okyyjy
28.03.2025 15:42
Bilgiçlere ynanyñ! / satiriki hekaýa
Dowamy...
Ak ezýaka köýnekli, ak sakgally, ak guş ýaly bolup oturan gojanyň gözleri nurlanyp gitdi.
— Han ogul, haramydan el çek. Orramsylyk edip ähli gazanan zatlaryňy yzyna gaýtar. Şeýtseň, bu keselinden saplanarsyň, ýogsam… Jan gerekmi, pyçak diýleni boldy. Bä, näme etsemkäm, içimi gürledip öýe geldim. Ähli baýlygym, gazananym tereziniň bir gapdalyna mündi. Şeýdip, bu zatlardan el ýuwaýmaly bolarmyka?
Bilgijiň diýenini edip, hemme zadymy orta goýsam, ýaralarym aýrylarmyka. Ol deýýus meni oýnap ýören däldir-dä. Synanaýyn, peýda etmese….
Şarňyldap duran jaýymy içiniň goşlary bilen kolhozyň çagalar bagyna berdim. Mal-garalardan dyndym. Iküç sany maşynym bardy, olaram tabşyrdym. Aý, garaz, sopbaş özüm galdym. Ýöne ýaralarymyň ýeňleýän zady ýok. Der-gazaba münüp bilgijiňkä bardym. Onuñ göwni bir ýaly, gaýtam ýylgyrdy-da:
— Han ogul, egniňdäki eşikleňňem öz daban azabyňdan däl ahbetin. Gaty görme, ählisini çykar-da, me, ynha, şujagazy geý diýip, ol sary giden köneje jalbary öňüme oklady. Men beýleki otaga geçip çalşyryndym. Elbetde, bilgijiň beren jalbary meniň diñe uýat ýerlerimi ýapdy diýäýmesem, syrlaşyp dur. Ýöne endamymdaky ýaralar welin, walla, ynanmarsyňyz, edil pyçak bilen syrylyp aýrylan ýaly boldy. Sypba sypyrlaýdy. Bir hili dünýäm giňäp gitdi, yüküm ýeňledi.
Bäý-bä-ä, bilgiçlere ynanmazçylyk etmeli däl eken. Olara ynanmaly how, ynanmaly!
Täçmämmet JÜRDEKOW, Türkmenistanyñ halk ýazyjysy.
Soňy
6
58
okyyjy
27.03.2025 23:56
Bilgiçlere ynanyñ! / satiriki hekaýa
Dowamy..
Näme jogap berjegimi bilmän, lukmanyň ýüzüne soragly seretdim.
— Näme, iýen zatlaryň ýadyňa düşenokmy? Bananmy, kaktusmy, almamy? Umuman, daşary ýurtlardan getirilýän miwelerdir dürli ir-iýmişler hemme kişä ýarabam duranok. Başarsaň… Wah, kelläm gursun, paňkelle. Onuň aýdanlaryna düşünmän, özümi heläkläp oturypdyryn. Özüm ili aldap ýörendirin welin, neden ahmal galypdym. Hernä düşünişdik wagtynda.
Ol üç-dört sany derman ýazyp berdi. Içinde içmelisem bar, endamyňa çalmalysam. Ýeser lukman eken, osmakladyp oturmady, gönüsini gürledi. Agam, bu dermanlary heläk bolup dermanhanalardan gözläp ýõrmegin, öňi-soňy tapmarsyň.
Jygyllyga barsaň bardyr. Size ýene-de bir ýatlatjak zadym, azajyk bokurdagyňyza buýruň. Bäş gün zat iýmäniñizde-de hiç zat bolmaz.
Lukmanyň maslahatlaryndan mas ýüklenip, öýe geldim. Aýdylan-diýlen zatlary etdim. Wah, dermany derrew tapdym-la. Puluňy gysganmasaň, öyüňe-de getirip berýärler. Ýöne onuň aýdanlarynyň nepi degmedi. Ýene şol lukmanyň ýanyna bardym. Ol başyny ýaýkap, kellesini ýolaýjak boldy. Dodaklaryny çommaldyp sygyrdy. Onuň bolup durşuny görüp, meseläniň yüzleý däldigine düşündim. Ýa keselhana saljak bolýamyka? Ýok, ol ýene-de meniň garaşmaýan zadymy aýtdy.
