ABDYRAHYM HAN
(1556-1622)
Belent mertebeli kakasy Baýram han ýaly hanlaryň hany diýen
hormatly ada eýe bolan Abdyrahym Rahym", meşhur şahyr, alym,
serkerde diplomat hökmünde hem tanylypdyr. Beýik Mogollaryň
üçünji hökümdary Ekber şahyň ýakyn egindeşi Abdyrahym han, 964-
nji Hijri (1556-nji Miladi) yýlynyň sapar ayýnyň onunda çarşenbe güni
Hindistanda eneden bolýar. Ol 1,5 ýaşynda atadan galypdyr. 1561-nji
yýlda Baýram han öldürilenden soňra, Ekber onuň dul galan aýaly
Selime Soltan begim bilen öýlenýär we Abdyrahyma-da hossarlyk
edýär. Abdyrahymyň ejesi Selime Soltan begimiň öziňde Mahfi edebi
lakaby bilen şygyrlar ýazypdyr. ýaş oglany birnäçe yýlyň dowamynda
Baýram hanyň dostlary (türkmenler, hindiler) terbiýeläpdirler.
Ekberiň buýrugy bilen tiz wagtdan Abdyrahymy Ahmetabatdan Agra
geçiripdirler. Şeýlelik bilen, kiçijik Abdyrahym Mogollar köşgüne
düşýär, şol ýerde ymykly bilim alýar. Abdyrahymy terbiýelemek işi
bilen ýalňyz bir musulman alymlary däl, eýsem onuň aňyna bütin
Hindistana söýgi duýgusyny ornaşdyran Hindi panditleri (alymlary)
hem meşgullanypdyrlar. Abdyrahym, arap, pars, hindi, urdu, türkmen
dillerini ýagşy öwrenipdir. Bu dillerde ajayýp şygyrlar döredipdir.
Esasanam ol hindi dilindäki edebiýatda genial şahyr diýen şöhrata eýe
bolupdyr. Hindi edebiýatynda onuň şöhraty ägirt uly bolupdyr.
Abdyrahymyň hindi dilindäki "Madanaştak-Biçak joşgunly duýgular
hakyndaky şygyrlar" we "Ras Pançahýan-Krişnanyň horunyň bäş
aýdymy" ýaly çeper eserleri şu güne çenli Hindistanda uly şöhrata eýe
bolup gelýär.
Abdyrahym hanyň türkmen we pars dillerindäki eserleri ýaşan
döwründe-de ondan soňra-da neşir edilmändir, öwrenilmändir we
toplanmandyr. Şahyriň türkmen, pars dillerindäki şygyrlary, onuň
hindi dilindäki myrasynyň ujypsyzja bölegi bolup durýar. onuň döwürdeş adamlaryna türki dilde hatlar ýollanlygy we Zahireddin Muhammed Babyryň pars dilindäki "Babyrnama" adly meşhur işini
terjime edenligi görkezilýär. Abdyrahym han, 1622/26-nji (miladi)
yýlda aradan çykypdyr.
ARAPMUHAMMED HAN
Arapmuhammed han, 1602-1621-nji yýllarda Hywada hanlyk edipdir.
Ol ilki Durunyň hökümdary, kakasy Hajymuhammed han ölenden
soňra-da, bütiň Hywanyň hany bolýar. onuň höküm süren döwründe
Horezmde gazaply gandöküşikli feodalçylyk uruşlary bolupdyr. Şol
uruşlara türkmen han-begleri we taýpalary köpçülikleýin
gatnaşypdyrlar. Şol uruşlar Horezmi we bütin Orta Asiýany Rus
döwleti bilen baglanyşdyrýan söwda ýollaryny, ýer-suwy, syýasy
häkimiýeti eýelemek maksady bilen alnyp barlypdyr.
Arapmuhammed han halkyň suwa bolan mätäçligini ýeňilleşdirmek,
olaryň bu ugurdaky gaýgylaryny aradan çykarmak üçin 1602-nji yýlda,
Amyderýanyň aşak akymynda, Nukusyň demirgazyk tarapynda uly
kanal gurdurypdyr. Emma buda suw ugrundaky göreşi gowşadyp,
suw gytçyygyny kanagatlandyrmandyr.
Arapmuhammed han döwründe Horezmde ilki türkmen han-begleri
agalyk ediji ýagdayý eýeläpdirler, emma soňra birwagtlar bu ýerden
göçüp giden goňratly, maň-ytly özbek taýpalary we başgalar Horezme
gaýdyp gelipdirler. Şol taýpalaryň hanňbegleri özleriniň ozalky agalyk
ediji ýagdayýny eýelemek ugrunda dawa edip başlapdyrlar.
Arapmuhammed han, talaplary kanagatlandyrmandyr. Şoňa göräde,
naýmanlar we uýgurlar Arapmuhammed hana garşy bolupdyrlar.
Arapmuhammed hanyň ogullary Hebeş we İlbars bolsa şolara
daýanyp öz kakalaryna garşy çykypdyrlar.