USSAGUŞYŇ ŞÄGIRDI
Ykbal ony garyp ýaratsa-da hünärden kembagt etmändir. Hawa, ol
Ussaguşyň şägirdidi. Guran ymaratlary göreni aňk edýärdi. Daş
kerpiçleri haly dokan ýaly sünnä bilen örerdi. Ir ertirden ýassyna çenli
işlärdi. Sungatyna berlen ussanyň ýadadymy, ýaltandymy bolmazdy.
Ol tanalyp başlady. Daş-ýakynda ady çykdy. Uly zehini, uly
ussatlygy ony ömür aýagy sekmejek ýerine-han köşgüne alyp geldi. Han
Ussaguşyň şägirdini köşge aldy.
Ussa hanyň aradan çykan atasynyň mazarynyň üstüne gümmez
galdyryp bolup barýardy. Tizara handan täze perman gelip gowuşdy.
«Ussa gyzymyň hormatyna ýedi yklymda nusgasy bolmadyk taýsyz
köşk gursun. Soňra meniň adym ömürlik ýaşar ýaly, pylan hanyň
gurduran medresesi diýler ýaly heniz hiç ýerde gurulmadyk binýady
berkden tutulan belent bina galdyrmaly».
Ussa ýigit işleýärdi. Üznüksiz işleýärdi. Ylaýta-da, hanyň apaly
gyzy Tawus üçin gurmak oňa ýakymly boldy. Bar zehinini siňdirdi, han gyzyna bolan ähli söýgüsini gurýan binasyna guýup aýan etdi. Çünki
esli wagt bäri gül bedenli Tawusyň yşkyna düşen ussa bikarardy. Söýgi
bilen gurlan zadyň ajaýyplygyň çeniň däldi.
Han köşgi görüp haýranlar galdy. Içinden oýlandy. «Muny aldap
göwnüni tapaýyn, köşgümi gözellikde ýedi yklyma belli bolar ýaly
edeýin. Şäherimiz dünýäde taýsyz bolsun. Soňam beýle ymaratlar başga
ýerde galmaz ýaly peşşaplara baş ataýmaly bor-da. Ýöne häzirlikçe
uguny ýekeläýin. Ol entek maňa gerek».
Gara niýet han düz ýerde seleňläp galan, beýik şahyrlaryň gazaly
ýaly ajaýyp köşge göwnüýetijilik bilen garady. Kiçi dilden bärden
mylaýym sözledi:
-Berekella, ussa! Sen-ä aýdyşymdanam bäş beter edipsiň. Şuny ýadyňda
sakla, han seniň zähmetiňi unutmaz. Saňa täze ýumuş. Men öz adymy
taryhda müdimi galdyrmak isleýärin. Pylan hanyň gurdurany diýiler
ýaly, köşgüň gapdalyndan üstüne çykanda üç günlük ýolda gelýän
atlyny saýgardýan bir minara gur. Eger zähmetiňden göwnüm bitse, öz
elim bilen gyzymy nikalap bererin.
Han eçildi. Ýigidiň arzuw guşy eýýäm gurjak minarasynyň
depesinde pel-pelläp ýördi. Ussa ýigit hanyň gülbeden gyzy Tawusa
näler hyrydar bakardy. Emma ony özi ýaly garyp ýigit üçin elýetmez
halka hasaplansoň, tamasy üzgünlidi. Ýöne oňa bolan söýgüsini
kalbyndan öçürip hem bilenokdy. Bu gün bolsa ... Eger han lebzinde
dursa, onda ussanyň dünýäde armany ýokdy.
Özi üçin gurlan köşgi synlamaga gelen han gyzy ussa sataşdy.
Onuň nazary ymaratda eglendi, ussanyň söýgüsini duýdy, birdenem
muhabbetden püre-pürlendi-de ussa tarap aýlandy. Ussany der basdy.
«Hanyň aýdanyny duýduraýsammykam? Aý, gowusy duýdurmaýyn-la».
-Bibim, niçik göwnüňize ýaradymy?
-Bu köşge diňe bir der siňdirilmändir. Bu diňe bir zehin bilen hem
döredilen ymarat däl. Muňa zehin bilen söýgüni goşup, dere eýläp
siňdiripsiňiz. Beýle ajaýyp zat dünýäde ýokdur.
-Şeýle ajaýyp zat diňe size mynasyp, bibim.
-Şeýle ymaratda oturjak gyz hem diňe ony guran ussa mynasyp.
Ýigit ýüreginiň gürsüldisine bäs gelip sözledi:
-Bibim, hudaý halasa, şeýle-de bolar. Ataň hem seni maňa bermäge söz
berdi. Ýöne men şeýle bir minara gurmaly-diýip düşündirdi.
Ussa bilini berk guşap işleýärdi. Joşgun bilen işleýärdi. Sähel
ýadajak bolsa, söýgülisiniň keşbi göz öňünde janlanýardy, biline
kuwwat gelen ýaly bolýardy. «Şeýle ymaratda oturjak gyz hem diňe ony guran ussa mynasyp». Bu sözler onuň gulagynda ene hüwdüsi ýaly
ýaňlanýardy...
Dowamy bar...