— Men şu ugurdan kandidatlygy gorap, alym bolanam bolsam, beýle- beýle zatlary heniz göremok. Gaytam öňküsinden beterläpdir-ä bi. Agam, sen gowusy bilgije görün… — Tebibemi? — diýip, men onuň aýdanlaryna düzediş berjek boldum.
— Ýok-yok, bilgije. Munyň ahyrzaman-la how, gowulygyň nyşany däl. Alar bi, seni.
Nätjek, itiň dertli bolmasyn diýleni. Gum eteginde ýaşaýan Baýram bilgijinkä bardym. Ol kän gürleýän adam däl eken, oña ähli zat aýan bolarly. Ýüzüme çiñerilip seretdi-de:
— Aýdan zatlarymy edip biljek bolsañ aýtjak, ýogsam — diyip, ol sözüni soñlaman goýdy.
— Wah, diliñ gymyldasa bolýa. Aýdan zadyňa aňryýany bilen hötde gelerin, arkaýyn bol — Ýok, gowusy aytmaýyn. Ýalañaç galarsyň.
Bilgijiñ mus-musuna gaty gowy düşünmedim. Näme, ol maña goly ýukadyr öýdýämikä?? Şuña özümiñ kimdigimi aýdaýyn-la.
— Baýram aga, arkaýyn bol, men başlyk bolup işleýän. Hudaýa şükür… — Bilýän-bilýän. Maña ähli zat ayan, elimiň aýasynda ýaly, görnüp dur. Gadymy patyşalaryň köşgüne gaýra dur diýýän jaý saldyranyňam bilýän. Seň süri goýnuny kimiñ bakyp ýöreninem aýdyp biljek. Şäherdäki garyndaşlaň howlusynda bukup saklaýan daşary ýurt maşynyňy… Ine, bilgiç diýip muña diyseň. Öz ýadyma düşmeyān zatlaram aýdyp otyr. Keselden saplanjagyň çynyň bolsa, bilgijiň şertine kaýyl bolmaly.
— Dur-dur! — diýip, men ony sakladym, özümiň ähli zada razydygymy aýtdym.
Ak ezýaka köýnekli, ak sakgally, ak guş ýaly bolup oturan gojanyň gözleri nurlanyp gitdi.
— Han ogul, haramydan el çek. Orramsylyk edip ähli gazanan zatlaryňy yzyna gaýtar. Şeýtseň, bu keselinden saplanarsyň, ýogsam…
Dowamy bar..
Täçmämmet JÜRDEKOW
Türkmenistanyñ halk ýazyjysy.
4
43
okyyjy
26.03.2025 21:53
Bilgiçlere ynanyñ! / satiriki hekaýa
Wah, oña ýetesi näme bar, ol belli zat-la, başarsaň kesellemejek bolmaly. Hany, beýle bagt hemişe ýetdirip duryamy?! Onsoñam ol seniñ erk-islegiñe ýa wezipäñe, baylygyňa-da garap duranok, ýakañdan ebşitläp tutýa-da, aldym-berdime salyberýär. Ýogsam, baýlyga gezek gelse, haýsy bela-beteriň öñünde durmaly bolsa durup biljek. Magtanmak üçin aýdýandyr öýtmäñ, Hudaýa şükür, elim uzadan ýerime ýetýär.
Dagy näme, näçe ýylyň başlygy bolup yörün. Hawa, hawa, giden uly bir hojalygyň ýolbaşçysy. «Tüf» diýsem, tüýküligim ýere gaçanok, öz siňegimi özüm gorap bilýän.
