AÝTYOGLY NEDIRBAÝ
(1895-1937)
Türkmenistan SSR-niñ İlkinji Prezidenti
Annaguly Artykow
Balykçynyň Ogly: Hazar deňiziniň gaýra taraplary gür gamyşlyga, gyrymsy ot-çöplere basyrylyp otyrdy. Ondan aňryk bolsa aňyrsy-bärisi görünmeýän giň sähra ýayýlyp gidýärdi. Ol ýerlere barmak aňsat iş däldi. Gündogar tarapdan bu ülkäni gyrmançaly garnyýaryk çökekliginiň adam sekmez kert kenaryna baryp direýän Üstýurt giňişligi goraýar. Ol giňişlik Maňgyşlagy Üstýurtdan hem onuň aňyrsyndaky ekerançylyk meýdanlaryndan bölüp ayýrýar. Üstýurduň aýaklaryndaky iň golaý suwly-ösümlikli ýerlere ýetmek üçinem
kerwen, suwsyz çöl bilen aýlanyp ýol sökmelidi. Ol wagtlar Maňgyşlakda balykçylar ýaşaýardy. Daşyndan görseň
balykçylaryň obalary hem Orta Aziýadaki beýleki ýüzlerçe obalardan onçakly tapawutlanyp duranokdy. Parahat oturan hatar öýleriň arasynda mal-garalar gezip ýörerdi. Obanyň ümsümligini diňe wagtal-
wagtal gelýän geçegçileriň we öýlere suw paýlap ýören arabaçylaryň gykylygy bozardy. Maňgyşlakdaky şeýle obalaryň birinde 1895-nji yýlda garyp balykçy
Aýty aganyň (Aýtaganyň) maşgalasynda bir perzent dünýä gelýär.
Bäbegiň adyna-da Nedir (Nedirbaý) dakýarlar. Ata-enesi gülüp baksada, durmuş Nedirbaýjygyň ýüzüne gülüp bakmandyr. Ol, ýaşlygyndan mätäçligiň ejirini çekmeli bolupdyr. Nedirbaý, bäş ýaşyny dolduran wagty, onuň kakasy, dogany bilen deňizde gark bolup ölýär.
Maşgalada galan alty sany göz monjugy ýaly çagany ekläp-saklamak işi Nedirbaý bilen ejesi Durdybikäniň boýnuna düşýär.
Şol, "günüň güýçliniňki, gowurganyň dişliniňki" bolan wagtlary alty oglany ekläp-saklamak, terbiýelemek ýalňyz aýal üçin aňsat iş däldi.
Oglanlaryna ölmez-ödi çörek gazanmak üçin, Durdybike, bir bayýň gapysynda hyzmatçy-işçi bolup işlemäge mejbur bolýar. Bayýň halysyny dokaýar, gapysyny süpürýär, malyny bakýar, şeýdip ol, agyr durmuşyň öňünde ýan bermeýär we arman-ýadaman işleýär.
Nedirbaý kiçijikliginden ýüzmegi, gayýk sürmegi, at minmegi öwrenýär we fiziki taýdan sagdyn adam bolup ýetişýär, onda adamkärçiligiň oňat häsiýetleri kemala gelýär.
Tutanýerli, başlan işini bitirýän Nedirbaý ýaşlygyndan okamagy öwrenýär, ol ylaýta-da Türkmen-Rus gatnaşyklarynyň taryhyny öwrenýär.
Nedirbaý, 12 ýaşyndaka, Maňgyşlakda açylan Rus-Türkmen ýerli mekdebine girýär. XVIII. asyryň ahyrlarynda, Maňgyşlakdaky türkmenleriň 1800 maşgaladan ybarat bölüminiň Rus raýatlygyny kabul etmäge mejbur bolandyklaryny ol bilýärdi. XIX. asyryň
ahyrlarynda-da, Maňgyşlakly türkmenleriň ýene bir toparynyň rus raýatlygyna geçmäge mejbur bolup ýüzlenendiklerini Nedirbaý bilýärdi. Ol, 1910-nji yýla çenli mekdepde okady. Mekdebe gitmeýän
wagtlary Nedirbaý, araba bilen suw daşap öýlere paýlaýardy. ýöne 1910-nji yýldaky gurakçylyk, çarwa maldar türkmenlere gaty kyn günleri getirdi. Agyr işler bilen meşgul bolan Nedirbaý 1916-nji yýlda
Garahassalyga duçar bolan wagty hojayýny ony işden çykardy.
Nedirbaýa ýoldaş-türkmenler kömek edip ol, aýaga galýança ony eklediler, oňa göz-gulak boldylar. Şondan soň Nedirbayýň özi balykçy bolýar we gün güzerana göwsini gerýär.
