Bilgiçlere ynanyñ! / satiriki hekaýa
Dowamy..
Näme jogap berjegimi bilmän, lukmanyň ýüzüne soragly seretdim.
— Näme, iýen zatlaryň ýadyňa düşenokmy? Bananmy, kaktusmy, almamy? Umuman, daşary ýurtlardan getirilýän miwelerdir dürli ir-iýmişler hemme kişä ýarabam duranok. Başarsaň… Wah, kelläm gursun, paňkelle. Onuň aýdanlaryna düşünmän, özümi heläkläp oturypdyryn. Özüm ili aldap ýörendirin welin, neden ahmal galypdym. Hernä düşünişdik wagtynda.
Ol üç-dört sany derman ýazyp berdi. Içinde içmelisem bar, endamyňa çalmalysam. Ýeser lukman eken, osmakladyp oturmady, gönüsini gürledi. Agam, bu dermanlary heläk bolup dermanhanalardan gözläp ýõrmegin, öňi-soňy tapmarsyň.
Jygyllyga barsaň bardyr. Size ýene-de bir ýatlatjak zadym, azajyk bokurdagyňyza buýruň. Bäş gün zat iýmäniñizde-de hiç zat bolmaz.
Lukmanyň maslahatlaryndan mas ýüklenip, öýe geldim. Aýdylan-diýlen zatlary etdim. Wah, dermany derrew tapdym-la. Puluňy gysganmasaň, öyüňe-de getirip berýärler. Ýöne onuň aýdanlarynyň nepi degmedi. Ýene şol lukmanyň ýanyna bardym. Ol başyny ýaýkap, kellesini ýolaýjak boldy. Dodaklaryny çommaldyp sygyrdy. Onuň bolup durşuny görüp, meseläniň yüzleý däldigine düşündim. Ýa keselhana saljak bolýamyka? Ýok, ol ýene-de meniň garaşmaýan zadymy aýtdy.
— Men şu ugurdan kandidatlygy gorap, alym bolanam bolsam, beýle- beýle zatlary heniz göremok. Gaytam öňküsinden beterläpdir-ä bi. Agam, sen gowusy bilgije görün… — Tebibemi? — diýip, men onuň aýdanlaryna düzediş berjek boldum.
— Ýok-yok, bilgije. Munyň ahyrzaman-la how, gowulygyň nyşany däl. Alar bi, seni.
Nätjek, itiň dertli bolmasyn diýleni. Gum eteginde ýaşaýan Baýram bilgijinkä bardym. Ol kän gürleýän adam däl eken, oña ähli zat aýan bolarly. Ýüzüme çiñerilip seretdi-de:
— Aýdan zatlarymy edip biljek bolsañ aýtjak, ýogsam — diyip, ol sözüni soñlaman goýdy.
— Wah, diliñ gymyldasa bolýa. Aýdan zadyňa aňryýany bilen hötde gelerin, arkaýyn bol — Ýok, gowusy aytmaýyn. Ýalañaç galarsyň.
Bilgijiñ mus-musuna gaty gowy düşünmedim. Näme, ol maña goly ýukadyr öýdýämikä?? Şuña özümiñ kimdigimi aýdaýyn-la.
— Baýram aga, arkaýyn bol, men başlyk bolup işleýän. Hudaýa şükür… — Bilýän-bilýän. Maña ähli zat ayan, elimiň aýasynda ýaly, görnüp dur. Gadymy patyşalaryň köşgüne gaýra dur diýýän jaý saldyranyňam bilýän. Seň süri goýnuny kimiñ bakyp ýöreninem aýdyp biljek. Şäherdäki garyndaşlaň howlusynda bukup saklaýan daşary ýurt maşynyňy… Ine, bilgiç diýip muña diyseň. Öz ýadyma düşmeyān zatlaram aýdyp otyr. Keselden saplanjagyň çynyň bolsa, bilgijiň şertine kaýyl bolmaly.
— Dur-dur! — diýip, men ony sakladym, özümiň ähli zada razydygymy aýtdym.
Ak ezýaka köýnekli, ak sakgally, ak guş ýaly bolup oturan gojanyň gözleri nurlanyp gitdi.
— Han ogul, haramydan el çek. Orramsylyk edip ähli gazanan zatlaryňy yzyna gaýtar. Şeýtseň, bu keselinden saplanarsyň, ýogsam…
Dowamy bar..
Täçmämmet JÜRDEKOW
Türkmenistanyñ halk ýazyjysy.