Ýöne… Hawa, kesel diýilýän nägehanyň haýsysy bolanda-da, onuň yüzüne ot degsin. Bi, örgün-ä O-of, meniň ýanymda şonuñ bir gürrüňini etman, low-low ýanyberýän. O kesel baryp ýatan allajy eken. Walla, bi meni gotur açana dönderdi, gars-gars gaşanyp ýörmeli Seredin, bi endamymdaky gyzyl-gyzyl tegmillere, atyljak wulkan ýaly, bulduraşyp durlar. Özi aýrylarmyka öýdüp, başda baş galdyrmadym. Gaýtam gitdigiçe beterledi, tutuş endamym petir bezān ýaly. Ýok, munuň bilen oýun etmeli däl, derrewjik ugruna çykmaly, lukmanlara görkezmeli, ýogsam..
Lukman başyny ýaýkap-ýaýkap, endam-janymy synlady-da, sag eliniň süýem barmagy bilen ýag garynjasy ýaly, topbaryp duran kindiwanja murtuny dyrmalady.
— Be-ýe, bi nämeden beýle bolýakan-aý? — diýip, ol açyk duran penjireden daşaryny synlady.
Ýogsa-da, bi, ýaňky soragy kime gönükdirdikä? Otagda ikimizden başga janly-jemende ýok. Belki, ol öz-özi bilen gürleşýändir.
Onuň nämeden bolýanyny, name üçin bolýanyny bilsem, haraý isläp, seniň ýanyňa geljekmi?! Haý, berebekgeý, aý, şu lukmanlaňňam käbiri, bolýa-da, ýöne. Ol soragyny dowam etdirdi.
— Soňky döwürde iýen zatlaňňy sana?!
O-hohow, bi asyl mundan çykdy-ow. Oslagsyz berlen sorag menin aňkamy aşyrdy. Lukman diýip prokuroryň ýanyna geläyen däldirin-dä, hernä. Meniň iýen zatlarym bilen näme işiň bar?
Olaryň haýsy birini sanaýyn. Ýolbaşçylyk edýän kolhozymy onki süňňüne çenli gemirdim, ýykdym. Süri-süri malyny ýuwutdym.
Indem kolhozy döwlet önünde bergidar diþip dargatsalar, özüm satyn aljak. Dagy näme, ýeňiyoluk daýhanyň gurby çatar öydyäňmi oňa.
Be, bi meniň iýen zatlarymy name etjekkä? Aslynda, meniň bu keselime onuň näme dahylly yeri barka? Dek soňky on günüñ içinde ýigrimi adama mellek yeri berip, hersinden çildim ep-eslijäni. Kolhozyň araky geçiren toýunda-da doýup galdym. Bir goýnuň yerine on goýun öldürdim diýip ýazaňda-da, towugyňa «tok» diýýän yok. Gadymy ertekidäki böwen jik ýaly, lak-luk atylýan zatlar kändir. Iýen zatlarymy sanasaň sogaby bardyr.
Näme jogap berjegimi bilmän, lukmanyň ýüzüne soragly seretdim.
Dowamy bar...
Täçmämmet JÜRDEKOW
Türkmenistanyñ halk ýazyjysy.
9
112
okyyjy
25.03.2025 08:50
Hezreti Mahawyň kyssasy / satiriki hekaýa
Dowamy..
Ondan galsa diňe dogabitdi mahawlygy galmalydy.
Garaşylan gün gelip ýetdi. Halk köpçüligi şol şäheriň iň uly meýdançasyna ýygnanypdy. Märekeden ýaňa aýak basara ýer ýokdy.
Çak edilişinden gelen adamlar ýüz müňdenem geçipdi.
Meýdançanyň çar künjüne ses gataldyjy kolonkalar goýlupdy.
