oturan
görnüşde göz öňüne getirýärdi. Şu pikirler oňa hiç zat bilen deňeşdirip
bolmajak ruhy lezzet berýärdi.
Ussat işleýärdi. Eýýäm hol asmanda. Jaýlar, ymaratlar aşakda
galdy. Şol ýerde işini dowam etdirip ýör.
Han häli-şindi onuň işinden habar alyp durýardy. Ýigidiň şeýle çalt
gurşuna begenip, öz ýanyndan ony işletmegiň ugruny tapanyna monça
bolýardy. «Boluber bakaly. Göreris. Han gyzynyň dyrnagy hem saňa
ýetäýmez. Tawus bilen sözleşeniňden habarym bar. Şony bahanalaryn».
Ussa işini tamamlady. Iň soňky kerpijini kebşriläp, depesine hanyň
görkezmesi boýunça altyndan gupba oturtdy. Nähili ajaýyp! Minaranyň
başy hol asmana –örän belentlige uzaýardy, göýä geçip barýan
durnalaryň hatary ilteşip galarlydy.
Indi han çykyp görer. Belki göwni ýeter. Onsoň... Ussa süýji
ýylgyrdy. Emma şol wagt töweregine ýakyn adamlaryny tirkäp gelen
hanyň ýüzi gaty gazaplydy. Ussanyň ýüreginiň gürsüldisi çaltlaşdy,
kalbyna bir howsala aralaşdy. Näçe wagtlap çeken zähmetine beriljek
bahaň çykjak ýerine hanyň agzyna seretdi. Sebäbi onuň gaharly gözleri
ussa seretmek islemeýän ýaly kesä göngipdi. Hanyň çal murtlary
gymyldaýança esli garaşmaly boldy.
-Ussa, zähmetine sözüm ýok. Emma meniň bir agyz sözüm üçin sen
namysymy depelediň. Seniň Tawusyň ýanynda bolandygyňy subut
etmäge taňry şaýatlar näçe diýseň bar. Men saňa beýle et diýmedim.
Diňe zähmetiňe göwnüm ýetse diýdim. Sen bolsa... –Onuň sesi birden
zarplandy –-Ýok, beýle namysy çekmek han adyma gelişmez.
Gapysyndaky hyzmatkäri hanyň gyzyna el ýetiripdir diýen sözi eşitmek
maňa agyr deger. Beýle ýagdaýda günäkär gul günäsini diňe gany bilen
ýuwup biler. Jellat!..
Ussanyň daşyny gallan ozaldan öwredilen jellatlar hanyň ýokary
galan eliniň aşak düşerine garaşýardylar. Nepis nagyşlanan donuň ýeňi
aşak gaýdandan jellat aýpaltasy ussanyň boýnudnan indi. Al gan ahmyrly ýaly zogdurylyp çykdy. Neresse ussanyň gany heniz
guramadyk palçyk ýokundyly geýimlerine syçrady, näçe wagt bäri torç
eden topragyna akyp başlady.
Ussanyň bu topraga nähak akýan gany zeminiň bagryny daglady.
Zemin muňa çydap bilmedi, lerzana geldi, goduklady.
Haýbatly başyny buýsançly galdyryp oturan minara özüni guran
ussanyň gana bulaşyp ýatmagyna dözmedi. Özüniň äpet göwresini
ýakyn adamlaryny töweregine üýşürip, gan dökmegiň keýpi bilen duran
hanyň üstüne goýberdi. Ýer sarsyp gitdi. Halkyň ganyny sülük deý
sorýan zalymlary... öz astynda ömürlik gizledi. Ussanyň guran minarasy
hany öz ýakyn adamlary bilen ussadan öňürti jaýlady.
Han gyzy Tawus ussa ýigit bilen öz köşgünde bile jaýlamakalryny
wesýet edip, köşgüň depesinden özüni oklanmyş.
Asyrlara barabar ýaşamaly minara şeýdip özüni guran ussanyň-
namyrat aşygyň ganyny almak üçin öz ajaýyp şekilini bir giden haraba
öwrüpdir. Onuň ornunyň nirede bolanlygy anyk belli däl. Gadymy
Ürgenç topragynyň köp ýerinde harabalar, köne galalaryň yzy köp.

Şöhrat Abdyýew
6
422
M.B.N
14 Yanwar 2020
Eser gowy gynançly. Ýöne ýetilmedik söýgi hemişe süýji we ölümsiz bolyandyr?(meñki ýaly)
ALFIYA
13 Yanwar 2020
Sony gynancly eken??? yone govy eser ?
Serfar
13 Yanwar 2020
Gowy eser eken
sahet_ashyrov
13 Yanwar 2020
Sps nesip bolsa paýlaşyp durarys!
Leylaşka
13 Yanwar 2020
Ahyry gynancly bolsada Onat yazylan eser eken. Yene de paylasyp durun. ? İlkinji ❤️ menden
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.