sahet_ashyrov
16.01.2020 09:02
ATAMYRAT HAN
Atamyrat han, Köneürgenç etrabynda ýaşan ýomutlaryň öküz
urugynyň gutlubaý tiresinden bolup, ýaş wagtynda Hywa
medresesinde bilim alýar. Ol Hywa hanlygynda ýaşaýan türkmenleriň
1855-67-nji yýllarda garaşsyzlyk ugrundaky göreşine baştutanlyk
edipdir. Türkmenleriň bu gozgalaňy XIX. asyrda Orta Asiýada bolan
halk hereketleriniň iň ulusydyr. Atamyrat hanyň kakasy (dädesi)
Arazmuhammed serdar we agasy Amanniýaz serdar Hywa goşunynyň
hataryndaky türkmenlere baştutanlyk edip birnäçe gezek harby
ýörişlere gatnaşypdyr. Emma Mary töwereklerinde edilen harby
ýörişleriň birinde Amanniýaz serdar milli duýgudaşlyga eýerip, öz
türkmenlerine garşy söweşmekden boýun gaçyrandygy üçin, Hywa
hany ony beýik minaradan zyňdyryp öldürdipdir. Onsuz-da
türkmenler bilen Hywa hanynyň arasynda ýer-suw meselesi barada
ýiti gapma-garşylyk dowam edýärdi. Bu waka-da onuň üstesine
bolýar. Hywa hanynyň eden-etdiligine garşy Atamyrat hanyň
ýolbaşçylygynda türkmenler köpçülikleýin baş göterýärler.
Sarahs söweşinde Mädemin han (çamalagy çaşan Mädemin hem diýilyär) öldürilenden soňra (1855), Hywada
Abdylla han tagta çykýar. Ol, Maý-August aýlarynda Hywa
türkmenleriniň gozgalaňyny basyp ýatyrmaga synanyşýar welin ony
başarmaýar we türkmenler onuň üstünden ýeňiş gazanyp özüni-de
öldürýärler.
Şondan soňra Atamyrat han, türkmenleriň baştutany hökmünde
ykrar edilýär we onuň ad-abrayý has ýokary galýar. Abdylla handan
soňra Hywada tagta çykan Gutlumyrat han, türkmenlere garşy
gazaply göreş alyp barýar, ýöne türkmenler ony ýeňýärler. Hywada,
öz garyndaşlary tarapyndan öldürilen Gutlumyrad handan soňra tagta
34 ýaşly Seýit Muhammet han çykýar (1856-64). Atamyrat hanyň 12
yýllap alyp baran göreşiniň iň soňkysy 1867-nji yýlda basylyp
ýatyrylýar we ol öz 40 öýli garyndaşlary bilen Balkan taraplaryna gaýdýar. ýöne Atamyrat han, 1873-nji yýlda Orslaryň Hywa hanyny
basyp ýatyrmagy bilen öz dogduk mekanyna gaýdyp barýar we ölene
çenli ol ýerde ýaşaýar.
Türkmen taýpa-tireleriniň arasynda dowam eden agzalaçylyklaryň
Atamyrat hanyň, garaşsyzlyk ugrunda alyp baran göreşlerine uly
zarba uranlygyny-da ýatlap geçmek gerek.

Şu ýerde bir goşgujygam goýaýaýyn diydim, sizede ýarar diyip umyt etyän.

Gurbannazar Ezizow.

Myhmançylykda aýdylan tost

Entek sadalykdan zyýan çeken ýok,
Sada bolsun ogulyňyz, gyzyňyz.
Geçsin ýazlaryňyz hereket bilen,
Bereketli gelsin tylla güýzüňiz.
 
Törüňizde hemişelik guralan
Ýumşak sallançagyň ýatmasyn bady.
Saçagňyzda çörek, duz haltada duz,
Sönmesin ojakda ojaryň ody.
 
Duluňyzdan gelin baksyn Aý bolup,
Tüýnügňizden gelin bolup Aý baksyn.
Ýaman niýet bilen işikden giren —
Ýagşy niýet bilen işikden çyksyn.


Hemmäñize şu beýik şahyryñ aydan sözlerini arzuw etýän! Ertiriñiz haýyrly bolsun! Harp ýalñyşlary bar bolsa bagyşlarsyñyzda we düzedip okamagyñyzy haýyş edyärin.
4
335
babamyrat
17 Yanwar 2020
???
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.