Hormatly Mahaw hezretleri bilen il-günüň başy diýilýän tanymal adamlar meýdançanyň iň uly münberinde seteran düzülip durdylar. Dublýor hemişesikisi ýaly hormatly Mahaw hezretleriniň çep tarapyndan yzda durupdy hormatly Mahaw hezretleri öňünde düzülip goýlan dokuz mikrofondan çar ýana ýaýraýan nutugyna başlapdy. Onuň aýdýan sözleri şeýle bir gülkünçdi welin, dublýor gülmejek bolup özüne zordan erk edýärdi. Münberde duranlardanam, märekedenem ses-üýn, gymyldy-hereket duýlanokdy. On müňlerçe adam bir göz-bir gulaga öwrülipdi we hormatly Mahaw hezretleriniň samramalaryny diňleýärdi. Dublýor köpçüligiň gykuwlamagyna, sykylyk atmagyna, gülmegine garaşyp duranam bolsa, nutugyň iň samsyklaç ýerinde märekeden şowhunly el çarpmalar ýokary göterildi welin, şol güne çenli bolan el çarpmalaryň barsy hiç zat bolup galdy. El çarpyşmalardan ýaňa asman ýere düňderiläýjek ýalydy. Şäheriň jaýlarynyň penjireleri şakyrdap gitdi, “Uzak ýaşa!” sesleri zemini sarsdyrýardy. El çarpmalardyr alkyşly seslerden ýaňa hormatly Mahaw hezretleriniň näme aýdýandygyny we kime ýüzlenýändigini biler ýaly däldi. Dünýä döräli bäri hiç bir adam jemgyýetinden beýle güwwüldi, beýle galmagal, beýle gykylyk eşdilmändi.
Hormatly Mahaw hezretleriniň nutugy gutarandan we ol münberden çekilenden soňam ýarym sagatlap şowhuny ýatmadyk märekäniň joşgunly gykylygy we şowhunly el çarpmalary diňer ýaly däldi.
Hormatly Mahaw hezretleri köpçüligiň bu oňyn goldawyna we alkyşly sözlerine şeýle bir buýsandy welin, bular ýaly nutugy taýýarlandygy üçin dublýoryna minnetdarlyk bildirdi. Il-günüň başy diýilýänlerem ýene bir kere beýle täsirli çykyşy taýýarlandygy üçin hormat bilen onuň elini gysdylar.
Dublýor bolup-geçýän zatlara düşünip bilenokdy. Şonuň üçin ol muny ýene bir gezek synap gördi. Bu gezek başga bir çykyş üçin has samsyklaç nutuk ýazdy. Bu nutugyň ilkinji iki jümlesini köçe žurnalistiniň jynsy meýili oýandyrýan habaryndan aldy.
Yzyna ýokary okuw jaýlarynda okadylýan hukuk gollanmasynyň çem gelen ýerinden bäş-on setir ýelmedi. Onuňam yzyna meşhur aktrisanyň žurnalda çykan söýgülisiniň erkek däldigini aýdýan sözlerini goýdy, nahar bişirilişini gürrüň berýän kitapdan dolamanyň nähili taýýarlanşyny we şular ýaly birgiden bolgusyzlyklary doldurdy.
Netije hasam täsin boldy. Hormatly Mahaw hezretleri näçe samsyklaç gürledigi saýy, şonça köp el çarpylýardy. Dublýor köpçüligiň arasyna girip, olaryň Mahaw hezretleriniň edýän çykyşy üçin nämeleri aýdýandyklaryny bildi. Olar şeýle diýýärdiler:
— Berekella, hemme zady bilýär!
— Berekella, gaty kän zat bilýär!
— Berekella, bilmeýän zady ýok!
— Berekella, bize hemme zady öwredýän şu!..
Muny gören dublýor kän pikir edip gezdi. Ahyrynda şu netijä geldi: bu ýurtda hormatly Mahaw hezretleri mahawlykda ýeke däldi. Onuň ýaly nijeme mahaw bardy. Elbetde, şunça mahawyň başyna-da şular ýaly bir hormatly Mahaw hezretleri gerekdi.