1917-nji yýlyň başlarynda Zaryzmyň günleriniň sanalgydygyna we
ynkylabi işlere aktiw gatnaşmaklary gerekdigine göz ýetiren Nedirbaý,
1921-nji yýlda, Sowetleriň Krasnowodski gurultayýna wekil edip saýlanýar. ýöne ol, näsaglygy zerarly gurultayýň işine gatnaşmaýar, şeýle-de bolsa ony ijraýa komitetiniň agzalagyna saýlaýarlar
(gayýbana).
Nedirbaý, 1921-nji yýlda kommunistlik partiýanyň hataryna girýär we 1922-nji yýlda-da, Krasnowodski İjraýa Komitesiniň başlygy edip
saýlanýar.
Ol wagtlar Krasnowodskide täze durmuş möwç alýardy. Nedirbaý, hemme ýere barmaga, hemme ýerde bolmaga ýetişýärdi. Ol, zähmetkeşleriň mitinglerinde çykyş edýärdi. İşçileriň, balykçylaryň öýlerine barmaga, olaryň durmuş ýagdayý bilen içgin tanyşmaga-da wagt tapýardy.Olaryň arza şikaýatlaryny üns bilen diňleýärdi, olara gerek bolan zerur kömegi berýärdi. Ony, uludan-kiçi tanamaýan ýokdy, halk ony sylaýardy. Nedirbaý, Türkmenistan Welaýat
Şurasynyň Gurultayýna işeňňir gatnaşýardy. Ol, Orta Asiýa
jumhuriýetleriniň arasynda milli bölünişik geçirmeklige gaty işeňñir gatnaşýardy.
1925-nji yýlyň 25-nji Fewralynda Türkmenistan Sowet Sosýalistik
Jumhuriýetiniň Milli İjraýa Komitesiniň birinji uly yýgnagy bolup geçdi.
N.Aýtyogly ýolbaşçylygynda geçirilen bu yýgnakda, MİK-niň ýolbaşçy agzalary saýlandy we Nedirbaý 1937-nji yýla çenli oňa ýolbaşçylyk etdi. Ol, ýurdyň abadanlaşdyrylmagy ugrunda jan çekdi we hemme halkyň dilini tapmagy başardy. TSSR-iň ilkinji prezidenti N.Aýtyogly, köpüň adamsydy. Ol, 1937-nji yýlda şahsiýet kultunyň nähak gurbany
boldy. ýöne ol, türkmen halkynyň ýüreginden hiç wagt çykmady.
(Sowet Edebiýaty Jurnaly Iyul-1966)
BAÝRAMALY HAN
(.... - 1785)
Baýramaly han Marynyň hökümdary bolupdyr. Ol, Maryda Gajarlaryň
agalygyny berkleşdirmek ugrunda göreşipdir. Salyr we Saryk türkmenleri bilen hem belli bir derejede hyzmatdaşlyk edipdir.
Baýramaly hanyň döwründe Maryda ekerançylyk, hünärmendçilik we söwda ep-esli derejede ösüpdir. Şialar bilen sünnileriň göreşiniň ýitileşmegi netijesinde Baýramaly hanyň Buhara emirligi bilen aragatnaşygy ýaramazlaşypdyr. 1785-86-njy yýllarda Şamyrat Welnami Buharadan Mara iki sapar ýöriş edipdir. İlkinji söweşde
Baýramaly han (1785) wepat bolupdyr. Soňra onuň ogullary, garyndaşlary we Mary şäherinde ýaşaýan müňlerçe gajarlar Buhara sürlüp äkidilipdir. Köne Mara suw ýetirýän Soltanbent galasy,
sakçynyň dönüklik etmegi netijesinde weýran edilipdir. Şäher suwsyz galyp, ýurtda açlyk-gedaýçylyk başlapdyr.
Şamyrat ogly Din Nasyr begi Mara häkim edip belläpdir. Baýramaly han ölenden soň, Maryda gajarlaryň agalygy synyp başlapdyr we 1807-nji yýlda tekeler gajarlaryň iň soňki bölegini Maşada
göçüripdirler. Şondan soňra welaýat doly suratda türkmen taýpalarynyň eline geçipdir.
Baýramaly şäheriniň demirgazyk-gündogaryndaky köne Marynyň
galyndylarynyň bir bölegi hem Baýramaly han galasydyr. Baýramaly han galasy diýlip atlandyrylsa-da, ol galany Baýramaly han saldyrmandyr. 15-nji asyryň birinji ýarymynda Abdylla han galasy salnypdyr, ikinji ýarymynda bolsa (agsak Timur döwründe) Baýramaly
han galasy salnypdyr hem-de bu iki gala utgaşypdyr, bilelikde bolsa Baýramaly han galasy diýip atlandyrylypdyr.
Harp ýalñyşlary bar bolsa bagyşlarsyñyzda!