Türkmen taryhynda yz goýan we özlerini tanadan Türkmen han we serdarlaryny yatlaman geçmek mumkin däl. Şu günden başlap şol han we serdarlar barada maglumat goýup baslajak. Kimler şol şahsyýetler hakynda bilesi gelýän bolsa ❤ basmagy we teswir yazmagy? unutmañ. Biz bilen galyñ!
1-nji temam:
ABA SERDAR
(1525-1560)
16-nji asyrda Etrek, Gürgen etraplarynda ýaşap geçen görnükli
türkmen serdary Aba serdaryň türkmeniň Okly taýpasynyň kethudasy
bolanlygy we onuň hereket eden yýllary, türkmen halkynyň
durmuşynda iň agyr döwürlerden biri bolanlygy görkezilýär. XVI.
asyryň ilkinji ýarymynda türkmen topragynyň günorta tarapynda
Eýran döwleti, gündogarynda Buhara emirligi, demirgazygynda
Horezm ýaňda Hywa hanlygy hökmürowanlygyny berkarar edipdir.
Bu feodal döwletleriň aralygynda, ýarym erkin türkmen taýpalary
ýaşapdyrlar. Eýran şahyňda, Buhara emiri-de, Hywa hany-da,
türkmenleri yzygiderli talapdyr, olary özlerine gutarnykly tabyn
etmegi, salgyt töleýän ilatyň sanyny artdyrmagy, galyberse-de
türkmen ýigitlerinden goşunlarynyň üstüni ýetirmegi maksat
edinipdir.
XVI. asyrda Uzboýdyr Derýalyga barýan Jeýhun suwunyň azalmagy
bilen türkmen taýpalary ýuwaş-ýuwaşdan günorta tarapa süýşüp
ugrapdyr. Netijede Gürgen-Etrek sähralarynda Gökleň, Okly, Eýmir
taýpalaryndan ybarat türkmen iliniň uly topary peýda bolupdyr. Şu
töwereklerde edermen türkmen ýigitleri, Aba serdaryň
baştutanlygynda, Eýran basybalyjylarynyň oňat ýaraglanan, sany
taýdan-da ençeme esse agdyklyk eden leşgerlerini telim gezek ýeňse
berip gaçmaga mejbur edipdirler.
Salgytlaryň çenden aşa agyrlygy, üstesine-de salgyt yýgnaýjylaryň
kezzapçylykly eden-etdilikleri, salgyt tölemäge gurbaty çatmadyk
garyp-pukaralaryň arasynda uly närazylyk döredipdir. Şu sebäbe görä,
Eýran agalygynyň garşysyna baş göteren Aba serdaryň gozgalaňy, ile
ýakasyny tanydan salgyt yýgnaýjylaryň baştutanynyň öldürilmegi
bilen başlanypdyr.
Astrabadyň hany, 1550-nji yýlda, baş göteren türkmenlere jeza bermek üçin Gürgen-Etrek türkmenleriniň üstüne ýöriýär, şol wagt
Aba serdaryň garamagynda bary-ýogy kyrka golaý atly-ýaragly ýigit
bolupdyr. Ol, ýaşulularyň maslahaty bilen goňşy tirelerden kömek
talap edýär. Aýallary, çagalary we garry adamlary Garaguma tarap
ýollan Aba serdar, öz ýigitleri bilen duşmana garşy goýýar, oňa
Gökleňlerden we Eýmirlerden ýetip gelen türkmenleriň kömegiňde
uly bolýar. İne şeýle güýç bilen türkmenler, Eýran goşunlaryny derbi-
dagyn edip olary gaçmaga mejbur edýärler we Astrabadyň hanyda
eysir alnyp öldürilýär. Şeýlelikde, Gökleň, Okly we Eýmir türkmen ili,
gerdenlerinden Eýranyň agalygyny zyňyp-taşlap erkana-azat ýaşap
başlapdyrlar.
1554-nji yýlda Şah Tahmasp I., 8 müň goşun bilen Aba serdaryň
üstüne hüjüm edýär. Aba serdar Hywanyň hem Durunyň hany Özbek
hökümdary Aly soltan bilen ylalaşyp Şah Tahmasba garşy çykýar.
Türkmen-Özbek bileleşigi Eýran goşununy Etregiň boýunda derbi-
dagyn edýär.
Eýran taryhçysy İskenger Monşiniň sözlerine görä, şondan soňra Aba
serdar, Gürgen-Etrek Türkmen İliniň hakyky ýeke-täk özygtyýarly
serdaryna öwrülipdir. Türk taryhçysy Hasanbeg Rumlinyň sözlerine
görä, Şah Tahmasp, 1557-nji yýlda-da, atly serbazlaryny Aba serdaryň
üstüne ýollaýar. 12 müň Eýran goşunyna 2 müňi türkmen 3 müňi
özbek ýigitleri garşy çykýarlar. Gökleňleriň Däli tiresinden bolan
Garagoç batyryň 300 sany ýüwrük atlysyny bukawda goýýar we özi
özbek serdary Aly soltan bilen Eýran goşunlarynyň garşysyna çykýar.
Izyna serpikdirilen Eýran goşunlary Etregiň boýunda düşleýär. Gijäniň
bir wagty Garagoç batyr ganym duşmana sol tarapdan, Aba serdar
bolsa sag tarapdan hüjüm edip uly zarba uran wagty, Aly Soltanyň
goşunlaryňda ýetip gelýär we Eýran goşunlary masgara bolup,
gaçmaga başlaýar. Şondan soňra 15-20 yýllap Eýran goşunlary
türkmenlere ýanaşyp bilmeýärler we ilat hiç bir ýere salgyt tölemäni
ýaşaýar. Eýran tarapy hilegärlik edýär we ilki bilen Aba serdara Eýranyň belli
serdarlarynyň gyzyny berýärler we gelniň hyzmatçysy edip-de 4-5
Eýranly ýigidi türkmenleriň arasyna ýollaýarlar. Olar dildüwşük edip,
Aba serdary gije-ýatyrka öldürýärler. onuň öldürilen güni-ayý we yýly
belli däl, ýöne ol, öldürilen wagty 24-25 ýaşlarynda bolupdyr, onuň-
da 7 yýlyny ganym bilen aç-açan söweşlerde geçiripdir.
XI. asyryň 70-nji yýllarynda Eýranyň, Gürgen-Etrek türkmenlerine öz
täsirini ýetirip başlanlygy bildirilýär. ýagny türkmenleriň erkanalygy
Şah Abbas I.niň (1587-1628) padeşahlyk eden döwrüne çenli dowam
edipdir.
(Gurban Rahmanow. Sowet Türkmenistany gazeti 1991-nji ýyl).
Harp ýalñyşlary bar bolsa bagyşlarsyñyzda!