Hökman gerekdi. Dublýor ýene pikir etdi. Bu ýurtda hemmeler birden mahaw bolýan bolsa, bir özi mahaw dälmidi? Beýle bolmaga haky ýokdy. Şeýle bolsa, onda Mahaw hezretleriniň sözleriniň samsyklykdygyna düşünýän adamlar niredediler?
Sorady-idedi, gözledi, tapdy. Olar hormatly Mahaw hezretleriniň mahawlyklaryny görmezlik, eşitmezlik üçin ýygnanşyklara gelmeýärdiler, öýlerinden çykman oturanlaryny gowy görýärdiler. Olar Mahaw hezretleriniň nämeleri samraýandygyny ondan-mundan eşdip gülüşýärdiler we pikir edýärdiler.
Dowamy bar..
7
26
okyyjy
24.03.2025 22:19
Dowamy..
Dublýoryň wezipesi doly aktýorlaryň wezipesi ýaly-da däldi. Pereňli ýazyjy Edmon Rostanyň “Sirano de Beržerak” atly spektaklynda bolşy ýaly dublýoryň wezipesi hormatly Mahaw hezretlerine öňünden ýazylyp goýlan teksti bermelidi. Ol şu maksat bilen onuň nutuklaryny taýýarlaýardy. Hormatly Mahaw hezretleri nirä gitse-de dublýoryny ýanyna alyp giderdi we nirde çykyş etse-de dublýory ýazyp, oňa bererdi. Nämüçindir hormatly Mahaw hezretleri dünýä-de görlüp-eşdilmedik ýaňra bolanlygyndan dygysyz gürlärdi. Gürlände-de bokuny böregine garardy. Nirde märeke görse, saklanyp bilmän, gürlemäge başlardy. Şeýle çykyşlarynyň birinde dublýory hemişe yzdan çep tarapda durardy we gulagyna nämeleri aýtmalydygyny, soraglara näme jogap bermelidigini pyşyrdardy. Hormatly Mahaw hezretleri-de gulagyna çawuş çalynan zatlary köpçülige aýdardy. Diňleýjiler hormatly mahaw hezretleriniň hemme zat barada hemme zady bilşine haýran galýardylar. Diňleýjiler bokurdaklaryny ýyrtara getirip “Uzak ýaşa!” diýip gygyrardylar, elleri gabarçak atýança çapak çalardylar. Olar şol güne çenli ençeme bilimli adam görenem bolsalar, hormatly Mahaw hezretleri ýaly hemme zat barada hemme zady bilýän we hemme ugurda gürläp bilýän başga birini görmändiler. Ol baran ýeriniň halkyna şol ýeriň taryhyny, geografiýasyny, hemme zadyny gürrüň bererdi, öwrederdi. Din, ybadat, arheologiýa, turizm, aýal-erkek deňligi, ekerançylyk, nähili nahar iýmeli, köçe-ýol hereketi, dünýewilik, başga-da birgiden zatlar… Gürrüň bermeýän, öwretmeýän zady ýokdy.
Görseňizläň, adam ogly çig süýt emen-dä. Dublýory belli bir wagt geçenden soň hormatly Mahawyň etegine bukulyp gezesi gelmedi. Dublýor şeýle pikir edýärdi: Hemme zady özi bilýärdi.
Eger özi okamasa, ýazyp bermese, işlemese, bilen zatlaryny ýanynda durup gulagyna pyşyrdamasa, hormatly Mahaw hezretleri sammyk-summyk edip dilini çeýnäp durubermelidi. Şeýtse-de, halk onuň şobada gykuwlap, sykylyklap, belki-de kowalap masgarasyny çykaraýmalydy. Ýeri, näme üçin, ol onsoň hormatly Mahaw hezretleriniň etegine bukulyp gezmeli?
