okyyjy
25.03.2025 08:50
Hezreti Mahawyň kyssasy / satiriki hekaýa

Dowamy..

Ondan galsa diňe dogabitdi mahawlygy galmalydy.
Garaşylan gün gelip ýetdi. Halk köpçüligi şol şäheriň iň uly meýdançasyna ýygnanypdy. Märekeden ýaňa aýak basara ýer ýokdy.
Çak edilişinden gelen adamlar ýüz müňdenem geçipdi.
Meýdançanyň çar künjüne ses gataldyjy kolonkalar goýlupdy.
Hormatly Mahaw hezretleri bilen il-günüň başy diýilýän tanymal adamlar meýdançanyň iň uly münberinde seteran düzülip durdylar. Dublýor hemişesikisi ýaly hormatly Mahaw hezretleriniň çep tarapyndan yzda durupdy hormatly Mahaw hezretleri öňünde düzülip goýlan dokuz mikrofondan çar ýana ýaýraýan nutugyna başlapdy. Onuň aýdýan sözleri şeýle bir gülkünçdi welin, dublýor gülmejek bolup özüne zordan erk edýärdi. Münberde duranlardanam, märekedenem ses-üýn, gymyldy-hereket duýlanokdy. On müňlerçe adam bir göz-bir gulaga öwrülipdi we hormatly Mahaw hezretleriniň samramalaryny diňleýärdi. Dublýor köpçüligiň gykuwlamagyna, sykylyk atmagyna, gülmegine garaşyp duranam bolsa, nutugyň iň samsyklaç ýerinde märekeden şowhunly el çarpmalar ýokary göterildi welin, şol güne çenli bolan el çarpmalaryň barsy hiç zat bolup galdy. El çarpyşmalardan ýaňa asman ýere düňderiläýjek ýalydy. Şäheriň jaýlarynyň penjireleri şakyrdap gitdi, “Uzak ýaşa!” sesleri zemini sarsdyrýardy. El çarpmalardyr alkyşly seslerden ýaňa hormatly Mahaw hezretleriniň näme aýdýandygyny we kime ýüzlenýändigini biler ýaly däldi. Dünýä döräli bäri hiç bir adam jemgyýetinden beýle güwwüldi, beýle galmagal, beýle gykylyk eşdilmändi.
Hormatly Mahaw hezretleriniň nutugy gutarandan we ol münberden çekilenden soňam ýarym sagatlap şowhuny ýatmadyk märekäniň joşgunly gykylygy we şowhunly el çarpmalary diňer ýaly däldi.
Hormatly Mahaw hezretleri köpçüligiň bu oňyn goldawyna we alkyşly sözlerine şeýle bir buýsandy welin, bular ýaly nutugy taýýarlandygy üçin dublýoryna minnetdarlyk bildirdi. Il-günüň başy diýilýänlerem ýene bir kere beýle täsirli çykyşy taýýarlandygy üçin hormat bilen onuň elini gysdylar.
Dublýor bolup-geçýän zatlara düşünip bilenokdy. Şonuň üçin ol muny ýene bir gezek synap gördi. Bu gezek başga bir çykyş üçin has samsyklaç nutuk ýazdy. Bu nutugyň ilkinji iki jümlesini köçe žurnalistiniň jynsy meýili oýandyrýan habaryndan aldy.
Yzyna ýokary okuw jaýlarynda okadylýan hukuk gollanmasynyň çem gelen ýerinden bäş-on setir ýelmedi. Onuňam yzyna meşhur aktrisanyň žurnalda çykan söýgülisiniň erkek däldigini aýdýan sözlerini goýdy, nahar bişirilişini gürrüň berýän kitapdan dolamanyň nähili taýýarlanşyny we şular ýaly birgiden bolgusyzlyklary doldurdy.
Netije hasam täsin boldy. Hormatly Mahaw hezretleri näçe samsyklaç gürledigi saýy, şonça köp el çarpylýardy. Dublýor köpçüligiň arasyna girip, olaryň Mahaw hezretleriniň edýän çykyşy üçin nämeleri aýdýandyklaryny bildi. Olar şeýle diýýärdiler:
— Berekella, hemme zady bilýär!
— Berekella, gaty kän zat bilýär!
— Berekella, bilmeýän zady ýok!
— Berekella, bize hemme zady öwredýän şu!..
Muny gören dublýor kän pikir edip gezdi. Ahyrynda şu netijä geldi: bu ýurtda hormatly Mahaw hezretleri mahawlykda ýeke däldi. Onuň ýaly nijeme mahaw bardy. Elbetde, şunça mahawyň başyna-da şular ýaly bir hormatly Mahaw hezretleri gerekdi.
Hökman gerekdi. Dublýor ýene pikir etdi. Bu ýurtda hemmeler birden mahaw bolýan bolsa, bir özi mahaw dälmidi? Beýle bolmaga haky ýokdy. Şeýle bolsa, onda Mahaw hezretleriniň sözleriniň samsyklykdygyna düşünýän adamlar niredediler?
Sorady-idedi, gözledi, tapdy. Olar hormatly Mahaw hezretleriniň mahawlyklaryny görmezlik, eşitmezlik üçin ýygnanşyklara gelmeýärdiler, öýlerinden çykman oturanlaryny gowy görýärdiler. Olar Mahaw hezretleriniň nämeleri samraýandygyny ondan-mundan eşdip gülüşýärdiler we pikir edýärdiler.

Dowamy bar..
7
26
okyyjy
25 Mart 2025
Eziz NESIN, türk ýazyjysy. _____Terjime eden: Has TÜRKMEN.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.