sahet_ashyrov
14.01.2020 08:59
DIÝAR KÜÝSEGI
Ussaguş uzak wagtlyk sergezdançylykdan soň öz ülkesinde ölmek,
Ürgenjiň topragyna duwlanmak arzuwy bilen Watanyna dolanypdyr.
Şoňa çenli ol köp ýurtlarda örän ajaýyp ymaratlar gurupdyr, şägirtler
ýetişdiripdir.
Ussaguş Ürgenje dolanyp gelýär. Indi oňa ölüm howp salmaz.
Ondan bäri Ürgenjiň hökümdarlary näçe gezek çalyşdy. Onsoňam goja
ussa soňky arzuw-şu toprakda ölmek arzuw bilen gelýär ahyry?! Onsoň
oňa Ürgenjiň bir daban ýeri, bir gysym topragy halal ahyry.Çagalykdan göze siňen meýdanlar kalba ýakyn. Ussaguşyň olara
bagryna basasy, gujaklasy gelýär. Hol-ha, öz eli bilen bina eden
minarasy onuň dolanyp gelýänine şatlanýan ýaly, salgym atyp gol
bulaýar. Metjit-medreseler, ussanyň elinden çykan zatlaryň hemmesi
«Ürgenç topragy saňa halaldyr-halal» diýýän ýaly. Horezm şa
göriplikden ussany ýok etmek islänem bolsa, sada halk ony gowy
gorýärdi ahyry?!
Ussaguş Ürgenje dolanyp gelýär. Nämedir bir zat onuň gojalan
göwnüne ýylylyk berýän ýaly-la? Ussaguş birmahal şazada Törebeg
hanymy söýüpdi. Şazada gyz hem öz söýgüsini diňe hünärment ýigide
bagyşlapdy. Ýöne ykballaryny birleşdirmek dürli sebäplere görä, olara
miýesser bolmandy. Törebeg hanym baradaky şo-ol ýakymly ýatlamalar
oňa lezzet berýär. Ol bütin ömrüne birmahal Törebeg hanymy söýeni
üçin özüni bagtly saýyp, gaýybana söýgüsine çoýunyp gezipdi. Ussaguş
diňe bir Watanyna däl, özüniň gadymky söýgüsine hem dolanýar.
Ürgenç Ussaguşy gujak açyp garşylaýar. Tanyş-bilişleriniň,
şägirtleriniň, dogan-garyndaşlarynyň şatlygynyň çägi ýok. Olar
Ussaguşyň diýara dolananyna begenýärler. Ýogsam, näme, bürgütlerem
öljek wagty öz gaýasyna dolanýar-a?!
Törebeg hanym dünýäden öten ekeni. Mert gyz öz söýgüsine
wepalylygyna galypdyr. Ölmezinden ozal:
-Ussaguş mert ýigitdir. Ölmezinden öň diýara dolanar. Mertler Watany
unudýan däldir. Ony meniň bilen ýanaşyk jaýlaň-diýip, wesýet edipdir.
Ussaguş bu habary eşidip, gaty hapa boldy. Ol Törebeg hanymyň
üstüne entek hiç ýerde bolmadyk üýtgeşik bir gümmez galdyrmagy
özüne borç hasap etdi. Ussaguş şägirtleriniň goldawyna daýanyp, oňa
soňky zehinini siňdirdi. Minaranyň günbatar ýüzünde alnyňa
sylybermeli ajaýyp ymarat seleňläp galdy. Adamlar gümmeziň diňe bir
adamlykdygyna geň galyp, Ussaguşa soragly bakypdyrlar. Ol
pespälligini edipdir:
-Şazada şalar bilen ýatmalydyr. Garamaýak garamaýak bilen. Her
niçigem bolsa, men onuň wesýetine garşy bolup bilmen. Meni
gümmeziň gapdalynda jaýlasynlar.
Ussaguş Törebeg hanymyň özünden saýlanyp durmagyny isläpdir.
Bütin ömrüne gezişi ýaly, onuň egin deňlemegine öz elinden gelýän
zatda-da göwnne laýyk bilmändir. Ussaguşyň näme üçin beýle
edýändigini has anyklap soranlarynda bolsa ol şeýle diýipdir:
-Meniň guýýan kerpijimde berklik bardyr. Emma şalaryň lebzinde
berklik bolmaz. Özlerine ýer tapmadyk günleri meni ýene çykarypzyňarlar. Soňky arzuwym Ürgenjiň bir gysym topragynyň
buýurmagydy. Şol arzuwyma ýetsem bes. Törebeg hanym bilen men
kyýamatda sataşmaly bolduk.
Köp wagt geçmänkä, Ussaguş dünýäden ötüpdir. Ony öz wesýetine
görä, gümmeziň gapdalynda jaýlapdyrlar. Şeýdip Ussaguş pespälligini
öz ölümi bilen hem ýene bir gezek subut edipdir.
5
387
Myhman Myhman
15 Yanwar 2020
Gyzykly
Myhman Myhman
14 Yanwar 2020
Öran gowy ???
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.