Dublýor şeýle bir oýun oýnamagy netine düwdi welin, eger bu amala aşaýsa, hormatly Mahaw hezretleriniň derege ýaramaýan sansyz adamdygy äşgär bolmalydy. Günlerde bir gün Mahaw hezretleri dublýoryny ýanyna çagyryp, ýurduň iň uly şäherinde we halkyň öňünde möhüm ähmiýetli çykyş etjekdigini, şonuň üçinem şähere we şäheriň halkyna ýüzlenip nutuk taýynlamagy tabşyrdy. Dublýoryň gözläp ýören pursaty gelip ýetipdi. Bolar-bolgusyz, yzy öňüne-öňi yzyna sepleşmeýän, bir sözi beýlekisine gabat gelmeýän, aklyndan azaşanyň samramasyndan has beter samraýan, ýalan-ýaşrykdan doly şeýle bir nutuk ýazdy welin, märeke Mahaw hezretleriniň üstünden hezil edip gülmelidi, masgaralamalydy, sykylyk atmalydy. Ol Mahaw hezretleri gürlände yzynda durup, başga-da bulaşyk tekstleri bermek arkaly bulam-bujar etmelidi. Şondan soň Mahaw hezretleriniň “hormatlylygy-da”, “hezretligi-de” galmaly däldi. Ondan galsa diňe dogabitdi mahawlygy galmalydy.
Dowamy bar...
6
15
okyyjy
24.03.2025 08:51
Hezreti Mahawyň kyssasy / satiriki hekaýa
Rawyýany ahbar we nakylany asar, andag rowaýat kylarlar ki, owal zamandamy ýa häzirki zamandamy ýa-da soltan palamudyňmy* ýa bilmedim welin, näçenji mahmudyň döwründemi, ýurduň birindemi ýa bolmasa dünýäniň haýsydyr bir ýerindemi, her haçan we her nirde bolsa-da, bolşundan bäşbeter utanç-haýasyz, tebigaty görlüp-eşdilmedik derejede hilegär, akylsyz we kelesaň biri-de bolsa, mekir we gepi-sözi tüýdük, özi hoňk biri bardy. Günäsi, ýazygy bilýänleriň we aýdýanlaryň boýnuna bolsun welin, onuň ýaly haýwany eneler häzire çenli ýalňyşybam doguran däldir diýýärler. Ýokary bilim alandygyna güwä geçýän diplomy bar bolsa-da, diplomynyň nämedigini bilenok. Okap-ýazyp bilýänem bolsa, eline ýeke kitap alyp görenok. Goluny çekmekden başga ýazgy ýazyp bilýän adam däl. Musulmansyrap gürleýänem bolsa, maňlaýyny sejdä degirip görmedik binamaz. At üçin alynan birgiden derejeleriň, orden-medallaryň, nyşanlaryň eýesi. Aň taýdan perişan, sammyk-summyk gürleýän, akym diýmeli bolanda okum diýýän, (sözüm mejlisden daşgaryn), şeýle bir mahaw, kelesaň, özünden göwnühoş, kemter biridi welin, tarypyny söz bilen beýan etmek mümkin däl. Elmydama tizgahar, alňasak, geleňsiz, iniharam bolup, hemişe eden işini şart-şurt we howul-hara ederdi.
Edenine däl diýip bolmaz, Hudaý elmydama bular ýalylara “sür, döwrany” diýenliginden, muňa-da “sür-r-r” diýipdir. Şondan bärem hormatly Mahaw şeýle bir sürüpdir, şeýle bir sürüpdir welin, yzyna eýgerip bileniň janyna berekella! Şeýdibem ol iliň öňüne we iň esasy ýere geçipdir. Şol ýurduň halky-da ony başlaryna täç edipdir we mynasyp ýerlerine dykaç edipdir.
Egri oturyp, dogry gürleşeliň. Egrä egri, dogra dogry diýeliň.
Bu hormatly Mahawyň inkär edip bolmajak bir artykmaçlygy bar, hakykatyň hatyrasyna ony boýun almak gerek. Ol işleýän, okaýan, öwrenýän, bilýän adamyň gadryny bilerdi we şeýle adamlardan peýdalanmagy başarardy. Talyp döwründe ähli ekzamenlerde hemişe işleýän, okaýan, öwrenýän, bilýän kursdaşynyň ýanynda oturyp, ondan sözme-söz göçürmek arkaly hiç zat etmezden, okamazdan, öwrenmezden, bilmezden kurslaryny suw ýaly geçipdi, okuwyny gutarypdy, diplomyny alypdy. Indem ömürboýy işbu tilsimini ulanyp, üstünlikden üstünlige ylgapdyr we häzirki eýeleýän belent ornuna gelip, hormatly Mahaw bolupdy. Häzirem ýene şol tilsimini ulanýardy. Edil kinoaktýorlaryň dublýorlarynyň bolşy ýaly, kino surata düşürilende howply epizodlarda hakyky aktýoryň ýerine şu dublýorlaryň geçişi ýaly-da. Hormatly Mahaw hezretleriniňem özbaşyna dublýory bardy we bu dublýor işleýän, okaýan, öwrenýän, bilýän adamdy. Emma özi üçin däl-de, hormatly Mahaw hezretleri üçin işleýärdi, şonuň üçin okaýardy, öwrenýärdi we bilýärdi. Hormatly Mahaw hezretleri okamasa-da, işlemese-de, ýatan çöpüň başyny galdyrmasa-da, dublýory onuň doly tersine işleýärdem, okaýardam, öwrenýärdem, bilýärdem. Dublýoryň wezipesi doly aktýorlaryň wezipesi ýaly-da däldi.
Dowamy bar...
7
39
okyyjy
23.03.2025 09:16
Wah, biz eşekler… / satiriki hekaýa
Eşek milletiniñ ir döwürler adam milleti ýaly geplän, häzirki ýaly aññyrmaýan, özbaşyna eşek diliniñ bolan, bu diliñ «öli dile» öwrülip «aññyrylmaga» başlanmazdan öñki döwrüniñ kyssasy Wah, biz eşekler… Wah, biz eşekler… Biz eşek milleti-de siz adam milleti ýaly gepleýän ekenig-ä. Nädip beýle baý eşek dilimiz ölüpdir, nädip öli dile öwrülipdir, soñ biz eşekler aññyrmaga başlapdyrys. Muny… bilesiñiz gelse gürrüñ bereýin.
Bir gün ýaşuly eşekleriñ biri gök otluk meýdanda ýeke özi otlap ýören eken… Hem otlapdyr, hem eşek dilinde aýdyma hiñlenipdir. Birdenem burnuna ys gelipdir. Ýöne gelýän ysam gowy ys däl, möjegiñ ysy eken.
Ýaşuly eşek tumşugyny ýokary dikip, uludan ysyrganypdyr. Hawa, gelýän ylaýyk möjegiñ ysy eken-dä.
— Aý ýok-la, möjek däldir — diýip, özüne göwünlik berip otlamagyny dowam etdiripdir.
Möjegiñ ysy barha güýjeýärmiş. Diýmek, möjek golaýlaşyp gelýän bolmaly. Möjegiñ golaýlaşyp gelýänligi ölümiñ gelýänligini añladýar… Ýaşuly eşek:
— Möjek däldir, möjek bolmaga haky ýok — diýip hüñürdäpdir. — Bilýän-ä, bu gelýän möjek däl… Ol kellesini öwrüp seretse, möjek ýalaw ýaly dişlerini gyjyrdadyp, agzynyñ hyllygyny akdyryp yz tarapdan okdurylyp gelýärmiş. Ýaşuly eşek ýalbarmaga durupdyr:
— Eý Beýik Tañrym, bu gelýän möjegem bolsa, möjek bolmasyn-da!
Möjek däl-le, beh, menem biderek gorkup otyryn. — Ol: — Wah, meniñem samsykdygymy — diýýärmiş. — Ýabany pişige möjekdir öýdüp gaçýan-a. Ýok, möjek däl… Bar güýji bilen gaçýan eşek bir ýandanam şeýle diýýärmiş:
— Möjegem bolsa, möjek däldir. Enşalla, däldir. Ýok-la, garagöz, nämüçin möjek bolsun… Kellesini öwrüp yzyna seretse, möjegiñ gözüniñ uçganaklap durandygyny görüpdir. Eşek ýazzyny beripdir, hemem:
— Walla kessin, möjek däl. Alla haklaşdyrsyn, möjek däl — diýip hüñürdeýärmiş.
Aç möjek aýpalta ýaly dişleri bilen eşegiñ sagrysyndan dişläp, budundan lomaýja bölek goparyp alypdyr. Jan awusyna ýere ýykylan eşegiñ birdenem dili tutulypdyr. Bilip duran eşek dilini gorkusyna ýatdan çykarypdyr. Möjek onuñ boýnuna, gerdenine agyz urupdyr. Eşegiñ hemme ýerinden gan pürkülip akypdyr. Ine, şondan soñ eşek:
— Ah-waheý, möjek eken-ä! Waý, şol eken-ä! Özi eken-ä şoñ! — diýip gygyrmaga başlapdyr. Möjek ony böleklemäge durupdyr.
Eşegem dili tutulandygy üçin diñe:
— Aýý, şol eken. Aaa, oo-ii, Aaa-iii. Aaai-iii! — diýip iñläpdir.
Ine, şol günden soñam biz eşek milleti geplemegi, gürlemegi ýatdan çykarypdyrys. Duýgylarymyzy, pikirlerimizi aññyrmak arkaly düşündirmäge başlapdyrys. Şol ýaşuly eşek howp guýrugynyñ astyna gelip direýänçä öz-özüni aldamadyk bolanlygynda bizem gepläp bilerdik.
Wah, biz eşekler, wah, biz eşek milleti:
— Aaaa-i, aaa-iiii… Eziz NESIN.
1958 ý.
Terjime eden: Has TÜRKMEN. Satiriki hekaýalar
11
102
okyyjy
22.03.2025 07:04
Bagt (polýak tymsaly)
Category: Filosofiýa
Bu waka üç dogan bilen baglanyşykly. Olar hemişekileri ýaly, gün-güzeranyň gözleginde alys ýurtlara gitmegi ýüreklerine düwýärler. Ýöne maslahat edip, syýahata gezekli-gezegine gitmeli edipdirler. Düşnükli ýagdaý — ilki bilen uly dogan ýola düşýär.
Egrem-bugram ýol bilen gidip barýan uly doganyň öňünden ullakan bir çukur çykypdyr. Seretse, çukuryň içinde kimdir biri otyrmyşyn. Uly dogan ondan: «Kim sen?» diýip sorasa: «Men — bagt» diýip jogap beripdir. Uly dogan geň galyp, çukura seredip duruberipdir. «Saňa näme gerek?» diýip bagt ondan sorapdyr. Uly dogan biraz pikirlenip: «Baý bolasym gelýär» diýip jogap beripdir. Bagt onuň aýdyşy ýaly edipdir.
Şeýdip, uly dogan begenip, yzyna — öýlerine tütjar baý bolup dolanypdyr. Ýolda onuň öňünden ortanjy dogany çykypdyr. Bolan zatlary eşidip, ol hem şol çukuryň ýanyna barypdyr. Bagt oňa-da şol bir sowaly beripdir. Ortanjy dogan bagtdan bir gözel gyzy gelinlik hökmünde sorapdyr. Şeýlelikde, gezek doganlaryň kiçisine-de ýetipdir. Ol çukuryň agzyna baran badyna bagt:
«Saňa näme gerek?» diýip sorapdyr. «A saňa näme gerek?» diýip, doganlaryň kiçisi onuň özüne sorag beripdir. «Wah, şu çukurdan çykybilsem bolýar» diýip, bagt jogap beripdir. Körpe dogan bagty çukurdan çykarypdyr-da, ýoluny dowam etdiripdir. Bagt hem onuň yzyna düşüberipdir.
Rus dilinden terjime eden Gurbangeldi HOMMADOW, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.
9
83